Progres.Online

Türkmenistanda biznes näçe wagtda açyp bolýar?

Türkmenistanda öz biznesiňi açmak üçin näçe gün, hepde, aý gerek bolýar? Biznes açmagyň ýenillik derejesi bilen korrupsiýanyň derejesi (parahorlygyň) arasynda arabaglanyşyk barmyka? Gruziýa korrupsiýanyň derejesi boýunça 2003-nji ýylda 133 ýurduň arasynda 124-nji ýeri eýeläpdi. Ýöne 2010-njy ýylda 73-nji ýer we 2020-nji ýylda bolsa 180 ýurduň arasynda 45-nji orny eýeleýär. Bary ýogy 17-nji ýylyň içinde dünýädä korrupsiýanyň pajarlap ösen ýurdundan sebitde korrupsiýanyň az duş gelýän ýurduna nädip öwrüldikä?

Bu soraga jogap bermek üçin geliň ilki bilen telekeçiler üçin biznes açmak we ýöretmek üçin dürli ýurtlarda berilýän ýeňilliklere seredeliň. Munuň üçin Dünýä Bankynyň “Ease of doing business” atly indeksine göz aýlalyň. Gruziýa bu indeksde bütindünýä boýunça 7-nji orny eýeleýär.

Gruziýada täze biznesi 1 (bir) günüň içinde açyp, registrasiýa edip bolýar!

Indeksiň ölçeýän ugurlary:

  1. Biznes açmak üçin näçe gün gerek, çykdaýjylary we näçe sany proseduralardan ybarat;
  2. Gurluşyk rugsatnamasyny almak üçin gerek bolan wagt we onuň çykdaýjylary;
  3. Elektrik toguny çekmek üçin gerek bolan wagt we onuň çykdaýjylary;
  4. Emlägi registrasiýa etmek üçin gerek bolan wagt;
  5. Kredit almakdaky ýeňillikler we telekeçileriň hukuklary;
  6. Kiçi maýadarlaryň goraglylygy;
  7. Telekeçilere salyndan salgytlar: mukdary, salgytlary tölemek üçin gerek bolan wagt, ýygylygy;
  8. Serhetler arasy söwda etmek; eksport we import üçin gerek bolan wagt we onuň çylşyrymlylygy;
  9. Kazyýetleriň telekeçiler arasyndaky şertnamalary goramagy;
  10. Telekeçileriň bergilerini töläp bilmedik ýagdaýlarynda kazyýetleriň görýän çärelerini ölçeýär.

Bu agzalan görkezijileri jemläp, Dünýä Banky bir umumy indeksi döretdi. 2020-nji ýylda Gazagstan 25-nji, Özbegistan 69-njy, Gyrgyzstan 80-nji we Täjigistan 106-njy orny eýeleýär. Täze biznes açmak we registrasiýa etmek üçin gerek bolan wagtlar Gazagstanda 5 gün, Özbegistanda 3 gün, Gyrgyzstanda 10 gün we Täjigistanda 7 gün gerek bolýar. Ýurda degişli ýeterlik maglumatyň bolmanlygy sebäpli, Türkmenistan bu sanawda ýer almaýar.

Dünýä Banky bu indeksi 2004-nji ýylda döredipdi. Gruziýada biznes açmagyň ýeňillik derejesi 2006-njy ýylda bütin dünýä boýunça 100-nji orny eýeläpdir. Ýurtdaky biznese we aç-açanlyga degişli reformalar netijesinde, Gruziýa 14 ýylyň içinde 100-nji orundan düşüp 7-nji orna ýetipdir.

Bu üstünliklere ýetmek üçin Gruziýanyň geçiren reformalarynyň netijeleri şulardan ybaratdyr:

  1. Täze biznesi açmak we registrasiýa etmek üçin gerek bolan wagt 1 gün;
  2. Täze emlägi registrasiýa etmek üçin gerek bolan wagt 1 gün;
  3. Bizneslere salynýan salgytlar umumy girdejiden 9,9% edildi we olary tölemekde býurokratik işler azaldyldy;
  4. Banklardan kredit almak aňsatlaşdyryldy we telekeçileriň emläk hukuklary güýçlendirildi;
  5. Haryt eksport we import etmekdäki proses aňsatlaşdyryldy we bularyň dokument işleri bary-ýogy 2 sagat wagt alýar. Şeýle hem eksport edilende harytlaryň serhetdäki we gümrükdäki dokument işleri 6 sagat wagt alýar;
  6. Gurluşyk rugsatnamasyny almak üçin gerek bolan wagt azaldyldy we şu wagt 63 gün gerek (dünýäde 21-nji ýer).

Heritage Foundation guramasy her ýyl ýurtlaryň “ykdysady erkinlik” indeksini çykarýar we bu indeks kanunyň hökmürowanlygyny, hökümetiň göwrümini, hususy pudagyň ornuny, biznes açmagyň düzgünlerini we kada-kanunlaryny, serhetler arasy söwdany we salgyt sistemasyny ölçeýär. Gruziýa ykdysady erkinlik boýunça 2003-nji ýylda bütindünýä boýunça 113-nji ýerde. Ýöne ýurt 2010-njy ýylda dünýäde 26-njy orny we 2021-nji ýylda bolsa 12-nji orny eýeläpdir.

Ýagny, ykdysady erkinligiň ýokarlanmagy bilen Gruziýadaky korrupsiýanyň azalmagynda gaty uly derejede arabaglanşyk görüp bilýäris. Edil şolar ýaly hadysany Dünýä Bankynyň indeksinde hem görüp bilýäris we biznes etmegiň, açmagyň ýeňilleşdirilmegi netijesinde Gruziýada korrupsiýanyň derejesi hem uly derejede azalypdyr.

Ykdysaýet ugrundan 1992-nji ýylda Nobel baýragyny alan Gary Becker-iň aýtmagyna görä, korrupsiýanyň iň uly sebäpleriniň biri hökümet pudagynyň göwrüminiň uly bolup hökümet işgärleriniň aýlyklarynyň az bolmagydyr. Göwrümi uly bolan hökümet pudagynyň alamatlary: hökümetiň ykdysadyýetde ornynyň uly bolmagy we biznes pudagyna gaty kän garyşmagy; hökümetiň gereksiz taslamalara köp pul sowmagy; salgytlaryň ýokary we çylşyrymly bolmagy; birgiden býurokratik we çylşyrymly kada kanunlardyr. Bularyň hemmesi biznes açjaklar üçin uly böwet bolup telekeçileriň işiniň bitmegi üçin korrupsiýa ýol açylýar. Hökümetiň ykdysadyýetdäki orny kanunlarda we iş ýüzünde çäkli bolan ýurtlarda biznes açmak ýeňil bolýar, býurokratik işler az bolýar we netijede korrupsiýa baş goşmaga mümkinçilikler we zerurlyk hem azalýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.