Progres.Online

Bir wagt bol suwly Garagum kanaly indi guraýar

28-nji maýda, Russiýanyň howa baradaky Meteožurnal web saýty 2001-nji ýyldan bäri Garagum kanalynyň boýundaky suw howdanlarynda suwuň juda azalandygyny habar berdi.

Suw howdanlarynyň gurama gerimini Hanhowuz suw howdanynyň ýagdaýyndan mälimdir. Suw howdany doly wagtynda onuň meýdany 210 km2 bolmaly. Gurak gelen 2021-nji ýylyň maýynyň ahyrynda, sputnik suratlary suw howdanynyň 135.5 km2 çenli kiçelendigini görkezdi. Meteožurnalyna görä, häzirki wagtda suw howdanynyň meýdany bary-ýogy 75.4 km2.

Saýt suwuň kemelmeginiň birnäçe sebäplerini belledi. Olaryň biri: Ýurtda şu ýylyň başynda ýagynlaryň az ýagmagy we adatdan daşary yssy howanyň bolmagy. Bu 2021–2022-nji ýyllardaky gurakçylygyň täsirini güýçlendirdi.

Ýene-de bir wajyp faktorlaryň biri: Şu ýylyň ýanwaryndaky (Meteožournal tarapyndan ýüze çykaryldy) adatdan daşary sowuk howa Garagum kanalynda buz böwedini emele getirip, suw kanalyň daşyna akdy. Suw 10 günden gowrak Garagum çölüniň çägelerini biderek suwardy we uzynlygy 20 km golaý kanaly emele getirdi.

Garagum kanalynda suwuň azalmagyny ünsden düşürip bolmaýar. 1950-nji ýyllardan 1990-njy ýyllar aralygynda gurulan bu kanal Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgetdi. Kanal suw çeşmelerini ýurduň gündogaryndan günorta we günorta-gündogara gönükdirmek bilen, ekerançylygyň örän ösmegine mümkinçilik berdi. Paýtagt Aşgabat we Türkmenbaşy, Balkanabat, Mary ýaly şäherler belli bir derejede Garagum kanalynyň suwuna garaşlydyrlar.

Goňşy Özbegistan häzirki wagtda tutuş sebite doly täsir eden suw krizisi barada halka duýduryş berdi.

3-nji aprelde, Özbegistanyň hökümetiniň çykaran gaýragoýulmasyz kararynda ýakyn ýyllarda Amyderýada (Garagum kanalynyň suw çeşmesi) suwuň derejesiniň 15-20% azaljakdygyny çaklady. Şeýle hem, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň administrasiýasy suwuň netijesiz dolandyrylmagy, köne suwaryş usullary we ilatyň köpelmegi bilen suwuň sarp edilişiniň artmagyna çözgütleriň zerurdygyny nygtady.

Suwuň azalmagy we gurakçylyk ýetmeýän ýaly, Owganystanyň Taliban režimi 285 km uzynlygynda Koş Tepa kanalyny gurmakda öňegidişlikler gazanýana meňzeýär. Kanalyň 550.000 gektar ekin meýdanyny suwarmagy meýilleşdirilýär. Bu kanal hem Amyderýanyň suwy bilen doldurylar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: