Progres.Online

Çäge tupanlaryna garşy göreşmek üçin halkara goldanmalar: Türkmenistanyň öwrenmeli sapaklary

Merkezi Aziýa Garagum çöli ýaly uly çäge we tozan çeşmeleriniň ýerleşýän mekany bolup, Garagum çöl Türkmenistanyň ~80%-ini tutýar. Ýyllyk az ýagynyň ýagmagy we ýerleriň esasan tekiz bolmagy çäge we tozan tupanlarynyň (ÇTT) emele gelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Klimatyň üýtgemegi we çölleşme netijesinde bu hadysalaryň ýygylygy, ýitiligi artýar we geljekde has-da erbetleşmegine garaşylýar (Bütindünýä banky, 2021).

Türkmenistanyň ilatynyň 80%-den gowragynyň (BMG, 2021) ÇTT sebäpli orta we ýokary derejede howa hapalanmasyna sezewar bolýandygy çaklanylýar. Barlag ÇTT-niň oba hojalygyna hem ýiti täsir edýändigini görkezýär. Ýagny, Türkmenistanyň oba hojalygynyň 70%-den gowragy düzümi ýokary duzly tozan çökündilerine sezewar bolup, pagta önümçiliginiň biçak azalmagyna sebäp bolýar. Garaşsyz medialar Türkmenistanda çäge we tozan tupanlarynyň ýygylaşandygyny nygtap, 2023-nji ýylyň noýabry we 2024-nji ýylyň fewraly aralygynda çäge we tozan tupanlary (ÇTT) hadysalarynyň bolanlygyny habar berdiler.

Çeşme: Çäge we tozan tupanlary töwekgelçiligini azaltmak boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy

Çäge we tozan tupanlary näme? Olaryň täsirleri nähili?

Çäge we tozan tupanlary tebigy hadysa bolup, köplenç möwsümleýin we dünýäniň belli bir sebitlerinde emele gelýär. Tupanlar ýerleriň zaýalanmagy, gurakçylyk we klimatyň üýtgemegi esasynda güýçlenýär. Her ýyl atmosfera 2 milliard tonna tozan goýberilýändigi çaklanylýar. 2015-nji ýylda BMG Baş Assambleýasy DÖM boýunça “Çäge we tozan tupanlaryna garşy göreş” atly rezolýusiýany kabul etdi. Rezolýusiýa ÇTT-ler durnukly ösüş üçin uly kynçylyk döredýändigini we olary çözmek babatda çäre görülmelidigini belleýär.

Dünýäniň esasy tozan çeşmeleri “tozan guşagynda” (Demirgazyk Afrika, Ýakyn Gündogar we Gündogar Aziýa) we az derejede günorta ýarym şarda (Awstraliýa, Günorta Amerika, Günorta Afrika) ýerleşýär. Merkezi Aziýa iň uly tozan çeşmesi bolmasa-da, Garagum çöli, Hazar deňziniň demirgazyk peslikleri we Gyzylgum çöli ýaly ÇTT-leriň esasy çeşmeleri bar. Soňky wagtlarda Aral deňzi ýaly adam işjeňligi netijesinde çäge we tozan tupanlarynyň (ÇTT) beýleki çeşmeleri hem ýüze çykdy.

BMG-nyň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasyna (UNCCD, 2022) görä, ÇTT-ler adatça dessin, giň gerimli zyýan bermeýänligi zerarly olaryň netijelerine köplenç üns berilmeýär. Emma, olaryň täsiri köplenç wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýar we gytaklaýyn täsir edýär. ÇTT-leriň esasy täsirlerine ekinlere zeper ýetmegi, topragyň zaýalanmagy we iri we ownuk şahly mallara zeper ýetmegi degişlidir. Çäge we tozan tupanlary müňlerçe kilometr uzakdaky ýerlere hem täsir edip biler. Çägäniň we tozanyň gelip çökýän ýerlerinde ÇTT adam saglygyna ýaramaz täsir edip, allergiýa we dem alyş kesellerine sebäp bolmagy, ykdysady işjeňligi bozmagy mümkin.

Çäge we tozan tupanlarynyň ykdysady täsiri barada giňişleýin global barlaglar ýok bolsa-da, bar bolan barlaglar ÇTT-niň uly ykdysady ýitgilere sebäp bolýandygyny görkezýär. Meselem: bir çaklama çäge we tozan tupanlaryň Kuweýtdäki nebit we gaz pudagyna eden täsiriniň diňe 2018-nji ýylda $9.36 milliona barabar bolandygy görkezýär (UNCCD, 2022).

Türkmenistanda çäge we tozan tupanlarynyň ýygylaşmagy

Azatlyk Radiosynyň habaryna görä, Lebap welaýatynda geçen ýylyň oktýabryndan şu güne çenli güýçli ýel sebäpli çäge tupanlary birnäçe gezek ýüze çykdy. Aýratynam, 2023-nji ýylyň noýabrynda ÇTT has köp ýüze çykdy we aýyň azyndan 23 gününde tupan turdy. Dekabrda bolsa aýyň azyndan 15 gününde çäge tupanlary hasaba alyndy. Bu tupanlaryň aglabasy Mary, Lebap we Ahal welaýatlarynda bolup geçdi. Şeýle-de bolsa, ÇTT hadysalary munuň bilen çäklenmedi. Ýylyň başyndan bäri, Meteostorm-da çäge tupanlary barada azyndan 6 makala çap edildi.

2005-nji ýylda geçirilen barlagda tozan tupanlarynyň ýüze çykýan günleriniň ortaça ýyllyk ýygylygynyň Merkezi Garagumyň gündogarda 62 gün, günbatarda 67 gün diýip bellenilendigini göz öňünde tutsak, çäge tupanlarynyň diňe 2 aýda (noýabr we dekabr) ýygylaşmagy juda aladalandyryjydyr. Mundan başga-da, şol barlag Merkezi Garagum çölünde çäge tupanlarynyň gyşda däl-de, ýazda ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny görkezýär.

Bu howa hadysalary oňa sezewar bolýan ilatyň saglygyna uly täsir etse-de, hökümet tarapyndan gözegçilik edilýän medialar dymýarlar. Media ilata çäge we tozan tupanlary, olaryň netijeleri we görülmeli çäreler barada habar bermeýär. Tupanlar diňe bir ýaşaýjylara däl, eýsem uçuş hereketlerine hem täsir edip, uçarlar Türkmenabat howa menziline gonmakda kynçylyk çekýärler.

Türkmenistanda görülýän çäreler

Pariž şertnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynda gysgaça agzalan maglumatlara görä, çäge tupanlary ýylda 35-67 gün bolup, käbir ýyllarda onuň ýüze çykma ýygylygy 106-113 gündir. Hökümet bu meseläni başga çeşmelerde aç-açan boýun almasa-da we tupanlar barada halka habar bermese-de, dogry ugura tarap sanlyja ädim ätdi. BMG-nyň Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasy (UNCCD) tarapyndan 2020-nji ýylda ýola goýulan taslama Merkezi Aziýada çäge we tozan tupanlaryna, gurakçylyga garşy milli strategiýalary taýýarlamagy maksat edinýär.

2021-nji ýylda taslamanyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň milli çäge we tozan tupanlary töwekgelçiligini azaltmak strategiýasynyň strukturasy we mazmuny barada maslahatlar çap edildi. Bu strategik maslahatlar ÇTT-niň düşündirişlerini, onuň Türkmenistandaky çeşmelerini, saglyga we oba hojalygyna ýetirýän täsiri barada maglumatlary hem öz içine alýar.

Hökümetiň hasabatynyň mazmuny (doly elýeterli däl) aşakdakylary belleýär:

  • Türkmenistanda çölleşmäniň umumy ykdysady ýitgisi (tokaýlaşdyrmak we süýşýän çägeleriň öňüni almak üçin çykdajylar bilen bilelikde) ýyllyk $346.9 milliona barabardyr. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 10%-den gowrak ýa-da 14.7 milliard manat boldy. 2017-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň jemi bahasy 20.4 milliard manat boldy. Oba hojalyk önümleriniň bahasynyň hatda 15%-iniň ýitirilmegi 3 milliard manatdan gowrak ýa-da $873.9 million ýitgi bolar.
  • Hasabata görä, Türkmenistan çölleşmä garşy göreşmek üçin birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, eýýäm birnäçe taslamany durmuşa geçirdi. Olaryň mysallaryna şäherleri çägeden we tozandan goramak üçin 35 million agaç ekmek, Botendag sebitinde tokaý nahallaryny ekmek, 11 million gektar çöl öri meýdanlarynyň suwarylmagyny üpjün etmek üçin Altyn Asyr emeli kölüni täzeden doldurmak we beýlekiler degişlidir. Ýurduň ÇTT-ni netijeli dolandyrmak üçin institusional mümkinçilikleri döretmek boýunça iş meýilnamasynyň doly hasabatda bardygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylyň 17-nji fewralyndan Merkezi Aziýanyň beýleki 4 döwleti öz milli meýilnamalaryny çap etdi. Emma, Türkmenistan üçin diňe 2020-nji ýyldaky milli meýilnamanyň strukturasy we mazmuny boýunça maslahatlar çap edildi.
  • Merkezi Aziýanyň günorta we günbatar bölekleri, esasanam Türkmenistan guraklyga has ýykgyn edýär. Türkmenistanda gurakçylyk ähtimallygy 50%-den ýokary bolmagyna we ýurduň meýdanynyň 55%-ine, ýagny 26.5 million gektaryna täsir etjekdigi çaklanylýar. Bu görkeziji Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan has ýokarydyr. Ýurduň meýdanynyň 22.8%-de guraklyk ähtimallygy 40-50%, territoriýanyň 10.1%-de guraklyk ähtimallygy 30-40%-e deňdir.

Çeşme: Çäge we tozan tupanlary töwekgelçiligini azaltmak boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy

UNCCD-niň maslahatlary we görkezmeleri

Türkmenistan üçin ÇTT-ni dolandyrmak we azaltmak boýunça Milli hereket meýilnamasy entek elýetersizligi zerarly Türkmenistan bu mesele boýunça beýleki bar bolan barlaglary ulanyp biler. Meselem: UNCCD-iň 2022-nji ýylyň maýynda çap eden “Çäge we tozan tupanlary ýygyndysy: Töwekgelçiliklere baha bermek we çözmek üçin maglumatlar we görkezmeler” atly hasabaty. Ýygyndyda çäge we tozan tupanlary, olar bilen bagly töwekgelçilikler we bu töwekgelçiliklere, täsirlere nähili baha bermek we azaltmak barada jikme-jik maglumat berilýär.

Ýygyndy hökümetler we syýasatçylar üçin ÇTT syýasatlaryny işläp düzmek we ÇTT-leri azaltmak meýilnamalaryny taýýarlamak, maglumatlary ýygnamak, töwekgelçiliklere baha bermek, gözegçilik ulgamlaryny ösdürmek, ilaty habardar etmek we ş.m barada jikme-jik gollanma hökmünde hyzmat edip biler.

ÇTT bilen baglanyşykly kynçylyklar

UNCCD-niň hasabaty ÇTT-niň zyýanly täsirlerini çözmekde birnäçe kynçylygy kesgitleýär:

  • ÇTT-ni netijeli dolandyrmak çäge we tozan tupanlarynyň (ÇTT) täsirleriniň diňe birini däl-de, ÇTT-leriň döredýän negatiw täsirlerini giň gerimde çözmegi talap edýär.
  • ÇTT-iň täsirleri pudagara we transmilli bolup, dürli gyzyklanýan taraplaryň adaty iş çäginden daşary giň hyzmatdaşlygy talap edýär.
  • Meseläni çözmäge gatnaşýan gyzyklanýan taraplaryň uly topary maglumatlara ýeterli derejede elýeterliliginiň bolmagy zerur.
  • ÇTT-niň täsiri köplenç wagt we giňişlik boýunça çäkli bolup, beýleki tebigy betbagtçylyklara garanyňda az dykkat çekýär.

Herekete geçmek üçin ileri tutulýan ugurlar

UNCCD hasabaty aşakdaky hereket ugurlaryny ileri tutmagy teklip edýär:

  • ÇTT-e gözegçilik etmek, çaklamak we öňünden duýduryş.
  • ÇTT-niň göni täsirini azaltmak üçin ilatyň ÇTT garşy ejizligini peseltmek we çydamlygylygyny artdyrmak.
  • ÇTT-den döräp biljek zyýany kemeltmek üçin onuň çeşmelerini azaltmak.

Hasabatda ÇTT bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere baha bermek üçin ädimme-ädim görkezmeler, şeýle hem ÇTT bilen bagly zyýany we çykdajylary bahalandyrmak üçin goldanmalar berilýär. Hasabat ähli zyýan çeken pudaklara: ulag, saglygy goraýyş, hojalyklary arassalamak, söwda, önümçilik we oba hojalygyna täsirini hasaplamagyň zerurdygyny nygtaýar. Mundan başga-da, hasabat ÇTT-ni çaklamak üçin ulanylýan modeller barada maglumat berýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: