Progres.Online

Merkezi Aziýada suwaryşy döwrebaplaşdyrmak: düşünjeler we çemeleşmeler

Ýakynda, BMG-nyň Azyk we oba-hojalygy guramasy (AOG) “Merkezi Aziýada suwaryşy döwrebaplaşdyrmak: düşünjeler we çemeleşmeler” atly hasabaty çap etdi. Onda Merkezi Aziýada bir ýyllap geçirilen suwaryş gözlegleriniň netijeleri we suwaryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin esasy çäreler beýan edilýär. Hasabat syýasatçylara we suwaryş ulgamlarynyň ekspertlerine suwaryşyň häzirki ýagdaýy barada gollanma hökmünde niýetlenendir.

Hasabatyň esasy netijeleriniň gysgaça mazmuny:

Merkezi Aziýada suwuň elýeterliligi

Klimat şertleri sebäpli Merkezi Aziýanyň umumy meýdanynyň 10%-inden hem az bölegi ekine ýaramly meýdanlar hasaplanýar we şonuň 80%-i suwarylýar. Emma, ýurtlaryň suwaryş we zeýkeş infrastrukturasy ýaramazlaşyp, mümkinçiliginden pes işleýär we suwarymly ýerleriň meýdany ep-esli azalýar.

Merkezi Aziýada suw baýlyklary deň paýlaşylmaýar. Türkmenistan we Özbegistan suw meselesinde goňşy ýurtlar bilen sebitleýin ylalaşyklara bil baglaýarlar. Bu ýurtlara suw Gyrgyzystandan we Täjigistandan akýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suw gytçylygynyň iň ýiti ýeri Türkmenistan bolup, suwuň 97%-i ýurduň daşyndan gelýär.

Serhetara ylalaşyklary baglaşylmasa, Türkmenistan ýiti suw ýetmezçiligi bolan sebitlere goşular we suwuň elýeterliligi hasam azalar. Täzelenýän süýji suw çeşmeleriniň adam başyna düşýän umumy ýyllyk mukdary 4609 m3 bilen deňeşdirende, täzelenýän içerki süýji suwlaryň adam başyna düşýän ýyllyk mukdary bary-ýogy 257 ýa-da 10 sany Olimpiýa howuzyndaky suwuň mukdaryna barabar bolar.

2012-nji ýylda, Türkmenistanda 1.4 milliard m3 gaýtadan ulanylýan suw baýlyklary ýa-da ýagyn suwlary elýeterlidi. Ylalaşyklar esasynda goňşy ýurtlardan Türkmenistana akan suwuň mukdary bolsa 80.2 milliard m3. Klimatyň üýtgemegi, ýygy-ýygydan ýiti gurakçylyk we suw joşmalary sebäpli suw ýetmezçiliginiň hasam erbetleşmegine garaşylýar.

Suw gytçylygynyň oba hojalygyna täsiri

Türkmenistanda suwuň ~94%-i oba-hojalygyna sarp edilýär. Ýurduň oba-hojalygynyň jemi içerki önümdäki paýy (JIÖ) ~9% we häzirki wagtda, işçi ilatyň 8%-e golaýy oba-hojalygynda işleýär. Bu görkeziji goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende juda pes, ýöne Türkmenistan pagta eksport edýän möhüm ýurtlaryň biridigi üçin bu görkeziji hem ähmiýetlidir. Türkmenistanyň ilatynyň 49.6%-i obalarda ýaşaýanlygy zerarly oba-hojalygy aýratyn wajyplyga eýedir. Merkezi Aziýanyň öndürijilik we ekin hasyllylygynyň derejesi halkara ülňüleri boýunça pes hasaplanýar. Emma, Türkmenistanda pagtanyň we bugdaýyň ortaça hasyly Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna seredeniňde 2-3 esse pes. Ýurtda 1 gektar atyzdan 1.24 tonna pagta we 1.14 tonna bugdaý hasyly ýygnalýar.

Ýerüsti suwaryş Türkmenistanda ulanylýan ýeke-täk suwaryş usulydyr. Has tygşytly bolan damjalaýyn we pes basyşly suwaryş usullary Merkezi Aziýada düýbünden ulanylmaýar diýen ýaly. Bu usullar arkaly ýerleriň diňe 0.5%-i suwarylýar. Suwarymly meýdanlaryň ~51%-i grawitasiýa (dartyş) ýa-da nasos ulgamlary ýaly drenaž ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan we olaryň köpüsi ýaramaz ýagdaýda. Atyzlardaky zeý suwlaryň derejesi kanalizasiýanyň suw geçirijiliginden pes bolan halatynda zeýkeş ulgamlary artykmaç suwy grawitasiýa ýa nasos arkaly aýyrmaga ýardam edýär.

Topragyň ýaramazlaşmagy we ykdysady ýitgiler

Topragyň şorlanmagy Merkezi Aziýanyň aglaba böleginiň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir meselesidir. Şorlanma ekin ösdürüp ýetişdirmek üçin topragy ýaramsyzlaşdyrýar. Türkmenistan we Özbegistan şorlanmadan iň köp täsirlenen döwletler bolup, häzirki wagtda, bu ýurtlaryň suwarymly ýerleriniň 50%-den gowragy şorlanan. Türkmenistan şorlanma derejesini peseltmek üçin zeý suwlarynyň ýarysyny derýalara akdyrmaga rugsat berýär. Galan bölegini bolsa tebigy howdanlara (Mysal üçin: Sarygamyş köli) akdyrýar.

Türkmenistanyň jemi ekine ýaramly meýdanlarynyň 68%-i ýaramazlaşan we klimatyň üýtgemegi sebäpli bu meseläniň gelejekde hasam erbetleşmegine garaşylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň suwaryş ulgamynyň köneligi üçin döreýän batgalaşma we şorlanma sebäpli oba-hojalygy $378 million ýitgä sezewar bolýanlygy çaklanylýar.

Maslahatlar:

Hasabat Merkezi Aziýada suwaryş we zeýkeş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin bäş ugury belleýär:

  • Döwrebaplaşdyrmagy üpjün etjek syýasatlar we kanunlar;
  • Döwrebaplaşdyrmagy goldaýan institusional özgertmeler;
  • Hyzmaty gowulandyrmak üçin ulgam täzelenmeleri;
  • Daýhanlaryň oba-hojalygynda ulanýan tejribelerini döwrebaplaşdyrmak;
  • Bilim we maglumat ulgamlaryny gurnamak.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: