Adaty iş ýöretme Türkmenistanyň halkyna ýa-da klimata peýdasy degmeýär.
2023-nji ýylyň iýunynda, Bloomberg we The Guardian ýaly abraýly halkara habar beriş serişdeleri ABŞ-Türkmenistan arasynda Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynda çykarýan metan syzmasynyň öňüni almak babatda gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdiler. 2022-nji ýylda, Türkmenistanda iň köp metan syzma hadysalarynyň hasaba alynanlygy sebäpli mediýalaryň üns merkezinde boldy. Türkmenistanyň nebit-gaz ýataklaryndan metanyň yzygiderli syzmasynyň öňüni almak hem ýurtda hem dünýäde metan syzmalaryny azaltmagyň iň arzan, çalt we aňsat usulydyr. Bu klimat krizisi zerarly barha artýan howplaryň öňüni almakda hem uly ýeňiş bolar.
Emma, ABŞ-Türkmenistan arasyndaky gepleşiklere we olaryň ylalaşan netijesine “adaty iş ýöretme” hökmünde garap bolmaýar. Çünki, bu ABŞ-nyň we günbatar kompaniýalarynyň abraýyny, maliýe serişdelerini töwekgelçilige salýar. Gazanylan ylalaşyk maliýe aç-açanlygyny (maliýe serişdeleriniň nämelere harjanandygyny köpçülige aýan etmek) we maliýe jogapkärçiligi (maliýe serişdeleriň ýerlikli ulanylmagyny) üpjün etmek üçin degişli görkezmeleri we çäreleri öz içine almaly. ABŞ-nyň Türkmenistan bilen bu hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halky we bütindünýä üçin oňyn ösüşe sebäp bolmalydyr.
Näme üçin Türkmenistanyň metan zyňyndylaryna üns bermeli?
Türkmenistan tebigy gaz gory boýunça dünýäde 4-nji oruny eýeleýär. Ýurduň gazylyp alynýan ýangyçlaryndan metanyň syzmasy bütindünýäde iň ýokary derejedir. Güýçli parnik gazy bolan metan 20 ýylyň dowamynda kömürturşy gazynyň (CO2) howany maýlatma potensialyndan 80 esse kuwwatly. 2019-njy ýyldan bäri, dünýädäki iň uly metan syzma hadysalarynyň 500-si Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda bolup geçdi. 2022-nji ýylda, Türkmenistanda metan syzmasynyň mukdary Birleşen Patyşalygyň şol ýyldaky CO2 zyňyndysynyň umumy mukdaryna deň boldy. Türkmenistanyň gazynyň ~7%-i atmosfera syzylyp, isrip bolýanlygy çaklanylýar.
Halkara energiýa agentligine görä, saýlanan üpjün edijileriň nebit we gaz önümçiliginde metan syzdyrma derejesi (sanlar öndürilen bir gigajoul energiýa üçin metan zyňyndysynyň kilogramdaky mukdarynda görkezilen): Türkmenistan – 1.3, Wenesuela – 1.2, Eýran – 0.4, Alžir – 0.4, Russiýa – 0.3, ABŞ – 0.2, Hytaý – 0.2, Yrak – 0.2, Saud Arabystan – 0.1, Norwegiýa – 0.0.
Bu meseläni çözmek klimatyň üýtgemegini haýallatmakda uly ýeňiş bolmak bilen bir hatarda muny durmuşa geçirmek aňsat. Ekspertler metan syzmalaryny köne infrastruktura we nebit ýataklaryndan gazyň ýakylman goýberilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Ýewropaly alymlara görä, diňe 29 sany wentilýasiýa çeşmesini bejermek bu syzmalaryň aglabasynyň öňüni alyp biler we global zyňyndylary 3% azaldar. Türkmenistanyň energiýa pudagynda çykarylýan ähli gazy syzdyrman almak, ýyllyk 92 million tonna CO2 zyňyndylaryny ýok etmeklige deňdir. Şeýle hem, bu häzirki wagtda isrip edilýän 5.8 milliard m3 gazy tygşytlamaga kömek edip biler.
Daşky gurşaw boýunça gözleg kompaniýasy Kayrros-yň ulanýan sputnik tehnologiýasynyň saýasynda halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň metan zyňyndylaryndan habardar boldy. Ençeme halkara mediýalarynyň bu barada habar bermegi ABŞ-ny Türkmenistanyň hökümeti bilen gepleşiklere başlamaga, ýurda nebit-gaz pudagynyň gaz syzmalaryny azaltmak üçin maliýe we tehniki goldawy teklip etmäge iteren bolmagy ahmal. 2023-nji ýylyň noýabr/dekabr aýlarynda geçiriljek BMG-nyň COP28 klimat sammitinden öň, döwletleriň ylalaşyk gazanmagyna garaşylýar. Emma, Türkmenistan, 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgodaky COP 26-da yglan edilen metan zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derjesinden azyndan 30% kemeltmek boýunça global derejede ylalaşylan Metan borçnamasyna heniz hem gol çekmedi.
Türkmenistanda howa maýylganlygynyň howplaryny çözmek üçin anyk we täsirli strategiýalar ýetmezçilik edýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň we ýurduň Milli derjede kesgitlenen goşandynyň ygtybarly statistiki sanlary, maksatlary we anyk borçlary ýokdur. Türkmenistan klimatyň üýtgemegi zerarly dörejek düýpli üýtgeşmelere taýýar däl. Aslynda, üýtgeşmeler eýýäm ýüze çykyp başlady. 2090-njy ýyllara çenli, Türkmenistanda ortaça temperaturanyň 5.1° C ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu dünýäniň ortalama derejesinden has ýokary (Bütindünýa banky). Habarsyz we gyzyklanmaýan halk, hem-de iň ejiz toparlar hökümetiň dowamly hereketsizligi sebäpli kynçylyk çekerler.
ABŞ-Türkmenistan ylalaşygyny jaýdar baglaşmak näme üçin möhüm?
Türkmenistanyň halkyna we beýleki ýerlere ýetirjek zeperi kemeltmekden başga-da, ABŞ bilen Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky ylalaşygy ýurduň nebit-gaz pudagyna, Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklaryna, esasanam daşky gurşawa peýdaly bolar. Bu Wenesuela, Eýran we Alžir ýaly metan syzdyrýan beýleki ýurtlary hem metan syzmasyny azaltmaga höweslendirip biler. Bloomberg-iň habaryna görä, bu şertnamany ABŞ-nyň eksport-import banky (ABŞ EIB) maliýeleşdirmegi mümkin. ABŞ EIB – halkara söwdasy bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak arkaly amerikaly ekport edijilere kömek edýän döwlet edarasy bolup, harytlaryň we hyzmatlaryň daşary ýurda satylyşyny ýeňilleşdirýär. Halliburton we SLB ýaly nebit ýataklary babatda tejribeli energiýa hyzmatlaryny beriji kompaniýalary syzmalaryň çykýan ýerini tapmak we enjamlary çalyşmak boýunça zerur işleri ýerine ýetirmek üçin dalaşgär bolup bilerler. ABŞ-nyň hökümeti bu tagallalary alyp barmakda dünýäde uly abraý gazanmagy ahmal. Ýöne, ABŞ Türkmenistanyň döwlet sektoryndaky giň ýaýran endemik korrupsiýa we ýaşryn dolandyryşa gatyşsa, güýçli tankyda sezewar bolup biler.
Türkmenistanda maliýe aç-açanlygynyň derejesi juda pes we döwlet sektorynda korrupsiýa giň ýaýbaňlanandyr. Soňky 31 ýylyň dowamynda, döwlet býudjeti barada halka doly maglumat berilmedi. Ýurtda jemgyýetçilik aragatnaşygy we bilimlendirmek medeniýeti ýok. ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistan bilen iş salyşanda örän töwekgelçilikli ulgamlaýyn meseleleriniň dowam etmezligi, Türkmenistanyň halkyna we daşky gurşawa oňyn täsir etmegi, aç-açanlygyň we jogapkärçiligiň bolmagy üçin anyk görkezmeleri ornaşdyrmagy möhümdir.
ABŞ-nyň hökümetine we beýleki gyzyklanýan taraplara teklipler:
- Türkmenistanyň Global metan borçnamasyna goşulmak we Pariž klimat ylalaşygyny milli derejede durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmäge gönükdirilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýol kartasyny köpçülige aýan ediň. Ýol kartasy köpçülige elýeterli däl (19-nji iýun 2023-nji ýyl).
- Ylalaşygyň maliýeleşdirilişine, öňe gidişligine we amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek üçin Türkmenistandan we ABŞ-dan hökümetiň, işewürleriň we raýat jemgyýetleriň wekillerinden ybarat bolan garaşsyz maslahat beriji komiteti dörediň. Komitetiň ýygnaklaryny we hasabatlaryny yzygiderli köpçülige aýan ediň.
- Teklip edilýän meýilnamanyň progesini ara alyp maslahatlaşmak, taslamalaryň daşky gurşawa we jemgyýete täsirleri barada pikir alyşmak üçin halk we raýat jemgyýeti bilen aragatnaşyk saklaň.
- Taslama başlamazdan ozal ýetilmeli sepgitleri kesgitläň: Ösüşe gözegçilik etmek üçin maglumatlary ýygnaň we çap ediň. Şeýle hem, gözlegiň meýilnamalary, býujeti, maliýe çeşmeleri, metan syzmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan kompaniýalar, metan syzmalarynyň petiklenjek ýerleri, başlangyjyň jemgyýete we daşky gurşawa täsiri barada köpçülige habar beriň.
- Türkmenistanyň hökümeti we halkara gyzyklanýan taraplaryň berýän maliýe goşantlary barada ähli maglumatlary köpçülige mälim ediň.
- Türkmenistanyň hökümetine we/ýa-da türkmen korporasiýasyna berilýän tölegleri yzarlaň we aýan ediň.
- Taslamanyň progresi barada halka habar we maglumat bermek, gatnaşyjylaryň tekliplerini, arzalaryny kabul etmek we jogap bermek üçin halk bilen anyk aragatnaşyk kanallaryny dörediň.
Progres Fondy degişli taraplary milli we halkara raýat jemgyýeti guramalary bilen işleşmäge, taslama maglumatlarynyň jemgyýete elýeterli bolmagyny ileri tutmaga we Türkmenistanyň hökümeti bilen gatnaşyk meýilleşdirilende halk bilen aragatnaşygy ornaşdyrmaga çagyrýar. Progres Fondy maglumat bermäge we berlen maslahatlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça aç-açan we jogapkärçilikli strukturanyň döredilmegi üçin goşant goşmaga taýýardyr.
Proges Fondy barada
Progres Fondy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän jemgyýetçilik gurmasy bolup, Türkmenistanyň raýatlarynyň wajyp durmuş ýagdaýlaryna düşünmäge goşant goşýan dürli progressiw başlangyçlary hem-de durnukly adam ösüşi barada täze garaýyşlary we oňa ýetmek üçin wajyp çemeleşmeleri döretmegi goldaýar. Progres Fondy progressiw özgeriş wezipesine jogap hökmünde iki sany maglumat portalyny esaslandyrdy. Saglyk.org soňky 12 ýylda Türkmenistanda ilatyň saglyk sowatlylygyny ösdürmek ugrunda işläp gelýär. Saglyk.org pandemiýa döwründe türkmen dilinde COVID-19 barada maglumat berýän çeşmeleriň başyny çekýär. Progres.online ýokary hilli barlaglaryň we syýasy derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmegi öňe sürýän onlaýn analitiki žurnaldyr.