Progres.Online

Gruziýa korrupsiýa garşy nädip göreşdi?

“Transparency International” (TI) halkara aç-açanlyk guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Türkmenistan korrupsiýada “Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde iň yzdaky orny eýeledi. Öňki sowet ýurtlaryndan Gürjüstan we Ermenistan “Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde iň öňdäki (az korrupsiýa) orunlary eýelediler. Olar 45-nji, 60-njy orny aldylar.

Guramanyň maglumatlaryna görä Ýewropa we Merkesi Aziýa sebitinde alty adamdan biri döwletiň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin para töledi diýip bellenilýär. Korrupsiýa – emeldaryň halkyň beren ygtyýarlyklaryny şahsy bähbidi üçin hyýanatçylykly ulanmagydyr.

1990-nji ýyllarda Gürjüstan post-sowet giňişliginde iň korrumpirlenen ýurtlaryň biridi. Häzirki wagtda ýurt parahorluk derejesi pes bolan Ýewropa ýurtlary bilen bäsleşip gelýär.

Gruziýa korrupsiýa garşy nädip göreşdi?

  1. Syýasy erk we isleg: Häkimiýetler döwlet sektorynda we hyzmatlarynda korrupsiýa ýol bermejekdiklerini aç-açan aýtdylar.
  2. Gürjüstanda “bir penjirede” ýörelgesi girizildi. Islendik döwlet şahadatnamany ýa-da resminamany bir ýerde, bir ýere baryp alyp bolar ýaly edildi.
  3. Polisiýa işgärleriniň 85% täzelendi. Bölümiň netijeliligi ýokarlandy – işgärleriň sany azaldy, ýöne hili ýokarlandy.
  4. Köp ugurlarda düzgünleşdirmek, biderek sprawkalar azaldyldy. Mysal üçin, ygtyýarnama almak, ulag barlagyndan geçmek üçin lukmançylyk synaglary ýatyryldy.
  5. Ýangyn gulluklarynyň gözegçiligi, sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik hyzmatlary ýatyryldy. Emma ýangynyň sany köpelmedi.
  6. Döwlet işgärleriniň aýlyklary galdyryldy. Olary höweslendirmek we iň gowy işgärleri işe çekmek usullary girizildi. Aýlyklar 10-15 esse ýokarlandy.
  7. Korrumpirlenen işgärleri tussag etmegiň tertibi we olaryň emlägini konfiskasiýa etmegiň tertibi kadalaşdyryldy we ýönekeýleşdirildi.
  8. Resmi taýdan ogrylara garşy göreş yglan edildi. Jenaýata başlyk bolanlaryň onlarçasy gözenegiň aňyrsyna iberildi.
  9. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde korrupsiýa bilen baglanyşykly tussag edilmeleriň we jenaýat işleri barada yzygiderli habar berildi.
  10. Halka munuň döwlet we geljek üçin näderejede möhümdigini düşündirildi. Köp döwlet hyzmatlaryň elektron formata geçirilmegi – bularyň hemmesi hyýanatçylykly peýdalanmak üçin mümkinçilikleriň sanyny azaltdy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: