Progres.Online

Bir wagt bol suwly Garagum kanaly indi guraýar

28-nji maýda, Russiýanyň howa baradaky Meteožurnal web saýty 2001-nji ýyldan bäri Garagum kanalynyň boýundaky suw howdanlarynda suwuň juda azalandygyny habar berdi.

Suw howdanlarynyň gurama gerimini Hanhowuz suw howdanynyň ýagdaýyndan mälimdir. Suw howdany doly wagtynda onuň meýdany 210 km2 bolmaly. Gurak gelen 2021-nji ýylyň maýynyň ahyrynda, sputnik suratlary suw howdanynyň 135.5 km2 çenli kiçelendigini görkezdi. Meteožurnalyna görä, häzirki wagtda suw howdanynyň meýdany bary-ýogy 75.4 km2.

Saýt suwuň kemelmeginiň birnƤƧe sebƤplerini belledi. Olaryň biri: Ɲurtda şu ýylyň başynda ýagynlaryň az ýagmagy we adatdan daşary yssy howanyň bolmagy. Bu 2021–2022-nji ýyllardaky gurakƧylygyň tƤsirini güýçlendirdi.

Ɲene-de bir wajyp faktorlaryň biri: Şu ýylyň ýanwaryndaky (Meteožournal tarapyndan ýüze Ƨykaryldy) adatdan daşary sowuk howa Garagum kanalynda buz bƶwedini emele getirip, suw kanalyň daşyna akdy. Suw 10 günden gowrak Garagum Ƨƶlüniň ƧƤgelerini biderek suwardy we uzynlygy 20 km golaý kanaly emele getirdi.

Garagum kanalynda suwuň azalmagyny ünsden düşürip bolmaýar. 1950-nji ýyllardan 1990-njy ýyllar aralygynda gurulan bu kanal Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgetdi. Kanal suw çeşmelerini ýurduň gündogaryndan günorta we günorta-gündogara gönükdirmek bilen, ekerançylygyň örän ösmegine mümkinçilik berdi. Paýtagt Aşgabat we Türkmenbaşy, Balkanabat, Mary ýaly şäherler belli bir derejede Garagum kanalynyň suwuna garaşlydyrlar.

Goňşy Ɩzbegistan hƤzirki wagtda tutuş sebite doly tƤsir eden suw krizisi barada halka duýduryş berdi.

3-nji aprelde, Ɩzbegistanyň hƶkümetiniň Ƨykaran gaýragoýulmasyz kararynda ýakyn ýyllarda Amyderýada (Garagum kanalynyň suw Ƨeşmesi) suwuň derejesiniň 15-20% azaljakdygyny Ƨaklady. Şeýle hem, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň administrasiýasy suwuň netijesiz dolandyrylmagy, kƶne suwaryş usullary we ilatyň kƶpelmegi bilen suwuň sarp edilişiniň artmagyna Ƨƶzgütleriň zerurdygyny nygtady.

Suwuň azalmagy we gurakçylyk ýetmeýän ýaly, Owganystanyň Taliban režimi 285 km uzynlygynda Koş Tepa kanalyny gurmakda öňegidişlikler gazanýana meňzeýär. Kanalyň 550.000 gektar ekin meýdanyny suwarmagy meýilleşdirilýär. Bu kanal hem Amyderýanyň suwy bilen doldurylar.

Ƈeşme