Progres.Online

Resmi we halkara guramalaryň ykdysady görkezijileriniň arasyndaky tapawut

Bütindünýä banky

Bütindünýä banky ygtybarly statistikanyň ýoklugy sebäpli Türkmenistany soňky “Global Ykdysady perspektiwalar” atly hasabatyndan çykardy. Hasabat COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde global ykdysady görkezijiler boýunça maglumat berýär. Ýatlaksak, Bütindünýä banky 2012-nji ýylda Türkmenistany “ortaçadan ýokary” girdejili ýurt diýip yglan edipdi.

Hasabatyň pdf görnüşiniň 92-nji sahypasynda:

Ygtybarly, ýokary hilli maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistana degişli önümçilik, girdeji ýa-da ösüş maglumatlary çap etmeýär we Türkmenistan ýurtlaryň arasyndaky makroykdysady agregatlardan çykarylýar. Bu ýerde hödürlenen agregatlar, Türkmenistany we Özbegistany hasaba almaýar sebäbi maglumatlaryň çäkli bolanlygy sebäpli Jemi Içerki Önümi (JIÖ) çaklamak kyn bolýar.

Из-за отсутствия надежных качественных данных Всемирный банк в настоящее время не публикует экономические данные, данные о доходах или развитии по Туркменистану. Туркменистан отделен от макроэкономических агрегатов. Представленные здесь агрегированные показатели не включают Туркменистан и Узбекистан, для которых ограниченность данных не позволяет прогнозировать компоненты ВВП.

Due to lack of reliable data of adequate quality, the World Bank is currently not publishing economic output, income, or growth data for Turkmenistan, and Turkmenistan is excluded from cross-country macroeconomic aggregates. Aggregates presented here exclude Turkmenistan, and Uzbekistan, for which data limitations prevent the forecasting of GDP components.

Halkara pul gaznasy

Halkara pul gaznasy (HPG) aprel aýynda “Dünýä Ykdysadyýetiniň Geljegi” atly hasabatynda (38-nji sahypa) Türkmenistanyň resmi sanlaryny ulanmady. HPG Türkmenistanda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesiniň 2020-nji ýylda 0,8 göterim artandygyny görkezdi. Emma Türkmen hökümetiniň habaryna görä bolsa, bu görkeziji 5,9 göterim artypdyr. HPG-nyň çaklamlaryna görä, jemi içerki önümiň derejesi 2021-nji ýylda 4.6%, 2022-nji ýylda 3,9% bolar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: