Progres.Online

Ret edilen haklar: Daşary ýurtdaky Türkmenleriň ykbaly nähili?

Türkmenistan üçin Köptaraply döwürleýin syny (KDS) taýýarlanýarka birnäçe raýat jemgyýet gurmalary, Türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň haklaryny hormatlamaýandygyny we goramaýandygy babatynda ynjalyksyzlyk bildirdiler.

Türkmen we Halkara raýat jemgyýet guramalarynyň hasabatlary Human Rights Watch (adam haklarynyň goragçysy), Crude Accountability (Halkara ekologiýa guramasy), Günorta Kaliforniýa Uniwersitetiniň Adam hukularyny goraýjy topary we Ýewraziýa üçin Azatlyk bilen bilelikdäki memorandumy, şeýle hem Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň (IPHR) we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy topary (TIHR) bilen bilelikde taýýarlan hasabatlary berildi. Bu hasabat Türkiýedäki Türkmen migrantlarynyň çykgynsyz ýagdaýyny we statusyny öz içine alýan birnäçe adam hukuklary hakydaky meseleleri gozgadylar.

Pasportlar: Daşary ýurtda ýaşaýan Türkmen raýatlaryna öz konsullyklarynda pasportyň möhletini uzaltmak ýada täzelemek hiç hili mümkin däldir we munuň üçin olar ýurduna gitmäge mejburdyrlar. Covid-19 döwründe Türkmenistana syýahat etmek mümkin däldi we Türkmen raýatlarynyň köpüsiniň pasportunyň möhleti gutarypdy. 2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň ilçihanasy pasportuň möhletini wagtlaýyn uzaltmak üçin möhürçe (ştamp) çykaryp başladylar. Emma beýle uzaldylan pasportlar kanuny taýdan hakyky resminama hökmünde kabul edilmedi we ençeme türkmen Türkiýäniň içinde we daşyna syýahat edip bilmediler.

Dogluş hakda şahadatnama: Türkmenistanyň konsullyklarynda Türkmen migrantlarynyň Türkiýede dogulan çagalaryna dogluş hakda şahadatnama berilmeýär, bu bolsa olaryň konstitusion hukularyny bozmak bolup durýar. Ata-eneler özlerniň bäbeklerine dogluş hakda şahadatnama arza bermek we almak üçin Türkmenistana gitmeli.

Türkiýä wiza tertibi: 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen hökümetiniň talap etmegine görä Türkiýe döwleti Türkmenistan bilen wizasyz syýahat etme režimini bes etdi. Möhleti gutaran pasportlar we täze girizilen wiza tertibi netijesinde ýüz müňlerçe Türkmen Türkiýede bikanun we resminamasyz galyp, agyr ýagdaýa düşdiler. Bu bolsa olaryň hiç hili resmi goragynyň, saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ýokdugyny aňladýar we iş gözlemek ýada ýurdyň içinde arkaýyn hereket etmek ýaly meselelerde kynçylyklara duçar bolýarlar. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkiýede kanuny esasda 230.000 golaý Türkmen raýaty ýaşaýardy. Emma hakyky sany has köp bolup biler.

Merhumlaryň watana dolanmaklygy (repatriasiýa): Türkiýede ölen Türkmen raýatlaryny yzyna ugratma hyzmatlarynyň ýoklugy olary Kilos we Köln ýaly mazarlarda köpçülikleýin jaýlamalara getirdi. 2020-nji ýylyň mart aýynda 50 gowrak türkmenistanly zaýalanan arakdan zäherlendiler we öldüler. COVID-19-dan bolsa näçeräk Türkmenistanly raýatyň öleni belli däl. 2023-nji ýylyň fewralynda Türkiýede bolan weýrançylykly ýer titremede ölen Türkmenistanly raýatlaryň sany näbelli. Kanuny taýdan güýçsiz pasportlaryň bolanlygy zerarly ölenleriň şahsyýetini tanamak ýada yzyna, ýurduna ugratmak gaty kyn boldy. Türkmenistanyň hökümeti bu maşgalalara öz ýakynlaryny ýurduna äkitmäge we däp-dessura görä jaýlamaga ýardam etmedi. Şunuň bilen birlikde parahatçylykly ýol bilen Türkmen hökümetine närazylyk bildiren käbir türkmenistanly migrantlar yzarlandy, uruldy we olaryň Türkmenistandaky maşgalalaryna haýbat atyldy.

Köptaraply döwürleýin syny (KDS) gözegçilik prosesi barada

KDS, BMG-yň Adam hukuklary baradaky komitetiniň her 4.5 ýylda bütin BMG agza ýurtlarynyň adam hukulary ýagdaýyny gözden geçirmek üçin özara hyzmatdaşlyk derňew prosesidir. Türkmenistan 2018-nji ýylda üçünji tapgyr KDS hasabatyny berdi we 193 rekomendasiýadan 172 kabul etdi.

Türkmenistan üçin gözden geçirişiň dördünji tapgyry 2023-nji ýylyň 6-10 Noýabry aralygynda bolar. 2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň hökümeti BMG şertnama organlary üçin halkara hasabatlary taýýarlamak üçin özüniň köp ýyllyk hyzmatdaşy UNDP (BMG-niň Ösüş Maksatnamasy) bilen birlikde KDS-iň dördünji tapgyryna degişli halkara hasabatyň ilkinji taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem bolsa, 2023-nji ýylyň awgust aýynda hasabat tabşyrylmalydygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýörüte web-sahypasynda henizem elýeterli däldir.

KDS iş topary öz bahalandyrmasyny we maslahatlaryny üç resminama esaslandyrar: 1) Türkmen hökümeti tarapyndan berilen halkara hasabat, 2) BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň düzen hasabaty, 3) HGG-yň (Hökümetden garaşsyz guramalar) taýýarlan özbaşdak hasabatlar. 3,5 sagatlyk gepleşikde Türkmenistanyň wekilleri öz ýurdunyň hasabatyny görkezer, beýleki BMG agza ýurtlarynyň ýazmaça we dilden soraglaryny jogaplar, şeýle hem haýsy rekomendasiýalary kabul etjekdiklerine karar bererler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: