Progres.Online

“Türkmennebit” we “Türkmengaz” uly möçberde gaz ýakýar

Clean Air Task Force guramasynyň “Gazy ýakma jogapkärçiligi. Iri nebit we gaz kompaniýalary we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan global gaz ýakma” atly täze hasabaty 10 sany uly halkara nebit kompaniýasynyň global operasiýalarynda gazy ýakmasynyň täsirini nygtaýar.

Gaz ýakma – nebit we gaz gazyp alma we daşama wagtynda öndürilen artykmaç gazyň ýakylmagydyr. Gaz ýakmak işini çäklendirmek boýunça borçnamalara garamazdan, bu proses dowam edýär. Geçen ýyl dünýäde takmynan 145 milliard m3 (global tebigy gaz talabynyň 4%-i) gaz ýakyldy. Gazy ýakma gazy otlamakdan çykýan CO2 syzmalaryna, gazyň ýarym ýakylmagy netijesinde metan zyňyndylaryna we howanyň hapalanmagyna täsir edýär.

Hasabat dünýäniň öňdebaryjy milli nebit kompaniýalary tarapyndan gazyň ýakylmagyny we olaryň halkara nebit kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny seljerýär. Türkmenistanyň milli nebit-gaz kompaniýalary bolan “Türkmennebit” we “Türkmengaz” halkara öňdebaryjy nebit kompaniýalary bilen gazy ýakma ýerlerinde hyzmatdaşlyk eden 21 sany iri kompaniýanyň hataryna girmeýär. Emma, iki kompaniýanyň hem ýokary mukdarda gaz ýakýandygy habar berilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan dünýäde iň köp gaz ýakyjy 20 ýurduň arasyna girmeýär.

Italiýanyň iň uly nebit kompaniýasy bolan Eni Türkmenistanda operasiýalary bolan 10 sany öňdebaryjy halkara nebit kompaniýasynyň hataryna girýär. Kompaniýa ýurtda 3 million barrel töweregi çig nebit we gaz kondensaty öndürýär. Eni kompaniýasynyň Türkmenistanda ýakma derejesi takmynan 1 m3/barrel nebit bolup, bu Türkmenistanyň ortaça 19 m3/barrel nebit ýakma derejesinden ep-esli pesdir. Şeýle-de bolsa, hatda 1 m3/barrel nebit Halkara Energiýa Guramasy tarapyndan kesgitlenen gaz ýakmagy kemeltmek boýunça 2050-nji ýyla çenli Nol Zyňyndy (Net Zero Emissions by 2050) senariýasynda maslahat berilen ýakma derejesinden has ýokarydyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: