Progres.Online

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna haçan goşular?

Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) dünýä söwdasynyň düzgünleri we jedelleri bilen iş salyşýan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu gurama agza ýurtlarynyň arasynda açyk, erkin we durnukly söwdanyň ösmegine hemaýat berýär. BSG 164 agza döwleti we dünýä söwdasynyň 98% -ini öz içine alýar. BSG-a agza bolmak üçin birnäçe şertleri ýerine ýetirmeli.

Türkmenistanyň BSG-nyň agzalygyna girmek üçin ýeten sepgitleri:

  • 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda BSG-a synçy bolmak baradaky arzasy tassyklandy;
  • 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda BSG-nyň doly agzasy bolmak üçin resmi arzasyny tabşyrdy;
  • 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Iş Topary (Working Party) döredildi.

BSG-nyň doly agzalygyna girmek prosesi jemi 3 sany uly ädimi öz içine alýar:

Türkmenistan eýýäm 1-nji ädimi tamamlady we Iş Toparyny gurdy. Prosesde iň uly ädim 2-nji ädimdir. Bu ädimiň dowamynda Iş Toparynyň we Türkmenistanyň wekiliýetiniň arasynda birnäçe ýyllara uzajak gepleşikler alnyp barlar.

Iş Topary näme?

BSG-nyň agzasy bolmaga synanyşýan ýurtlar üçin BSG tarapyndan Iş Topary döredilýär. Iş Topary minimum 12 sany BSG agzalaryndan düzülýär we islendik agza ýurt meýletin şekilde Iş Toparyna goşulyp bilýär. Iş Toparyndaky ýurtlar bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň arasynda daşary söwda syýasaty barada birnäçe gepleşikler geçiriler.

Indiki ädimler

Türkmenistanyň wekiliýeti indi “Daşary söwda režimi baradaky Memorandumy” taýýarlamaly we oňa degişli statistiki maglumatlary goşup, hökümetiň daşary söwda režimi barada giňişleýin maglumat bermeli. Memorandum taýýar bolansoň Iş Toparynyň agzalaryna ugradylar. Iş Topary memorandumy giňişleýin derňäp, Türkmenistanyň delegasiýasyna ýazmaça şekilde soraglaryny ugradarlar.

Iş Toparynda näçe köp ýurt ýer aldygyça, Türkmenistanyň delegasiýasyna beriljek soraglaryň sany hem şonça artar. Öňki tejriblere ser salsak, BSG-a agza bolmaga synanyşýan ýurtlar Iş Toparyndan ortaça 450 sany sorag kabul edipdirler. Sorag-jogap prosesinde her mowzuga degişli kanunlar, düzgünler we amallar kesgitlenilýär we bularyň BSG-nyň talaplaryna laýyk gelýändigi anyklanylýar; şeýle hem erkin söwdany çäklendirip biljek kanunlara we amallara degişli soraglar soralýar. Käbir sorag mowzuklary:

  • Import salgytlary we kwotalary;
  • Eksport subsidiýalary (döwletiň maddy goldawy);
  • Kanunyň hökmürowanlygy;
  • Oba-hojalyk;
  • Hususy emläge degişli hukuklar we ş.m.

Türkmenistanyň delegasiýasy ýazmaça soraglara kanagatly jogap bereninden soňra (ýazmaça jogap), Iş Toparynyň ilkinji resmi duşuşygy geçirilip bilner. Türkmenistanyň Iş Toparynyň düzümi heniz belli bolmady we bu çaka çenli hiç bir duşuşyk geçirilmedi.

Iş Toparynyň ilkinji resmi duşuşygy

Iş Toparynyň resmi duşuşygynyň dowamynda memoranduma degişli soraglaryň jogabyna täzeden göz gezdiriler hem-de ýurduň söwda režimine degişli ýene-de goşmaça soraglar dilden soralar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu soraglara dilden jogap berer. Iş Toparynyň agzalary Türkmenistanyň delegasiýasy bilen mundan soňra hem ýene birnäçe gezek duşuşarlar we ýurduň söwda režimine degişli birnäçe soraglar sorarlar.

Iş Toparynyň her bir duşuşygy jemlenenden soňra, agza ýurtlar Türkmenistanyň wekiliýetine daşary söwda mowzugyna degişli ýazmaça şekilde ýene-de sorag ugradyp bilerler we deslapky duşuşyk başlamazdan ozal, Türkmenistan olara ýazmaça şekilde jogap bermäge borçly. Duşuşyklaryň ahyrynda ýazmaça sorag-jogaplaryň hemmesi üýşürilip, olaryň mazmunyny hem öz içine alýan “Iş Toparynyň Hasabaty” taýýarlanylar.

Goňşy ýurtlar

Merkezi Aziýa sebitinden Gyrgyzystan 1998-nji ýylda, Täjigistan 2013-nji ýylda we Gazagystan 2015-nji ýylda BSG-nyň agzalygyna girdiler. Özbegistan 1994-nji ýylda guramanyň agzasy bolmak üçin resmi arzasyny tabşyrdy, emma şu günki güne çenli doly agzalyk derejesini gazanmady. Gyrgyzystan resmi arzasyny tabşyranyndan 2 ýyl soňra agzalyga giren bolsa, Täjigistan üçin bu proses 12 ýyl we Gazagystan üçin 19 ýyl wagt aldy. Özbegistan bolsa eýýäm 28 ýyl bäri BSG-nyň agzasy bolmaga synanyşýar.

Resminamalar ilata elýetermi?

Türkmenistanyň BSG-a goşulmak üçin taýýarlan 2 sany resminamasy PDF formatda BSG-nyň web sahypasynda ýerleşdirilen, emma bu resminamalara giriş çäklendirilen we olary açyp okap bolmaýar. Ýöne BSG görä “Resminamalaryň açyk elýeterli bolmagy köptaraplaýyn söwda ulgamynda aç-açanlyk borçnamalarynyň esasy bölegi bolup durýar.” Türkmenistana degişli resminamalaryň haçan ilata elýeterli boljagy belli aýdylmaýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň daşary söwdasy baradaky statistikalary özünde jemleýän bir resminama BSG-nyň web sahypasynda paýlaşylypdyr. Bu faýlda diňe ýurduň 2020-nji ýyl üçin JIÖ ($47.3 mlrd) we eksport ($6.4 mlrd) we import ($3.1 mlrd) görkezijileri ýerleşdirilen. Türkmenistanyň daşary söwdasyna degişli başga hiç bir statistika 2020 we soňraky ýyllar üçin elýeterli däl.

Türkmenistan BSG-e agza bolmaga taýýarmy? Näme üçin Türkmenistan BSG-e goşulmak isleýär? Türkmen ykdysadyýeti we sarp edijileri üçin bu nämäni aňladýar? BSG-na goşulmak üçin Türkmenistan nähili ýagdaýda iň gowy taýýarlyk görüp biler? soraglara jogaplar Türkmenistan: Bütindünýä söwda guramasyna goşulmalymy ýa-da ýok? atly makalamyzda.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: