Progres.Online

Türkmenistanyň ykdysady taryhy barada näme bilýarsiň?

Türkmenistanyň Sowet Soýuz döwründäki ykdysadyýeti we garaşsyzlyk döwründen soňky ykdysady reformalar barada öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda size Halowanyň we Orazowyň birlikde ýazan “Ykdysady reformalar we Türkmenistanyň mikro ykdysady syýasaty” (Economic reforms and macroeconomic policy in Turkmenistan) atly akademiki makalasyny okamagy redaksiýamyz tarapyndan maslahat berýäris.

Bu makala abraýly JSTOR platformasynda ýerleşdirilen “Russian and East European Finance and Trade” atly akademik žurnalynda 1999-njy ýylda iňlis dilinde çap edildi. Makalanyň çap edilen döwründe Professorlar Halowa we Orazow ikisem Türkmen Döwlet uniwersitetinde işläpdirler. Şu wagt Professor Halowa Gülnar Osmanowna Gubkin adyndaky uniwersitetiň “Dünýä ykdysadyýeti we energetika syýasaty” bölüminde işleýär. Professor M. W. Orazowyň bu günki günde näme iş bilen meşgul bolýanlygy hakynda hiçhili maglumat tapyp bilmedik.

Gyzykly statistiki sanlar

Bu ylmy işde ýurduň durmuşyna degişli bir näçe gyzykly sanlar berilýär.

  • Sowet Soýuz döwründe ýurduň ilaty her ýyl ýokary derejede ortaça 2.2% artypdyr. Çagalar we ýetginjekler ýurduň ilatynyň aglaba bölegini tutupdyrlar. Iş orunlaryny gözleýän adamlaryň sany işi taşlaýanlardan 3 we 3.5 esse köp bolupdyr.
  • Sowet Soýuzy Türkmenistandan tebigy gazy 1000 metr kub üçin 6 teňňä satyn alypdyr we edil şo döwürde Sowetleriň özi dünýä bazarynda tebigy gazyň 1000 metr kubyny 80 Amerikan dollaryna satýan ekenler. Türkmenistandan satyn alynýan çig malyň dünýä bazary bilen deňeşdirilende gaty arzan bolmagy Sowet Respublikalarynyň arasynda uly deňsizligi emele getiripdir.
  • 90-njy ýylarda Türkmenistandaky dogulýan bäbekleriň her 1000 sanysyndan 45.2-si ýogalýan eken. Bu san bütin Sowet Soýuzynyň ortaça sanlaryndan 2 esse ýokary we Russiýanyňkydan bolsa 2.6 esse ýokary bolupdyr. Şeýle hem, ýurtdaky ortaça ömür dowamlylygy bütin Sowet Soýuz Respublikalarynyň arasynda iň gysgasy bolupdyr. Erkekler ortaça 63 ýaşda ýogalýan bolsalar (Sowet Soýuzyndaky ortaça san 69 ýaş), aýallar ortaça 70 ýaşda (ortaça 74 ýaş) ýogalýan ekenler.
  • Ýurtda ilat başyna 1990-njy ýylda 60kg miwe öndürilen bolsa, Türkmenistandaky ýaşaýjylar adam başyna onuň bary-ýogy 21 kg iýipdirler. Şol bir wagtyň dowamynda, bütin Sowet ýurtlaryndaky ortaça san 36kg bolupdyr. Şeýle hem, 1990-njy ýylda Türkmenistanlylar et we başga nahar iýmitlerini beýleki Sowet Respublikalary bilen deňeşdirilinde 2 esse az iýipdirler.

Türkmenistanda garaşsyzlyk alanyndan soň, ilkinji reformalar 1992-1996-njy ýyllar arasynda amala aşýar. Häkimiýet sowet döwründäki merkezden planlanan ykdysady sistemasyndan progressiw bazar ykdysadyýetine geçmegi planlaýar we emeldarlar “milli mentalitety” bahanalap haýal şekilde reforma geçirmegi saýlaýarlar. Prezident Nyýazow reformalara degişli: “Bize rewolýusiýa gerek däl, biz ewolýusiýanyň tarapdary” (17-nji sahypa) diýip belläp geçýär. Şonuň netijesinde, ýurtda nebit-gaz ýataklarynyň köp bolany üçin we olardan geljek pullara bil baglanany sebäpli, düýpli ykdysady reforma geçirmekde sebitdäki ýurtlaryň arasynda iň haýaly Türkmenistan bolýar.

Suratyň çeşmesi

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: