Progres.Online

Türkmenistanda çaga edinmek we çaganyň genderini saýlamak islegi

2001-nji ýylda, Nuran Hortasçu, Şaron S. Bastug we Öwezdurdy B. Muhammetberdiýew (Gara deňiz we Merkezi Aziýa gözleg merkezi we Türkiýäniň Orta Gündogar Tehniki Uniwersiteti) “Türkmenistanda we Azerbaýjanda çaga edinmek arzysy: ogul seçimi we gymmatlyklary gazanmak üçin serişde” atly gözlegi çap etdi. Gözleg Türkmenistanda we Azerbaýjanda çaga edinmegiň ähmiýeti baradaky pikirleri derňeýär. Awtorlaryň gelen netijesine görä, türkmenistanlylar çaga meselesine däp-dessurçyl garaýarlar we azerbaýjanlara seredende ogul edinmegi gyz edinmekden has ileri tutýarlar.

Gözleg we metodlar

  • Gözlegiň awtorlary Aşgabatdan 228 aýaldan we 176 erkekden, Azerbaýjanyň Baku şäherinden 355 aýaldan we 240 erkekden sowalnama aldylar.
  • Sowalnama gatnaşan türkmenistanlylaryň 98%-i nikaly (ilkinji nikasy). Gatnaşyjylaryň hiçisi biri-biri bilen nikaly däl.
  • Türkmenistanly gatnaşyjylaryň arasynda erkekler aýallardan has bilimli.
  • Azerbaýjanly gatnaşyjylaryň umumy bilim derejesi türkmenistanlylaryňkydan ýokary eken.
  • Awtorlar sowalnama gatnaşyjylara çaga we nikalaşmak temalarynda birnäçe soraglar berdiler.
  • Näçe çaga edinmek islegi, çagalaryň nikadaky ähmiýeti, ilkinji çagany planlamak, gyz ýa oglan çaga seçimi ýaly soraglar berildi.
  • Sowalnamada maliýe howpsuzlygy, başgalaryň kabul etmegi/hormatlamagy, durmuşdan lezzet almak/gowy wagt geçirmek, maşgala ýakynlyk, ýeke bolmazlyk/dostlaşmak, durmuşda üstünlik gazanmak duýgusy, ölümden soň hatyra saklamak, maşgalanyň adyny dowam etdirmek ýaly gymmatlyklary çagalaryň nähili ösdürýändikleri soraldy. Şeýle hem, gatnaşyjylaryň bu gymmatlyklara nä derejede ähmiýet berýändigi soraldy.

Netijeler

  • Türkmenistanly gatnaşyjylar köplenç gyz çaga seredende ogul edinmegi ileri tutýarlar.
  • Türkmenistanlylaryň aglabasy ilkinji çaganyň ogul bolmasyny isleýärler.
  • Türkmenistanly erkekler aýallara garanyňda iň uly çagasynyň oglan bolmasyny arzylaýarlar.
  • Türkmenistanly gatnaşyjylar maliýe howpsuzlygy, durmuşdan lezzet almak, maşgala ýakynlygy, dostlaşmak, üstünlik duýgusy, ölümden soň ýatlama, nesil dowamaty meselesinde ogullary gyzlardan has gymmatly hasaplaýarlar.
  • Türkmenler köplenç çagalara maşgala durmuşynyň möhüm bölegi ýaly seredýärler we durmuş gurandan soň dessine çaga edinmek isleýärler. Bu Oguz türkmen maşgalasynda däp bolan nebere modeline eýermekdir.
  • Türkmenistanly erkekler aýallara garanyňda has kän çaga edinmek isleýärler.
  • Emma, soňky 20 ýylda Türkmenistanda dogluş derejesi peseldi. Munuň ençeme ýyldan bäri, aýallaryň jemgyýetdäki ornuny artdyrmak synanyşyklary bilen bagly bolmagy ahmal.
  • Umuman, gözleg şäherleşmäniň we aýallaryň statusynyň näçe çaga edinjegine we oglan ýa gyz çaganyň ileri tutulmasyna täsir edip biljekdigini ýüze çykardy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: