Progres.Online

Hytaýdan garaýyş: Koronawirus Merkezi Aziýada “Guşak we ýol” taslamalaryna nähili täsir etdi?

Hytaýyň 1 trillion dollarlyk “Guşak we ýol” taslamasy Hytaýy Ýewropa, Afrika we Aziýanyň beýleki bölekleri bilen birleşdirmek üçin täze demir ýollar, ýollar, port we energiýa infrastrukturasyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Tanymal hytaýly bilermen Zhan Nin öz makalasynda pandemiýanyň Merkezi Aziýada Hytaýyň “Guşak we ýol” inisiatiwasynyň durmuşa geçirilmegine edýän täsiri barada ýazýar. Gyzykly ýeri Hytaýyň Sosial Ylymlar akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň hünärmeni hytaýlylaryň garaýşyny beýan edýär. Zhan Nin şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň koronawirusa garşy göreşmek üçin görýän çärelerini seljerýär, Hytaý-Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň meselelerine we geljegine ünsi çekýär we Russiýa bilen ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky syýasatyna baha berýär.

Bilermen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň epidemiýanyň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça edýän tagallalaryna garamazdan, koronawirusyň sebitdäki döwletleriň ösüşine çynlakaý täsirini dowam etdirýändigini ýazýar. Makalada şeýle pikirler öňe sürülýär:

  • Pandemiýa Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň azalmagyna we käbir mümkinçilikleri ösdürmek taslamalarynyň yza çekilmegine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, şol döwürde “Saglygyň ýüpek ýoly” we “Sanly ýüpek ýoly” proýektler ösdürüldi.
  • Hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan potensial doly ulanylmaýar. “Hytaý howpy teoriýasy” diýilýän garaýyşyň ýaýramagy ýurtlaryň Hytaý bilen hyzmatdaşlygyna päsgelçilik döredýär. Bilermen käbir sebitlerde “hytaý howpy teoriýasynyň” barha güýçlenýändigini we käbir adamlaryň hytaý kompaniýalarynyň maýa goýumlaryna, taslamalaryna, olaryň göwrümine we tizligine garşy çykýandygyny belleýär. Hytaýyň iri proýektlaryna esasanam Gyrgyzystanda we Gazagystanda garşy çykylýar.
  • Awtoryň pikiriçe, “Hytaý howpy teoriýasynyň” barha artýan meşhurlygy, esasan ABŞ-nyň syýasaty bilen baglanyşykly. Waşington “Guşak we ýol” inisiatiwasy bu bir “bergi duzagy” diýen ýalan formulany bilkastlaýyn ýaýradýar we Sinszýanda “täzeden terbiýlemek” lagerleri barada myş-myşlaryň ýaýramagyny goldaýar. Şeýle hereketler Hytaý bilen hyzmatdaşlyga ýaramaz täsir edýär. Hususan-da, 2020-nji ýylyň fewral aýynda Hytaýyň söwda kompaniýasy tarapyndan Gyrgyzystanyň Naryn senagat söwda we logistika merkeziniň taslamasyna 280 million dollar maýa goýmak meýilleşdirildi. Şeýle-de bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň garşylygy sebäpli şertnama baglaşylmady we kompaniýa ýapylmaga mejbur boldy.
  • Pandemiýandan öň Merkezi Aziýa ýurtlary “sanly ykdysadyýeti” ösdürmegiň strategiýalaryny düzdüler ýöne pandemiýa bu strategiýalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Merkezi Aziýa döwletleriň we Hytaýyň täze internet tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy çalt depginde ösýär.
  • Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde tutýan orny we täsiri barha artýar. Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýyň iň amatly hyzmatdaşdygyny gowy bilýärler. Russiýanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri gowşaklygyna galýar we Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak kyn.
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň halkara derejesinde uly täsiri bar bolsa-da, olar Merkezi Aziýadan gaty daşda. Mundan başga-da, olar hemişe Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky rezimleriň howpsuzlygyna howp salýan oppozisiýany goldamaga synanyşýarlar. Hytaý bolsa serişdeleri we bazarlary bolan ýakyn goňşydyr. Ol hiç wagt içerki işlere goşulmaýar we deňlik esasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürip bilýär. Bilermen “Guşak we ýol” Merkezi Aziýa ýurtlarynyň töwekgelçiliklere we daşarky garaşlylygy azaltmaga çydamlylygyny güýçlendirip biljekdigine ynanýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: