Progres.Online

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy: häzirki ýagdaýy we ulgamy gowylandyrmak üçin maslahatlar

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyga (MASYH) agza ýurtlaryň azyk howpsuzlygy ulgamlaryny güýçlendirmek: Häzirki ýagdaýy, çarçuwasy we gelejegi üçin strategiýalar” atly hasabaty çap etdi. Hasabat azyk howpsuzlygynyň häzirki ýagdaýyny beýan edýär we azyk howpsuzlygy ulgamlaryny berkitmek, döwletleriň sebit we global azyk söwdasyna gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin maslahatlar berýär.

Oba hojalygy

Hasabata görä, 2020-nji ýylda oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 11% -ini emele getirip, onuň bahasy $1.8 milliard boldy. Ýurduň ilatynyň ~21% -i oba hojalygynda işleýär. Esasy oba hojalyk önümleri sygyr eti (40.5% ýa-da $947.9 million) we täze sygyr süýdi (26.6% ýa-da $621.0 million). 2020-nji ýylda, öndürilen önümleriň umumy eksportynda oba hojalyk önümleri bary-ýogy 1.5% -ini eýeledi. Önümler esasanam Hytaýa, Russiýa, Owganystana we Türkiýä eksport edilipdir.

2010-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda oba hojalygy önümçiligi her ýyl -1.28% kemelip, sebitde bu önümçiligiň pese gaçýan ýeke-täk ýurdydyr. Şonuň ýaly-da, 2010-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda oba-hojalygynyň eksporty -8.1% azaldy. Umuman, Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň importy eksportyndan has köp boldy. Şol sebäpli,   oba hojalyk önümleriniň arassa söwdasy (net agricultural trade) defisite düşdi.

Tablisa 1. Oba hojalygy we azyk önümleriniň ortaça ýyllyk bahalary, olaryň importy we eksporty

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň azyk importy eksportyndan has köp boldy. Oba hojalyk eksportynyň umumy bahasynda azyk eksporty 52.5% -ini we importy 89.78% -ini emele getirdi (2-nji tablisa serediň).

Tablisa 2. 2020-nji ýylyň azyk we oba hojalyk önümleriniň umumy eksport we import bahalary

Bugdaý önümçiligi

Türkmenistan bugdaý öndürýän esasy ýurtlardan biri bolsa-da, ýurduň bugdaý importy eksportyna seredende has kän. Şeýle hem, Türkmenistan miwä, gök önümlerine, ete, tüwä we käbir beýleki oba-hojalyk önümlerine bolan içerki zerurlyklaryny import etmek arkaly kanagatlandyrýar. Umuman, Türkmenistan oba hojalyk önümleriniň eksportyna seredende 4 esse köp import edýär.

Tablisa 3. Saýlanan oba hojalyk önümleriniň eksportynyň we importynyň bahasy (sanlar million ABŞ dollarynda görkezilen)

Sebitara söwda-da hem, MASYH-yň beýleki agzalaryna seredende Türkmenistanyň azyk we oba hojalyk önümleriniň importy eksportyndan köpdür. Türkmenistanyň goňşy ýurtlardan import edýän oba hojalyk önümleriniň aglabasy (98.8%) azyk önümleridir.

Tablisa 4. Azyk we oba hojalyk önümleriniň sebitara importynyň we eksportynyň umumy bahasy

Soňky ýyllarda, Türkmenistan milli azyk howpsuzlygyny we baha zynjyrynyň dolandyryşyny gowulandyrmak üçin uly tagallalar edýär. Hatda, ýurt azyk howpsuzlygynyň üpjünçiligindäki üstünlikleri üçin Azyk we oba-hojalygy guramasyndan (AOG) ýörite baýrak aldy. Şeýle-de bolsa, azyk howpsuzlygy kynçylyklary henizem dowam edýär:

  • Azyk howpsuzlygy kanunlarynyň we arassaçylyk düzgünleriniň dogry ýerine ýetirilmegi;
  • Önümleriň ex-GoST standartlaryna esaslanýan synagy we sertifikasiýa;
  • Iýmit synag barlaghanalarynyň diňe ýekejesi Halkara standartlar guramasynyň ISO 17023:2017 standartyny gazanyp bildi;
  • Döwlet karantin gullugynyň merkezi barlaghanasynyň we Merkezi weterinariýa barlaghanasynyň ISO 17025  halkara akkreditasiýasynyň bolmazlygy.

Türkmenistanyň hökümetine käbir maslahatlar:

  • Azyk howpsuzlygy barlaghanasynyň işgärleriniň ösen laboratoriýa tejribelerini, ukyplaryny kämilleşdirmek; Esasy mikrobiologiki synag we ISO-17025 akkreditasiýasyny almak üçin zerur gurallary we bilimleri ösdürmek;
  • Halkara azyk howpsuzlygy standartlaryna laýyklykda barlaghanalary döwrebaplaşdyrmak we akkreditasiýa almak üçin maliýeleşdiriş meýilnamasyny düzmek;
  • Azyk howpsuzlygy boýunça sebitleýin we halkara standartlaryna laýyklykda işlemek üçin dürli azyk howpsuzlygy edaralaryny (ministrlikler, ylmy edaralar, azyk senagaty) öz içine alýan milli iş toparyny döretmek.

Howpsuz azyk önümçiliginiň dürli kesellere sebäp bolup biljekdigini we ilatyň saglygyna howp salýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan içerki sarp edijileri üçin azyk önümleriniň importynda ýa-da eksportynda azyk howpsuzlygyna degişli çäreleri ýerine ýetirmelidir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: