Progres.Online

Gyrgyzystanly işçileriň protestleri we zähmet hukuklary

Gyrgyzystan koronawirus pandemiýasynyň fonunda, 2020-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylmagynyň netijesinde bolup geçen döwlet agdarylyşygyndan soň has çuňňur syýasy krizisine girdi. Ýurtda saýlawlaryň netijelerini ýatyrmak ugrundaky göreşden soň, dürli syýasy güýçler häkimiýeti ele almaga, konstitusiýany üýtgetmäge, prezident sistemasy ýurt dolanyşygyny yzyna gaýtarmaga synanyşyp, täze saýlawlary näbelli bir wagta yza süýşürdiler. Bu bolsa awtoritar hökümet dolanşygyny ýola goýyar.

Sowet Soýuzy dargansoň, kärhanalaryň köpüsi bankrot boldy we hususylaşdyryldy. Bu bolsa Gyrgyzystanda işçi ilatyny ösüş mümkinçiliklerinden mahrum etdi. Zähmetkeşleriň çözülmedik meseleleriniň toplanmagy protestleriň döremegine sebäp bolup ýurtda ýagdaýyň durnuksyzlaşmagyna getirýär. Garaşsyz gyrgyzstanly gözlegçi Bermet Borubaýewa ýurtda syýasy özgerişlikler we anarhiýa dörän döwründe işçileriň protestlerine we nägileligine synyny makalada beýan edýär.

Krizis prosesleri SSSR-iň dargamagyndan soň has güýçlendi. Gyrgyz raýatlarynyň köpüsi daşary ýurda hemişelik göçüp başlady. Şeýlelikde häzirki wagtda sosial-ykdysady ulgamynyň býujetynyň üçden bir bölegi zähmet migrantlarynyň öýlerine iberýän pul serişdeleri bilen düzülýär. Zähmet meseleleriniň çözülmegine düýbünden äsgermezlik, soňky 30 ýylda adamlary zähmet hukuklaryndan bilkastlaýyn mahrum etmek, işçileriň iş beriji bilen ýüzbe-ýüz bolup ýeke galmagyna sebäp boldy. Sen ýa iş berijiniň şertlerine boýun bolýarsyň, ýa-da işden çykýarsyň we ýurtdan çykyp migrasiýa çykýarsyň. Gyrgyzystanda işlemegi dowam etdirýänler zähmet kanunçylygynyň gödek bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ýöne şol bir wagtyň özünde işçileriň iş berijä we umuman öz ýagdaýalaryna täsir edip bilmeýärler. Zähmetkeşleriň protestleri guramaçylyk taýdan öz-özünden döreýär we anyk bir tertip-düzgüne görä alynyp barylanok.

Umuman aýdanyňda, işçiler protestlerde özlerini synçy ýaly alyp barýarlar. Olar protest gurnamakda işjeňligi seýrek görkezýäler we öz hukuklaryny yzygiderli sorap goramagyny talap etmeýärler.

Soňky wagtda Gyrgyzystanyň çäginde geçirilýän işçileriň protest ýörişleri dürli-dürli maksatlary yzarlaýar:

  • Has ýokary aýlyk we has amatly iş şertlerini gazanmak üçin ýörişler;
  • Bellenen ýolbaşça garşy ýörişler;
  • Kärhanalary gorap saklamak we döwletiň eýeçiligine geçirimek/ hususylaşdyrmak meseleleri;
  • Hytaýyň we beýleki daşary ýurt täsirlerine, maýa goýumlaryna garşy çykyşlary;
  • Kärhana eýeleriniň eden-etdiliklerine garşy ýörişler.

Awtoryň syny Gyrgyzystanda 2020-nji ýylyň güýzünde bolup geçen zähmet protestleriniň seljeriş synanyşygydyr. Derňew hökmünde birnäçe kärhanalardan bolup geçen protestleri üns merkezine alynýar. Olar Talasdaky ýokary woltly elektrik setiniň kärhanasyndaky we “SeverElectro”-daky protestler, “Manas” howa menziliniň işgärleriniň çykyşlary we Kadamjai kombinatynyň bankrot bolmagynyň wakasydyr.

Esasy synlar

Häzirki wagtda kanunlaryň, adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy durmak üçin işçiler uly topar, güýç döredip bilmeýärler. Şol bir wagtyň özünde, syýasy wakalar zähmetkeşleriň toparlaryna has-da birleşmäge, jebislige mümkinçilik döredýär. Işçileriň düşünjesi, habarlylygy häkimiýet näçe üýtgese-de, olar oz adamlaryny dürli wezipelere belläp, hiç kim işçileriň isleg-arzuwlarynyň wekili bolmajagyna düşünenlerinde artýar.

Zähmet protestleri köpçülikleýin işçi toparlary tarapyndan yzygiderli hereket edilýänçä dagynyk bolmagyny dowam eder. Hawa, bu eýýäm ruhyçökgünlige düşen we köp çeşmelerden mahrum bolan işçilerden goşmaça guramaçylyk, psihologiki we maliýe serişdelerini we ukyplary talap edýän kyn mesele. Emma yzygiderli, planlaşdyrylan oýlanşykly hekereketler işçileriň ýagdaýynda düýpli üýtgeşmeleriň peýda bolmagyna getirip biler.

Gyrgyzstanda iş kollektiwleriň we kärdeşler arkalaşygynyň (profsoýuz) çäginde durnukly iş mehanizmleri henizem ýola goýulmadyk. Şol bir wagtyň özünde, kärdeşler arkalaşygy federasiýasynyň garaşsyzlygynyň düýbünden “ýatyrylmagy” howpy abanýar. Soňky teklip edilen kanun kärdeşler arkalaşygy guramasynyň garaşsyzlygynyň üýtgemegini öňe sürýär. Emma muňa garamazdan, işçileriň öz ýagdaýlaryna düşünmekde hil taýdan ösüşiň bardygyny görýäris we olaryň indiki soragy, näme üçin önümçilik bilen hiç hili baglanyşygy, iş tejribesi bolmadyk adamlar tarapyndan syýasy kararlaryň kabul edilýändigi bolar. Galybersede, işçileriň bähbitlerini diňe işçileriň özleri gorap bilerler.

Кыргызстан 2020: протесты рабочих и трудовые права

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: