Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky duşuşugynda häkimiýetler: “Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär hem-de ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysady özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek işleri dowam edýär” diýip belläp geçdiler.
Şeýle hem TDH-niň berýän maglumatyna görä “Milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi”.
Mebugatda şuňa meňzeş teswirler agdyklyk edýär: “Hojalygyň bazar gatnaşyklary ulgamyna geçilmeginde, ykdysady işiň täze görnüşlerini döretmekde telekeçilige möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň hereket etmegi hem-de ösdürilmegi üçin aňrybaş mümkinçilikler döredilmelidir, zehinli, ugurtapyjy adamlaryň tekliplerine goldaw berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.”
Siz “bazar ykdysadyýeti” diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?
Ýurtdaky önümçilik serişdeleriniň hususy eýeçilik tarapyndan dolandyrylmagyna bazar ykdysadyýeti diýilýär. Bu sistemada döwletiň ekonomikadaky orny gaty çäkli bolýar. Haýsy harydyň öndüriljekdigi, onuň mukdary, hili we bahasyny hususy telekeçiler we kärhanalar tarapyndan ýöredilýär. Bazar ykdysadyýetinde belli bir harydy öndürmek üçin birnäçe hususy kärhanalar ýaryşýarlar we netijede müşderiler üçin harydyň hili we bahasy has gowy bolýar. Bu günki günde dünýäniň iň ösen we baý ýurtlary şu ykdysady sistemany dowam etdirýärler.
Döwletiň statistiki sanlary
Häkimiýetleriň ilat bilen açyk şekilde paýlaşýan makroekonomik statistikalaryny gözlemek üçin “Türkmenistanyň Statistika Baradaky Döwlet Komitetiniň” resmi web sahypasyna girmäge synanşamda, saýt gynansakda şu wagtlyk işlänok eken. Şeýle hem men “Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň” resmi web sahypasyna göz aýladym we ol ýerde hem ýurtdaky makroekonomik statistiki sanlar görkezilmeýär. Bu makalada ulanylan statistiki sanlaryň ählisi Dünýä Bankynyň we ÝDÖB-iň hasabatlaryndan alynan.
Bazar ykdysadyýetiniň möçberini nädip ölçäp bileris?
ABŞ-daky “Heritage Foundation” atly guramasy “Ykdysady erkinlik” indeksini ýygy-ýygydan çap edýär we bu indeks ýurtlardaky hususy pudagy, biznes açmagyň düzgünlerini we proseslerini, kanunyň hökmürowanlygyny we şahsy emlägiň goralşyny ölçeýär. Ýurtdaky ykdysady erkinlik näçe ýokary boldygyça, ýurduň ykdysady sistemasy hem bazar ykdysadyýetine ýakyn bolýandygy görkezilýär. Indeksde jemi 180 ýurt bar we Merkezi Aziýada Türkmenistan 170-nji orunda. Täjigistan 155, Özbegistan 114, Gyrgyzstan 81 we Gazagstan 39-njy orny eýeleýär.
Täjirçilik
Dünýä Bankynyň “Ease of doing business” atly indeksi ýurtlaryň içinde telekeçiler üçin biznes açmagyň nä dereje ýeňil ýa-da kynlygyny ölçeýär. Ony hasaplamak üçin biznesi registrasiýa etmek üçin gerek bolan dokument işleri, rugsatnamalar, elektrik togyny çekmek, kredit almak ýaly zatlar hasaplanýar. Hasabata jemi 180 ýurt girýär we ýurtda ýeterlik maglumat bolmanlygy üçin sanawda Türkmenistan gynansakda ýer almaýar. Merkezi Aziýada Täjigistan 106-njy orunda, Gyrgyzstan 80, Özbegistan 69 we Gazagstan 25-nji orunda durýar.
Parahorlyk
“Transparency International” guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň derejesi baradaky maglumatlaryna görä, bazar ykdysadyýetine ýakyn bolan ýurtlarda korrupsiýa has az bolýar. Bu ýerde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeleýär. Täjigistan we Özbegistan 153-nji, Gyrgyzystan 126-njy we Gazagstan 113-nji orny eýeleýär.
Türkmenistan haçan bazar ykdysadyýetine geçip başlady?
Sowet Soýuzy dargandan soň, Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etdi. Ekonomistler Orazow, Halowa we Collins-yň ýazan makalasyna salgylansak, ýurtdaky ekonomik reformalaryň birinji tapgyry 1992-1996 arasynda bolup geçipdir. Garaşsyzlykdan öň ýurtdaky hemme pudaklar we önümçilikler döwlet tarapyndan amala aşyrylan bolsa, 1992-nji ýyldan başlap “ýuwaşlyk” bilen hususylaşdyrma prosesi başlaýar. Ýurtda nebit-gaz ýataklary köp bolany üçin we olardan geljek pullara bil baglap, ykdysady reforma etmekde sebitdäki ýurtlaryň arasynda iň haýaly Türkmenistan bolýar. Makalada ýurduň ilkinji Prezidenti Niýazowyň meşhur sözleri hem ýatlanylýar: “Bize rewolýusiýa gerek däl, ewolýusiýa gerek. Biz öz ýolumyzdan zatlary howlukman, ýuwaşlyk bilen üýtgederis”.
2013-nji ýylda Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça täze kanun kabul edildi we 2014-nji ýylda güýje girdi. Şondan bäri 400-e golaý strategiki bolmadyk, nebit-gaz pudagyna degişli däl, kiçi göwrümli kärhanalar hususylaşdyryldy. Hususylaşdyrma tenderleri ýerli metbugatda yzygiderli çap edilýär. ÝDÖB-yň (EBRD) çykaran hasaplaryna görä, köne Sowet ýurtlarynyň arasynda bazar ykdysadyýetine geçmek boýunça iň haýal reformalar Türkmenistanda geçirilýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy we döwlet pudagynyň orny
ÝDÖB-yň hasabatyna salgylansak, 2017-nji ýyldaky hususy pudagyň girdejisi ýurdyň Jemi Içerki Önüminiň 60%-ne deň bolupdyr. Ýöne ÝDÖB-iň aýtmagyna görä hakyky san 60%-dan has az.
- Ýurdymyzyň senagatynda döwlet eýeçiligi diňe 100%-a deň bolanda döwlediňki diýip hasap edilýär. Döwlet kärhanasyna hususy telekeçi ujypsyz maýa goýum etse hem döwlet statistikasynda bütin kärhana “döwlede degişli bolmadyk pudak” diýip hasap edilýär. Netijede, 60% ýaly san gelip çykýar. Ol 60%-iň 15.2%-i ýerli hususy kärhanalar, 15.5% aýry-aýry telekeçiler we 30.2% daşary ýurt kompaniýalaryndan ybarat diýip bellenilýär.
- Ýerli hususy kärhanalaryň sany 8000 ýakyn we bu kärhanalar esasan oba hojalygy, gurluşyk we önümçilik ugurlarynda ýaýbaň. Göwrümi boýunça ol hususy kärhanalaryň 80%-i gaty kiçi kärhanalar, 11%-i kiçi, 7.8% orta we 1.1% uly kärhanalardan ybaratdyr. 2016-njy ýylda hususy sektorda kärhanalarda işleýän adamlaryň sany 279 müňe ýetipdir. 6 milliona ýakyn ilaty bolan ýurtda bary-ýogy 279 müň adamyň hususy sektorda işlemegi hem ýokardaky 60% sana şübhe bilen seretdirýär. Sebitdäki beýleki ýurtlarda hususy sektoryň ykdysadyýetdäki orny birnäçe esse köpdür. Ýeri gelende aýtsak, ýurtdyň makroekonomik sanlar hakynda ygtybarly maglumatyň ýokdygyny ÝDÖB aýdyp geçýär.
Dünýä Banky Türkmenistanda berk administratiw dolandyryş gözegçiligi we döwlet pudagynyň ykdysady güýjüniň uly bolmagy hususy pudagyň ösmegine päsgelçilik döredýär. Tebigy minerallar pudagyny hasap etmesek, daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlar örän çäklidir. Dünýä Banky Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýeti liberallaşdyrmak, kanunçylygy kämilleşdirmek, biznesler üçin şertleri gowulandyrmak, döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak we adam kapitalyny ösdürmek üçin has köp maýa goýumlar edilmelidigini maslahat berýär. Şeýle hem nebit-gaz pudagy däl pudaklara has köp maýa goýumlarynyň edilmegini ündeýär.
Awtor: Merdan Amanow