Progres.Online

Türkmenistan: Prezident metan zyňyndylaryny azaldandan soň daşky gurşaw babatda gazanan üstünligine baýrynýar

Türkmenistan 2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmakda haýran galdyryjy ösüş gazanyp, 2020-nji ýylda hasaba alynan zyňyndy mukdaryny 10 göterim kemeltmegi başardy.

Dünýäde daşky gurşawy iň erbet hapalaýjy ýurtlaryň lideri üçin gaza baý Türkmenistanyň prezidenti şu günlerde ýaşyl syýasatlary dilinden düşürmeýär.

Serdar Berdimuhamedow geçen hepde Kazanda geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynda klimatyň global howpsuzlyk we gülläp ösüş üçin möhümdigini aýtdy.

Onuň gazanan öňegidişliklerini ykrar etsek, Berdimuhamedow ekologiýa babatda öwünmek hakyny gazandy, emma çäkli derejede.

Daşky gurşawa gözegçilik ediji Kayrros kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri Antoine Halff geçen hepde Aşgabatda geçirilen energiýa pudagy boýunça konferensiýada bellemegine görä, Türkmenistan 2023-nji ýylda zyýanly metan zyňyndylaryny azaltmakda täsirli ösüş gazanyp, 2020-nji ýylda hasaba alynan zyňyndy mukdaryny 10 göterim kemeltmegi başardy.

Bu Türkmenistany 2021-nji ýylda Glazgoda geçirilen COP-26 klimat sammitinde kabul edilen meýletin borçnama bolan Bütindünýä Metan Borçnamasy boýunça borçlaryny berjaý etmekde dogry ýoldadygyny görkezýär. Bu borçnama global metan zyňyndylarynyň mukdaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýylyň derejesinden azyndan 30 göterim kemeltmegi maksat edinýär.

Kayrros geçen aýda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň [metan zyňyndylaryny azaltmakda] meýilleşdirilen möhletden öňdedigini aýtdy.

Kompaniýanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan öňegidişligi “2030-njy ýyla çenli kesgitlenen maksat üçin zerur bolan 9 göterim azaltmadan birneme artyk azaltma” boldy.

“Häzire çenli zyňyndylaryň azalmasynyň agramly mukdary gaz önümçiliginiň aglabasynyň ýerleşýän ýeri bolan ýurduň gündogar böleginde bolup geçdi. Ýurduň günbatar bölegi esasan nebit öndürýär. Geçen ýylda Aşgabat tarapyndan yglan edilen täze borçnamalaryň we syýasy çäreleriň netijesinde iki önümçilik sebitinden çykýan zyňyndylar düýpli azaljaga meňzeýär” – diýip Kayross hasabatynyň awtory ýazýar.

Bu ýokary öwgini hakykatdanam Türkmenistanyň metan zyňyndysy barada ilkinji bolup duýduryş beren şol bir kompaniýa aýtdy. Geçen ýyl The Guardian-yň habar bermegine görä, Kayrros tarapyndan berlen maglumatlar 2022-nji ýylda Türkmenistanyň iki ýatagyndan çykýan CO2 (kömürturşy gazy) zyňyndylarynyň Birleşen Patyşalygyň ýyllyk zyňyndy mukdaryna deňdigini görkezdi.

Indi Berdimuhamedow bu üstünlik üçin ähli öwgä özi eýe çykmak isläp biler, ýöne öwgüler deň derejede mylakatly emma tutanýerli diplomatiýany alyp baran ABŞ-nyň klimatyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili John Kerry ýaly şahslara hem aýdylmalydyr.

Dekabrda Dubaýda geçirilen COP-28 klimat sammitiniň öňüsyrasynda Kerri soňky pursatda yrmak üçin Berdimuhamedow bilen telefon arkaly habarlaşdy. Türkmenistan şol sammitde Global Metan Borçnamasyna ygrarlydygyny resmi taýdan yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramasy bu badyň dowam etmesini isleýär. Şu aýyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) durnukly energiýa bölüminiň direktory Dario Liguti Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen gepleşik geçirip, ýurduň nebit we gaz amallarynda metany dolandyrmagyň ähmiýetini bölekleýin ara alyp maslahatlaşdy. UNECE Türkmenistana metan zyňyndylaryny azaltmak üçin “netijeli” gözegçilik, hasabat we barlag ulgamlaryny döretmekde goldaw bermäge meýillidigini aýtdy.

Bu ýerde “netijeli” sözi “ygtybarly” diýmegi aňladýar.

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň düşündirişine görä, ýerli gözegçilik edaralary we hökümetiň ministrlikleri tarapyndan berilen maglumatlar esasynda zyňyndylar barada maglumat toplamak işi Statistika baradaky döwlet komitetiniň üstüne düşýär. Emma hakykatda, Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän sanlarynyň aglabasy galpdyr.

Ozal, Bütindünýä Banky we Halkara Walýuta Gaznasy ýaly hyzmatdaşlar Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryny olaryň ygtybarlylygyndan şüphelenmezden ulanýardylar. Ýöne, bu üýtgeýär. Jemi Içerki Önümiň ösüş görkezijilerini çişirmek başga bir zat, emma bir ýurduň global klimata ýetirip biljek täsirine gezek gelende, takyklyk has möhümdir.

Geçen hepde Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” konferensiýasyna metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça global jemgyýetçiligiň ençeme tanymal şahsyýetleriniň gatnaşmagy hem bellenilenleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Çykyş edenleriň arasynda BMG-nyň Daşky Gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP) garamagyndaky Metan Zyňyndylaryna Gözegçilik Gullugynyň (IMEO) başlygy Manfredi Caltagirone, hakyky wagtda gaz alawyny anyklaýyş Capterio kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Mark Davis we zyýanly zyňyndylary azaltmagy goldaýan hökümete dahylsyz jemgyýetçilik topary bolan Clean Air Task Force guramasynyň global kampaniýalarynyň direktory James Turitto bardy. Konferensiýa Kayrros-dan Halff we UNECE-den Liguti hem gatnaşdy.

Bu metan zyňyndylaryny azaltmagyň tarapdarlary üçin göwün göteriji bolar. Şeýle-de bolsa, gelejekde atyljak anyk ädimler barada aýdyňlyk ýetmezçilik edýär. Ýa-da häzire çenli gazanylan öňegidişligiň gelejekde hem dowam etjekligi nämälim.

Ýakynda çap edilen zyňyndy syzdyrýan 15 sany esasy ýurduň metany azaltmak boýunça durmuşa geçirýän syýasatlaryny deňeşdiren barlag Türkmenistanyň yza galýandygyny belleýär.

Maryland uniwersitetiniň Global Durnuklylyk Merkezi we Hytaý Energiýa Gaznasynyň bilelikde ýazan hasabatynyň netijesine görä, “Türkmenistanyň çemeleşmesi klimatyň üýtgemegi boýunça umumy syýasatlar bilen çäklenýär … anyk pudaklaýyn strategiýalary ýok”.

Bu geň galdyryjy däl, çünki Türkmenistanda syýasy karar kabul etmegiň mehanizmleri prezidentiň, onuň kakasynyň we de-fakto egindeş lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň isleglerine doly bagly.

Häzirki wagtda Aşgabadyň prezident köşgi ýaşyl meseleleri çözmegi goldaýar. Emma, olar goldawyny ýitirse, bu zyňyndylary kemeltmek boýunça gün tertibi üçin kynçylyk döreder.

Havli Substack platformasynda Peter Leonard tarapyndan ýazylan “Türkmenistan: Prezident metan zyňyndylaryny azaldandan soň daşky gurşaw babatda gazanan üstünliklerine baýrynýar” atly makala awtoryň rugsady esasynda gaýtadan çap edildi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: