Sebitde Türkmenistanda internetiň aralaşmagy iň pes derejede. Mobil aragatnaşygyk we internet gymmat, haýal 4.11 Mbps internet. Döwlet monopoliýasy, bazaryň inwestorlara ýapyk bolmagy, daşary ýurt hemralaryna bolan ýokary garaşlylyk jemgyýetiň döwrebap ösüşini bökdeýär. Tutuş Sowet giňişliginde Türkmenistan telekommunikasiýa pudagynyň iň ösmedik ýurdy bolmagynda galýar.
Türkmenistanda ykjam aragatnaşygyň aralaşmagynyň görkezijisi – 6,07 million ilat üçin 4,89 million SIM kartasydyr. Başgaça aýdylanda, ilatyň 80,4% mobil aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Ýöne bahalar, mobil aragatnaşygyň tizligi we internet ýaly beýleki görkezijiler boýunça ýurt dünýä sanawynda iň pes orunda durýar.
Internetiň aralaşmagy sebitde iň pes derejede – 33,20%, bir gigabaýt ykjam internetiň bahasy dünýäde iň gymmatlardan biri – 21.41 dollar. 2021-nji ýylyň “Internete elýeterlilik indeksinde” Türkmenistan dünýäniň 169 ýurdunyň arasynda 161-nji orny eýeledi. Ýurtda mobil internetiniň ortaça indirip almak tizligi ýaly käbir maglumatlar açyk çeşmelerde berilmeýär.
Aziýanyň Ösüş Bankynyň krediti bilen 5G hyzmatlary meýilleşdirilýär, ýöne hyzmatlaryň işe giriziljek senesi barada açyk çeşmelerde maglumat ýok. Häzirki wagtda ýurtda işleýän TM CELL söwda belligi bilen diňe “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy bar. Şeýle-de bolsa, bu mydama beýle däldi.
Orsýetiň MTS mobil kompaniýasy Türkmenistanda ilkinji operator bolup, 2005-nji ýylda ýerli, kiçi “Barash Communication Technologies. Inc” (BСTI) kompaniýasynyň paýnamalarynyň 100%-ini satyn almak bilen işe başlapdy. Bu kompaniýany satyn alan MTS 2006-njy ýylda marka adyny “MTS-Türkmenistan” diýip üýtgetdi. 2010-njy ýylda döwlet operatoryň lisenziýasyny ýatyrdy. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa Halkara Söwda palatasyndaky Halkara arbitraz kazyýetine ýüz tutdy. 2012-nji ýylda kompaniýalar ylalaşyk gazanyp, operatoryň işini dowam etdirmegi başardylar.
Meseleler 2017-nji ýylda operatoryň ýygylyklary ulanmaga rugsady täzelenmän we şol bir wagtyň özünde Turkmentelecom aragatnaşyk we internet hyzmatlaryny kesensoň başlandy. Bularyň hemmesi “MTS-Türkmenistanyň” şol döwürde lisenziýasynyň bardygyna garamazdan bolup geçdi. 2018-nji ýylda kompaniýa ýene-de kazyýet işini açdy, ýöne bu gezek Bütindünýä bankyndaky maýa goýum jedellerini çözmek boýunça halkara merkezine daşary ýurt maýadary hökmünde hukuklarynyň bozulmagy barada ýüz tutdy. Operatoryň aragatnaşygy kesilenligi sebäpli kompaniýa 1,5 milliard dollar zyýan çekdi. 2019-njy ýylda “MTS-Türkmenistan” enjamlaryny sökmek işine başlady we ýurduň mobil aragatnaşyk bazaryndan çykdy.
2017-nji ýylda MTS kompaniýanyň işi togtadylanda, TM Cell markasy bolan döwlet operatory “Altyn Asyr” işe girizildi. 2019-njy ýylda MTS gidensoň, ýurtda Altyn Asyrdan başga prowaýder galmady. TM Сell öýjüginiň monopoliýasynda abonentler internete haýal birikmek üçin ýokary bahalary tölemäge mejbur boldy.
Tutuş Sowet giňişliginde Türkmenistan telekommunikasiýa pudagynyň iň ösmedik ýurdy bolmagynda galýar. Muňa döwletiň ýokary monopoliýasy, bazaryň inwestorlar üçin ýapylmagy we döwlet edaralarynyň talaplaryndan maýadarlaryň goragsyzlygy sebäp bolýar. Ýurduň içerki rezerwlarynyň mobil aragatnaşyk we internet üçin doly infrastrukturany gurmak üçin ýeterlik däldigi sebäpli, ýurt üçin has köp daşary ýurt maýa goýumlary zerur bolup durýar.
Şeýle-de bolsa, Türkmenistan inwestorlaryň goýumlaryna bikanun gatyşmakdan we emeli usulda döredilen päsgelçiliklerden gorajak kanunçylyk binýadyny esaslandyrmak üçin köp iş etmeli.
Digital 2021: Türkmenistanyň internet ulanyjylary
- 2021-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanda 2.01 million internet ulanyjysy bar.
- Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 2020-njy we 2021-nji ýyllar aralygynda 30% artdy.
- Türkmenistanda internetiň aralaşma derejesi 33.20%.
- Online hyzmatlardan peýdalanýanlar 2%, banklarda hasaby bar adamlar – 40.6%.
Çeşme: Merkezi Aziýada mobil aragatnaşygy we internet nähili ösýär?
Düşündiriş: Internetiň täze “arzanlan” bahasy we onuň tizligi