Progres.Online

Negatiw habarlary nähili dogry özleşdirmeli

Gaýga batmazlyk üçin näme etmeli?

Habarlary aktiw okamak we özüni oňat duýmak kyn bolup biler. Hem-de adam psihikasynyň şeýle aýratynlygy bar – biz negatiwe has köp üns berýäris – şeýlede bütin dünýäniň günlik tertibi töweregimizdäki garjaşyklykdan (haos) çetde durmaga ýol bermeýär diýen ýaly.

Masa Medya redaksiýasy Harmonia.kz hyzmatynyň psihology Ýelena Glotowa bilen hem akyl saglygyňy gorap, hemde nähili gündelik maglumatlardan habardar bolmalydygy barada gürrüň etdi.

Negatiw habaryň täsiriniň hetdenaşalygyny nähili düşünýäris?

Negatiw we pozitiw kesgitlemedir. Eger oýlanyşykly (rasional) bolany duýgulydan (emosional) bölüp aýyrsak, ýagny bir habar bar we birem biziň kesgitlemämiz, oňa berýän duýgy gaýtargymyz bar. Şeýlelikde käbir habar kişini gorkuzýan bolsa, emosional gaýtargysy güýçli bolar.

Alamatlar köplenç aşakdaky ýalydyr:

  • Boýdan başa gaýga batan ýaly duýmak;
  • Biri bilen habarlary elmydama “joşgunly” çekişmek;
  • Sustubasyklyk we göwnüçökgünlik;
  • Myşsalarda dartgynlyk.

Şeýle ýagdaýlarda stresiň beden alamatlary hem bar:

  • Egniňi gysmak;
  • Äň gataltma;
  • Dişleriňi berk gysmak;
  • Bogazyň dolmak;
  • Gursagyň gysylmak.

Näme üçin käbir kişi has köp gaýgylanýar käbiri az?

Stresiň hötdesinden gelmek ömrüň geçişinde emele gelýän endikdir. Eger bir kişi başgaça däl-de, bu görnüşde gaýtargy berýän bolsa – bu gutarnykly höküm däl.

Duýgy gaýtargylary köplenç şahsyýet görnüşine baglydyr. Käbir kişiler dogluşdan has ynjalyksyz, beýlekilerde duýgulary has durnuklydyr. Şeýlede kişiniň durmuşynda näme bolandygy / bolýandygy hem täsir edýär. Belki edil häzirki birnäçe stresli ýagdaýlar şahsyň halyna negatiw täsir edýändir – bu şertlerde durnykly kişiler hem maglumatlary başgaça özleşdirip bilýär.

Adam yzygiderli habarlara seretmek bilen nämäniň öwezini doldurmakçy bolýar?

Adatça gaýgynyň sebäbi bilmezlikdir. Eger adam bir zat bilmeýän bolsa, özüni köşeşdirmek üçin ýene habarlaryň akymyna çümýär.

Köplenç içimizde, habarlara seretmesek we dünýäde bolup geçýän wakalar bilen gyzyklanmasak, eger bir zat bolsa özümizi nähili alyp barjagymyzy bilmeris diýen gorky duýgusy bar.

Emma bu habarsyz oňmaýan ähli kişiler gaýgyly adam manysyna gelmeýär. Käbirileri gyzyklanýandygy üçin bellikleri rahat gözden geçirip biler. Bärde kişiniň özüni neneňsi gapdyrýandygy, özüni nähili alyp barýandygy, oňa niçik täsir edýändigi wajypdyr.

Başga mesele bolsa, häzirki zamanyň hakykaty habar akymynyň bir sekunt yzy üzülmeýänligidir. Üstesinede ähli maglumat çeşmeleri anyk we ahlak ölçeglerine laýyk maglumat bermeýärler. Gödek aýdanda adam köplenç akyl ýetirmän, howsalany artdyrýan maglumatlar bilen özüni doýurýar. Şol sebäpli tankydy pikirlenmek we maglumat çeşmelerini özüňe görä saýlamak möhümdir.

Habarlary seljermegiň dogry ýollary näme?

Duýguly klikbeýt (ýoýulan ýada üýtgedilen habar) duzagyna esaslanmaýan, hakykat dilinde maglumatlary berýän birnäçe habar çeşmesini saýlamaly. Bu çeşmeleriň öň ýalan we ýalňyş maglumatlary bermek ýaly hadysalara garyşyp-garyşmadygyny anyklamaly.

Diňe habarlary okamak üçin wagt aýyryp bilersiňiz – ýogsa yzygiderli habar akymynyň sahypalaryny gözden geçirip, bellikleri okap çykgynsyz maglumat çukuryna düşme we howasalany artdyrma töwekgelçilikleri bar. Bu ýerde bolsa, ähli maglumatlaryň öňünden ýygnalan we düşündirlen gündelik ýada hepdelik mazmunlary (дайджесты) size ýardam edip biler.

Başga bir ýoly – ýakynlarňyzyň birinden bilýän habaralarynyň mazmumyny gürrüň bermegini sorap bilersiňiz. Bu dogry ylalaşyk bolar.

Habarlary özüňiz we başgalary üçin howpsuz görnüşde nähili çekişmeli?

Çekişme – çendenaşa artyk habarlardan döreýän howsalany azaldýan sosial goldawyň bir görnüşidir. Kişi “men indi bu mesele bilen baş-başa däl” diýip pikirlenýär we bu ony köşeşdirýär. Ýöne habarlary siziň garaýyşlaryňyz we gyzyklandyrýan zatlaryňyz bilen pikirdeş bolan toparda çekişmek iň gowusydyr.

Bu toparda gözlerini hanasyndan çykaryp ýada agzyndan ak köpük saçyp öz garaýyşynyna ynandyrmak üçin şahsyýete dil ýetirýän we göwne degýän kişileriň bolmazlygy wajypdyr. Şeýle çekişmeler howpludyr.

Şeýle hem käbir kişiler gaty gürleýäp we dürli duýgular bilen joşgunly ýagdaýda öz pikirlerini paýlaşýarlar. Has dogrusy bu olaryň ýöne habarlardan ýaňa dolan duýgularyny dökmeginiň bir ýoludyr. Bu gorkuly däldir.

Söhbetde ýagdaýy dartgynlaşdyrmazlyk üçin haýsy sözlerden gaça durmaly?

Köplenç dartgynlyklara getirýän sözler ujypsyzdyr. Şol sebäpli aşakdaky sözlere üns beriň we olary ulanmaň:

  • “Sen hemişe..”. ýada “Sen hiç haçan..”.: Bu sözler umumylaşdyrýar we söhbetdeşiňizde goranma duýgusyny döredip biler;
  • “Sen hiç zada düşüneňok”: Bu kemsidiji sözdür, ynjatyp biler we dawa öjükdirip biler;
  • “Bu bolgusyz!” ýada “Seniň pikir edişiň samsyk”: Kesgitleýji sözler we söýleýişler köplenç dartgynlylyk we dawa meýillilik döredýär;
  • “Her kes aýdýar..”. ýada “Her kes bilýär..”.: Bu tassyklamalar umumylaşdyrma eltip biler we köpçüligiň pikiriniň ýalňyş düşünilmegine getirip biler;
  • “Belki sen has oňat pikir edersiň?”: Bu az pikirlenme bilen aýyplamak bolup, kemsidijidir;
  • “Bu samsyklyk” ýada “Bu akmaklyk”: Ýaramaz duýgy sypatlandyrmalary çekişmäni çylşyrymlaşdyryp biler;
  • “Dünýäniň nähili işleýändigini bileňok”: Bu göwnüýetmezçilikli tassyklamalar söhbetiň bozulmagyna getirip biler.

Muňa meňzeş sözleri ulanmagyň ýerine, ýumşak dilde sorag bermek we öz pikirleriňizi söhbetdeşiňize sylagly şekilde aňlatmak has ýerliklidir.

Wakalara gatnaşmaýandygyň üçin özüňi günäkär duýmazlygy nähili öwrenmeli?

Eger gaýgy duýgusynda galýan bolsaňyz onda birnäçe düşünjäni kabul etmeli: “Dünýäde bolýan ähli zatlara men täsir edip bilemok. Hemme zat maňa bagly däl. Dünýäniň bu ýagdaýda bolmagyna men günäkär däl”.

Eger bir zat bolaýan ýagdaýynda-da başgalaryna kömek etmäge mümkinçilik bolar ýaly, özüňe, hal-ýagdaýyňa we saglygyňa üns bermek köplenç has peýdalydyr.

Jogapkärçilik zolaklaryny bölmeli we hakykatda nirede, nähili kömek edip bolar ýada bolmaz aňmaly. Ruh halyny ähli zatlaryň nähili erbetligi we elhençligi barada boş çekişmelere sarp etmeli däl. Meselem, ýer titremesi ýada başga tebigy weýrançylyklar barada uly gaýgy bar bolsa, gumanitar kömek merkezini tapmaly we ol ýere geýim/iýmit/derman äkitmeli.

Öz hal-ýagdaýyň barada hem alada etmegi bes etmeli däl. Çünki köplenç hadysalardan güýçli täsirlenmek we howsala düşmek – ruh halyndaky başga gussanyň we çylşyrymlylyklaryň bardygynyň alamatydyr. Bu ýagdaýda daşarky wakalar – ýönekeý oýaryjydyr. Özüňize sorag beriň, ryh halyňyza gözegçilik ediň – içerki gam-gussalaryňyz bilen ýüzleşmekden gaçmaň.

Eger habarlara seretmegi çäklendirip bolmasa, stres artsa – nähili köşeşmeli?

Dem alyş tärleri baradaky maslahatlar duzy gaçan görünýän hem bolsa – olar täsirlidir. Aslynda dem alyşy dolandyrmak örän oňat usuldyr çünki bu bedeniň esasy funksiýasydyr. Kişi bu şekilde ünsüni özüne gönükdirýär, özi bilen baglanşygy gazanýar we köşeşýär. Özüni ugrukdyrýar we dolandyryp bilýän zadyň bardygyna düşünýär.

Üstesinede dogry dem almak fiziologiýa tarapyndan seredenimizde hem, beýinden başlap ähli organlary kisloroda baýlaşdyrýar we işleýişini gowulandyrýar. Bu örän wajypdyr. Sebäbi stresde, kişi gorkanda adatça dem alyş bozulýar, ýuwaşaýar. Gursak gysylýar, öýkendäki aýlanýan howanyň göwrümi azalýar, gandaky kislorodyň derejesi peselýär. Kislorodyň ýetmezçiligine beýin SOS (tiz kömek) duýduryşy bilen gaýtargy berýär we adrenalin bölünip çykýar, stres artýar.

Şonuň üçin dogry çuňňur we rahat dem alyş tehnikalaryna kembaha garamaň.

Rahatlygy endik etmek üçin näme etmeli?

Öz duýgularyňy aňlaýyş ukybyňyzyň üstünde işlemek – dogry we peýdalydyr. Muňa tablisa, gündelik ýöretmek bilen başlamak bolar. Haýsydyr bir hadysadan soň dörän pikirleri, duýgulary, häsiýetleri, fiziki täsirleri oňa ýazmaly.

Hemme zady şol bada ýazmak hökman däl, ýatda saklap günüň ahyrynda ýazyp bolar. Esasy zat – oňaýly we rahat bolmaly. Wagtyň geçmegi bilen sebäp we netije arabaglanşygy aýdyňlaşanda, özüňe we boluşyňa düşünmek has aňsatlaşýar.

Elbetde hiç hili habarlara seretmän bolar. Ýöne meseläni öwrenmekden gaçmak, göz ýummak – gowy karar däl. Habarsyz dynç almak üçin özüňe wagt aýyrmak has dogrudyr.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.