Progres.Online

ABŞ Türkmenistan bilen “işewür hyzmatdaşlygy” goldaýar

ABŞ-yň awtoritar ýurtlar bilen gatnaşygyny öwrenme” atly makalasynda awtorlar Thomas Carothers we Benjamin Feldman, 58 sany demokratik bolmadyk ýurtlary barlap öwrenýärler we bu ýurtlary ABŞ bilen gatnaşyklaryna görä dört topara bölýärler: içgin, işewür hyzmatdaş, sowuk we duşmançylykly. Işewür hyzmatdaş toparyna Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen birlikde 30 ýurt girýär. Gyrgyzsytan bolsa “sowuk” toparda ýer alýar.

Şeýle-de awtorlar ABŞ-nyň bu awtoritar ýurtlara eden demokratik ýardamlaryna hem garaýarlar. USAID we Daşary işler ministrligi demokratik ýardamlaryň köpüsine pul goýberýär. Demokratiýa üçin Milli Gazna (NED) heniz az býujete eýe bolsada, ol awtoritar gurluşlara ýardam etmäge has köp üns berýär. Meselem, ABŞ-yň resmi demokratik kömekleriniň 10% deňeşdirende NED-iň bütin dünýäde jemi pul peşgeşiniň 32% awtoritar ýurtlara iberilipdir.

ABŞ hökümeti “sowuk” gatnaşykdaky ýurtlara “işewür hyzmatdaş” ýurtlardan ortaça iki esseden köp diýen ýaly demokratik ýardam etdi. Mysal üçin, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Türkmenistan hem ABŞ hökümetinden hem-de NED-den iň az mukdarda demokratik ýardam aldy, “sowuk” topara degişli bolan Gyrgysyztan bolsa iň uly mukdardaky alyjy boldy.

Türkmenistan 2022 maliýe ýylynda ABŞ döwletinden $770,000, 2023 maliýe ýylynda Demokratiýa üçin Milli Gaznadan (NED) $346,820 ýardam aldy. ABŞ-yň Türkmenistan bilen gatnaşygynyň möhüm ugrurlaryndan biri klimat ýagdaýy we Türkmenistanyň syzdyrýan gazgeçiriji infrastrukturasyny abatlaýyş meýilnamalary baradaky gepleşiklerdir.

Awtorlar, ABŞ bilen Hytaý we ABŞ bilen Russiýa arasyndaky güýjeýän geostrategik çaknyşmalaryň, ABŞ-yň awtoritar ýurtlar bilen içgin ýa-da işewür hyzmatdaş we sowuk ýa-da duşmançylykly gatnaşyklaryny olaryň tarapdarlygyna bagly kesgitlär diýen netijä geldiler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: