Progres.Online

Näçe gazagystanlylaryň iýmite puly ýetenok?

Gazagystanlylaryň arasynda geçirilen jemgyýetçilik garaýyşlary öwrenýän barlag, ýurtda ähli sosial görkezijileriň ep-esli ýaramazlaşandygyny ýüze çykardy. Pikir soraşygyň netijeleriniň käbiri:

“Iýmit üçin ýeterli bar, ýöne egin-eşik üçin ýeterlik däl” topary 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 35% bolup, toparlaryň iň ulusy boldy. Biz ýurdumyzda jemgyýetçilik gurluşy barada esasy barlaglaryň ýokdugyny göz öňünde tutup, “egin-eşige ýetýär, ýöne telewizor ýaly uly öý enjamlaryny satyn almak üçin pul ýetenok” toparyny Gazagystanyň orta gatlagy hökmünde aldyk. 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bu topar liderligini ýitirdi, görkeziji peseldi. Öň takmynan 50%, indi 31% boldy”.

Sorag: häzirki wagtda ilatyň aglaba böleginiň keýpi nähili? Ozal “umyt bar” jogaby 50% we has ýokarydy, 2017-nji ýylda – 43%, 2021-nji ýylda – eýýäm 30%. Şu wagt diňe her üç adamdan bir adam bir zada umyt edýär. Geljege bolan ynam ozal 20% derejesinde bolupdy, indi bolsa 5-7% -e çenli peselýär, bu biziň pikirimizçe ýagdaýyň heläkçilikliliginden habar berýär. Umytsyzlyk, alaçsyzlyk we lapykeçlik duýgusy 10%-dan 20% -e, aýdyň geljegiň ýoklugy – 15% den-25% ýokarlandy.Ýagny, geljegimize negatiw baha bermegiň 10% ýokarlanandygyny görýäris.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: