Progres.Online

Türkmenistan klimat betbagtçylygynyň merkezinde: Artýan töwekgelçiliklere garşy gyssagly çäre görmek zerur

Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) “Demirgazyk we Merkezi Aziýada betbagtçylyk töwekgelçiligine çeýeligi döretmäge ünsi jemlemek” atly hasabatynda Türkmenistanda we onuň töweregindäki sebitlerde klimat bilen bagly howplary nygtaýar. ESCAP Birleşen Milletler Guramasynyň bäş sany sebit komissiýasynyň biridir. 1970-nji ýyldan bäri tebigy betbagtçylyklar Demirgazyk we Merkezi Aziýada 60.000-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy, 20 milliona golaý adam täsir etdi we $23 milliard zyýana goýdy.

Türkmenistanda klimatyň üýtgemegi suw joşmalarynyň, gurakçylygyň we ýylylyk tolkunlaryň ýygylygyny ýokarlandyrar we klimatyň 1.5°C we 2°C ýylamagy ssenariýasynyň ikisinde hem töwekgelçiligiň “orta-ýokary” derejesinden “ýokary” derejä çykmagyna garaşylýar. 2024-nji ýylyň maýynda güýçli ýagyş Aşgabatda ýiti suw joşmasyna sebäp bolmagy we infrastrukturanyň gowşaklygyny ýüze çykarmagy bu tendensiýanyň subudydyr.

Türkmenistanyň esasy pudaklary barha artýan töwekgelçilik astyndadyr. Klimatyň 1.5°C ýylamagynda Merkezi Aziýanyň ilatynyň ýarysyna golaýy, 2°C ýylamagynda bolsa ilatyň 53%-ine çenli köpdürli howp bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Klimatyň 2°C ýylamagynda, suwy kän talap edýän ekinlere garaşly bolan Türkmenistanyň oba hojalygy önümçiliginiň 90%-den gowragynyň “ýokary ýa-da aşa ýokary” gurakçylyk töwekgelçiligine sezewar bolup biler. Şonuň ýaly-da, ýiti howa şertlerinde energiýa bolan talabyň artmagy zerarly elektrik beketleri üçin töwekgelçilik güýçlenip, ilat we energiýa infrastrukturasy klimat howplaryna sezewar bolarlar.

Munuň ykdysady täsiri uludyr. ESCAP klimat bilen bagly ýitgileriň ýyllyk $310 milliona ýetip biljekdigini çaklaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminiň (JIÖ) 1%-den gowragyna deňdir. Gurluşyk, bilim we transport pudaklary ýaly infrastruktura ýitgileri aýratyn agyr bolar, diňe gurluşyk pudagy 90%-e çenli zyýan çekmegi çaklanylýar.

Bu töwekgelçilikleri azaltmak üçin Türkmenistan aşakdakylary ileri tutmalydyr:

  • Irki duýduryş ulgamlary (MHEWS): Köpdürli howpa garşy irki duýduryş ulgamlaryny giňeltmek oba hojalygy we energiýa pudaklarynda betbagtçylyk zerarly ýitgileri 60% azaldyp biler, şol bir wagtyň özünde maýa goýumlaryň on esse peýda getirmegini gazandyrar.
  • Tebigata esaslanýan çözgütler (NBS): Durnukly meýdanlary we batgalyk ýerleri, aýratynam daglyk ýerleri dikeltmek ýaly çemeleşmeler biodürlüligi gorap we töwekgelçilikleri azaldyp biler.
  • Ulgamlaýyn uýgunlaşma: Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagy ähli pudaklara integrasiýalaşdyrmak we emeli akyl, maglumat ylymlary, geogiňişlik seljermesi ýaly innowasion tehnologiýalary ulanmak habarly karar bermäge we esasanam ejiz toparlaryň çeýeligini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.
  • Betbagtçylyklara garşy maliýeleleşdirmegi artdyrmak: Betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak üçin maliýe harjamalaryny köpeltmek möhüm infrastrukturany goramaga kömek edip biler. Meselem, Türkmenistana uýgunlaşma tehnologiýasynyň bahasy JIÖ-niň takmynan 0.24%-ine düşer. Ýaşyl obligasiýalar (döwlet ýa-da şahsy taraplar tarapyndan klimatyň üýtgemegine garşy taslamalar üçin berilýän kredit), ätiýaçlandyryş shemalary we klimat gaznalary ýaly innowasion maliýeleşdiriş mehanizmlerini giňeltmek maýa goýum boşlugyny ýapmaga kömek eder.

Gyssagly çäre görülmese, Türkmenistan, aýratynam Aral deňziniň basseýini bilen bagly sebitler klimatyň üýtgemeginden ýüze çykýan artýan howplar, şol sanda potensial ykdysady durnuksyzlyk we saglyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: