Progres.Online

Onlaýn gurşawda destruktiw wagyzçyny nädip saýgarmaly?

Dini gymmatlyklary wagyz edýän ruhanylar we şahslar köpçülik bilen aragatnaşyk saklamak üçin sosial mediýa ulanýarlar. Destruktiw dini täsir şahsy we milli howpsuzlyga howp salýar.

“Din mazmunda destruksiýa (weýran etmek) – şahsyýeti, maşgalany, jemgyýeti we ahyrynda, döwleti weýran etmäge / ýumurmaga gönükdirilen hereketlerdir. Destruktiw (weýran ediji) wagyzçylaryň özleri bu kesgitlemeden habardar. Şol sebäpli olar özlerini hoşniýetli we duýgudaş adamlar hökmünde görkezip, manipulýasiýa usullaryny ulanýarlar” – diýip, Gazagystanda ekstremizme we terrorizme garşy göreş boýunça ekspert Ýuliýa Denisenko belleýär.

Destruktiw şahsyýetleri tanamaga kömek edýän alamatlar:

  • Bir adam hakyky adyny we ýerleşýän ýerini gizlemegi;
  • Ýapyk toparlara goşulmagy we parollaryňyzy hiç kim bilen paýlaşmazlygy tabşyrmagy;
  • Wagyzçynyň çykyşy size nätanyş täze we düşüniksiz adalgalary ulanmagy;
  • Size derrew gözegçi (ýolbaşçy) bellemegi;
  • Size arzuwlaryňyzyň amala aşjagyny wada bermegi (bular diňe erteki).

Denisenko görä, eger ýokarda bellenilen alamatlary aňşyrsaňyz iň ýakymly tekliplerden hem ýüz öwürmek gerek. Destruktiw guramalaryň esasy güýji onuň agzalarydyr, esasanam gurama täze goşulan agzalarydyr.

Näme üçin beýle guramalar tejribesiz adamlara bil baglaýarlar?

Denisenko: “Wagyzçy gurama edýän teklibiniň düýp manysyny täze agza dolylygyna ýetirýänçä, şol wagyzçynyň özi hem bu teklibe ynanmaga başlaýar. Mundan başga-da, gurama agzalyga alýanlar potensial pidalar barada internetde elýeterli bolan ähli maglumatlary öwrenýärler. Olar adamyň çylşyrymly soraglaryna ýönekeý jogap berýärler we iş, bilim, hatda öýlenmäge gyz ýa-da durmuşa çykmaga oglan tapyp bermegi teklip edýärler.” – diýip nygtaýar.

Täze agzalary özüne çekjek zatlaryň (mowzuklar, wadalar) iki aspekti bar: Birinjisi, guramanyň işiniň gerimi: söwda, syýasy, ruhy, psihologik bolup biler. Ikinjisi, potensial agzalaryň gowşaklygy.

Denisenkonyň bellemegine görä, destruktiw söwda guramalarynda girdejini artdyrmagy we işgärleri taýýarlamagy teklip edýärler. Psihologik mezhepler (культ) adamlara terapiýa berýän ýaly görkezip, agzalary bir idelogiýa tabyn bolmak ugruna ähli gymmatlyklaryny bermäge taýýar edýärler. Terror toparlaryny öz içine alýan syýasy guramalaryň ritorikalary jemgyýetdäki, syýasy ulgamdaky we ş.m. meselelere gönükdirilýär.

Onlaýn gurşawda destruktiw wagyzça eýermek ýa-da ony goldamak ekstrimist maglumatlary ýaýratmakda, maýyp etmekde we hatda öldürmekde aýyplanyp tussag edilmek ýaly erbet netijelere getirip biler.

“Destruktiw ideýalary wagyz etmek din we ynanç azatlygy däldir” – diýip Jemgyýetçilik gaznasy bolan “Hukuk media merkeziniň” ýuristi we “Media Qoldau” hukuk gullugynyň ýolbaşçysy Gulmira Biržanowa belleýär.

Gazagystanda destruktiw dini hereketler barada habar bermek üçin jaň merkezi (109) ilata hyzmat edýär. Hereketleriň pidalaryna bolsa dini alymlaryň we psihologlaryň goldawy berilýär.

Çeşme: Cabar.asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: