Progres.Online

Türkmenistanda benzin arzanmy?

Türkmenistanda hökümetçi mediýalar global reýtingde ýurduň benzininiň dünýäde iň arzandygyny yzygiderli habar berýärler. 2022-nji ýylda, Turkmenportal GlobalPetrolPrices-iň maglumatlaryna salgylanyp, 5 sany habar makalasyny çap etdi. Häzirki wagtda, Türkmenistanda A-95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 TMT/0.43 USD (1 USD = 3.5 TMT). Sanawdaky ilkinji üç ýurduň arasynda Wenesuela, Liwiýa we Eýran bar. Bu ýurtlarda hem inflýasiýanyň we döwlet sektorlarynda korrupsiýanyň derejesi ýokary bolup, ýurtlaryň hiç biri demokratik däldigi bellärliklidir.

Benziniň arzan bolmagynyň peýdaly we zyýanly taraplary

Hereketlilik üçin arzan benziniň elýeterliligi ykdysadyýetiň ösmegine uly itergi bolýar, ýöne jemgyýet we daşky gurşaw üçin zyýanly bolup biler.

Peýdaly taraplary:

  1. Elýeterliligiň ýokarlanmagy. Arzan benzin transporta bolan elýeterliligi aňsatlaşdyrýar esasanam, ulag gatnawy çäkli ýerlerde. Bu bilim, saglygy goraýyş, iş we beýleki esasy hyzmatlara elýeterliligi gowulandyrmagy mümkin.
  2. Ykdysady ösüşiň gowulanmagy. Arzan benzin kärende tölegi, aýlyk haklary, kommunal hyzmatlar we üpjünçilik ýaly biznesleriň goşmaça çykdajylaryny azaltmak arkaly ykdysady ösüşe itergi berip biler. Benzin köplenç ençeme biznesler üçin, aýratynam transporta garaşly telekeçilikde esasy çykdaýjydyr. Şol sebäpli, ýangyç çykdajylary kemelse biznesleriň arassa girdejisi artýar. Bu bizneslere transport çykdajylaryny azaltmaga, ösüşe we özgerişe maýa goýmaga kömek edip biler.

Zyýanly taraplary:

  1. Maliýe zeperi: Benzin subsidiýalary hökümete agyr ýük bolmagy ahmal. Hökümet nebiti tapmak, gazyp çykarmak, gaýtadan işlemek we daşamak üçin pul harçlaýar. Benzini juda arzan bahadan satmak bilen hökümet gazanyp biljek girdejisinden ýüz öwürýär. Mundan başga-da, hökümet halkara bazaryna nebiti eksport etmekden gazanjak girdejilerinden hem ýüz öwürýär. Subsidiýalary bermek döwlet gaznasyna agram salmagy mümkin. Bu serişdeler bilim we saglygy goraýyş ýaly beýleki möhüm jemgyýetçilik hyzmatlary üçin ulanyp bolar.
  2. Ykdysady deňsizlik: Benziniň bahasyny emeli usulda arzan saklamak sarp edijileriň benzini tygşytlaýan awtoulaglary, otly, awtobus, welosiped ýaly beýleki transport görnüşlerini ulanmak ýa-da pyýada ýöremek höwesini peseldip biler. Bu gazylyp alynýan ýangyçlara juda bil baglamaga we daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän parnik gazlarynyň artmagyna eltip biler. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2090-njy ýyla çenli Türkmenistanda ortaça temperatura 5.1°C ýokarlanar. Bu maýylganlyk derejesi dünýäniň ortalama derejesinden ep-esli ýokarydyr.
  3. Mümkinçilikleriň sypdyrylmagy. Benzin subsidiýalary beýleki möhüm hökümet maksatnamalarynyň hasabyna berilmegi ahmal. Benzin subsidiýasy üçin bölünip berilýän serişdeler alternatiw transport usullaryny goldamak ýa-da uzak möhletleýin ykdysady we daşky gurşawa peýdasy boljak täzelenýän energiýa çeşmelerine maýa goýmak üçin ulanyp bolardy.
  4. Yza tesdiriji proses: Subsidiýalar progesi yza gaýtargyç bolýarlar. Çünki, kän benzin sarp etmek mümkinçiligi bolan ýokary girdejili adamlara deňsiz peýdasy degýär. Bu girdeýji deňsizligini ýokarlandyryp, negatiw sosial we ykdysady netijelere sebäp bolup biler.

Umuman, ýokary subsidi bilen berilýän benziniň we ykdysady ösüşiň arasynda baglanyşyk ýok ýaly. Döwlet çykdajylaryny ileri tutup, bilime we deň ösüşe maýa goýmak uzak möhletli gülläp ösüşe eltmegi mümkin. Emma, ykdysady çökgünliklerden we sosial tolgunyşyklardan gaça durmak üçin subsidiýalary aç-açan we ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmalydyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: