Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (EBRD) Türkmenistanda 2021-nji ýylda hakyky jemi içerki önümiň ösüşiniň çaklamasy – 1,0%.
Eksportdan gelýän girdejileriň ep-esli azalandygyna garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti jemi içerki önümiň (JIÖ) güýçli 5,9 göterim ösüşini habar berdi. Söwda dolanyşygynyň 2020-nji ýylda 2019-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,8 göterim ýokarlandygy habar berildi. Ýurtda СOVID-19 keseli hasaba alynmasada, häkimiýetler serhetara we içerki hereketleri çäklendirip öňüni alyş çäreleri gördi, sosial aralygy girizdi. Uly söwda merkezleriniň, bazarlaryň, teatrlaryň, seýilgähleriň we sport desgalarynyň işleri gysga wagtlaýyn togtadyldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary ýeterlik derejede häkimiýetleriň bölünişigini (kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet) we plýuralizm kadalaryny üpjün edip bilmeýär. Halkara guramalar Türkmenistanda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň hakyky ýagdaýlary barada çuňňur alada bildirmeklerini dowam etdirýärler. Guramalar resminamalarda görkezilen ýörelgeler we olaryň iş ýüzünde ulanylmagynda uly tapawut bardygyny, raýat we syýasy hukuklaryň durmuşa pes derejede geçirilmegine, şeýle hem korrupsiýanyň derejesine alada bildirýärler.
Soňky ýyllarda resmi taýdan 6 göterimden ybarat ýokary ösüş depginine garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 2016-17-nji ýyllar aralygyndaky gowşak eksport girdejileri we ägirt uly hökümet taslamalaryna harçlanan maddy serişdeler daşary ýurt walýutasynyň ýetmezçiligine we netijede Merkezi bank tarapyndan girizilen çäklendirmelere sebäp boldy.
Türkmen manatyň hümmeti yzygiderli peseldi, inflýasiýa çaltlaşdy we ýurduň daşarky we maddy ýagdaýlary basyş astynda galýar. Ýurduň bäsdeşlige bolan ukyplylygyny we kyn biznis gurşawyny ýokarlandyryp biljek gerekli reformalar zerur bolup galýar. Bu ýagdaý daşary ýurt maýa goýumlaryna ýaramaz täsir edýär.
Umuman aýdanyňda, Türkmenistan durnukly bazar ykdysadyýetine geçmegiň gaty irki döwründe bolup, hususy pudagynyň işjeňligi gaty çäkli bolmagyna galýar. Netijede, 2010-njy ýyldan bäri ÝDÖB ýurtda diňe hususy pudagyň ösüşine ünsini jemledi we özgermeýan döwlet sektory bilen gatnaşygyny çäklendirdi.
Täze strategiýanyň iş döwründe, bank täze dörän hususy pudagy goldamak meselesini dowam etdirer.
Şeýle hem, bank hökümetiň döwlet pudagyny özgertmek baradaky anyk kesgitlenen başlangyçlaryny üns bilen ölçäp, reformalary ygtybarly görnüşde goldamagy göz öňünde tutar.
Ilkinji nobatda, bank Türkmenistanyň aşa ýokary energiýa we uglerodlara bolan garaşlylygyny göz öňünde tutup, durnukly şäher infrastrukturasyna we “ýaşyl geçişe” gönükdiriljekdigini göz öňünde tutýar. Bank diňe bu başlangyç özgertmeler durmuşa geçirilen ýagdaýynda gatnaşyklary has çuňlaşdyrmany göz öňünde tutar.
Ýurtda hususy sektory goldaýan az sanly halkara gatnaşyjylaryň biri hökmünde ÝDÖB, BMG we Ýewropa Bileleşigi ýaly beýleki halkara guramalary bilen ýakyndan ylalaşyp, Türkmenistanda ösüşlere baha bermegi, gözegçilik etmegi we reformalary öňe sürmegi dowam etdirer.
ÝDÖB we Türkmen jemgyýeti
ÝDÖB öz iş düzgünlerine görä, entek ýurt bounça strategiýasyny kabul etmäkä ýurduň daşynda we içinde iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalary bilen diňlenşikleri we duşuşyk geçirýär. Bu duşuşyk soňky gezek 2018-nji ýylda Aşgabatda we Londonda geçirilipdi. Duşuşuga degişli bellikleri, iňlis dilinde hasabaty şu ýerde okap bolýar. Şeýle duşuşuklarda Bank ilatyň isleg arzuwlaryny öwrenýär.