Progres.Online

Merkezi Aziýada aýal-gyzlaryň tölegsiz zähmeti

BMG-nyň “BMG zenanlary: Ideg ykdysadyýetine täzeden garaýyş we ösüş üçin aýallary güýçlendirmek” atly hasabatyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýallaryň oýde tölegsiz iş jogapkärçiligi azaldylanda sebitiň aýallary giň mümkinçilige eýe bolar.

  • Aýallaryň edýän tölegsiz işi (mysal üçin: öý işleri) gender deňligi we aýallaryň ykdysady, sosial taýdan güýçlenmeginde esasy päsgelçilikdir.
  • Merkezi Aziýada gender gatnaşyklary gurluşy boýunça henizem erkeklere “maşgala ekleýji”, aýallara bolsa “ideg ediji” hökmünde seredilýär we aýallaryň hem işleýändigi göze ilmeýär.
  • Zenanlaryň işçi güýjüne gatnaşmagy aýallaryň ykdysady mümkinçilikleri gazanmagy üçin möhümdir. Merkezi Aziýada aýallaryň işçi güýjünine gatnaşyk derejesi ortaça 70%.
  • COVID-19 pandemiýasy döwründe, köp adamlar şäherlerden obalara göçdiler. Bu oba aýallarynyň tölegsiz ideg we öý-hojalyk işleriniň ýüküni artdyrdy. Şeýle hem, baý ýurtlaryň we maşgalalaryň sosial we ideg hyzmatlary üçin migrant aýal işçilere garaşlydygyny paş etdi.
  • Pandemiýa başlany bäri, erkeklere seredeniňde aýallar has köp öý işlerini edipdirler we uzak wagtlap tölegsiz ideg beripdirler, aýratynam Gyrgyzystanda.

Türkmenistan:

  • 2019-njy ýylyň hasabatyna görä, erkekleriň işçi güýjüne gatnaşygy 93.7%, aýallaryňky bolsa 68.3% bolup, işçi güýjündäki gender aratapawudy 25.4%.
  • Türkmenistanda işçi aýallaryň 64%-i bilim pudagynda işleýärler.
  • Türkmenistanda aýallaryň işçi güýjüne gatnaşygy boýunça Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň pes derejede, emma mekdebe çenli çagalaryň bilim almagy boýunça iň ýokary derejede.
  • Hasabata görä, Türkmenistanda aýallara 16 hepde doly tölegli enelik rugsady berilýär, emma kakalyk rugsady tölegsizdir. Şeýle hem, erkeklere kakalyk rugsady diňe enäniň çaga ideg etmäge ukypsyzlygyny subut eden ýagdaýynda, çaga 3 ýaşaýança berilýär. Enä ýa ata berilýän çaga idegi üçin tölegsiz rugsat 156 hepde.
  • Ýöne, Özbegistanda boluşy ýaly, Türkmenistanyň hem syýasylaşdyrylan we ösmedik statistika ulgamy zerarly aýallaryň hukuklaryna, tölegsiz işine we işçi güýjüne gatnaşygyna gözegçilik, syn etmek kyn.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: