Progres.Online

Haýal Internediň ýurdyň ykdysady ösüşüne ýetirýän täsiri

Türkmenistanda günde internet öçürülende petiklenme ýurduň ekonomikasyna bir günüň dowamynda US$ 348.000 barabar negatiw täsirini ýetirýär. Bu bolsa bir ýylyň dowamynda US$ 127 milliona ýakyn ykdysady ýitgä barabardyr. Ilatyň diňe 2%-i online söwda we töleg amala aşyrýar. Ýurtda iň gymmat internediň aýlyk bahasy 350 manat we ol bir aý aýlygyň 40%-ne deň. Türkmenistan 3.56 Mbps tizlikli internet bilen 175-nji orunda bolup, dünýäde iň soňky ýeri eýeleýär.

Tizligi pes, petiklenýän internet = Pes, durnuksyz ykdysady ösüşmi?

21-nji asyrda internediň orny döwrebap ykdysady sistemanyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. The Global Network Initiative guramasynyň hasabatynda we sanlarynda häkimiýetler tarapyndan internet çäklendirilmesiniň (sosial media, mobil VOIP we SMS) ýurdyň ykdysadyýetine ýetirýän zyýany barada bellenilýär. Internediň tizligi göniden-göni biznes, täjirçilik pudagynyň özgermegine we döwletiň onlaýn hyzmatlarynyň elýeterliligine täsir edýär diýip nygtalýar.

Hasabata görä, ýokary tizlikli internetden peýdalanýan ýurtda her gün internet öçürülende Jemi içerki öňümiň (JIÖ) 1.9% ýitirilýär, orta tizlikli internetden peýdalanýan ýurdyň ýitgisi 1% barabar, pes tizlikli internedi bolan ýurtda bolsa bu san 0.4% ybaratdyr. 10 million ilaty bolan ýurtda internet baglanşygynyň orta tizlikde bolan ýagdaýynda bir günde JIÖ-ne 6.6 million$, pes internet baglanyşykly ýurdyň gündelik JIÖ bolsa 0.6 million$ möçberinde negatiw täsiri bolýar.

Bu logika we analiza eýersek bir gün internet öçürülende Türkmenistanda (ilaty 5. 8 million, jemi içerki önümi US$7,065 ) ýurduň ekonomikasyna bir günüň dowamynda US$ 348.000 barabar negatiw täsirini ýetirýär. Bu bolsa bir ýylyň dowamynda US$ 127 milliona ýakyn ykdysady ýitgä barabardyr.

Näçämiz internetde?

Türkmenistanda 5.99 million ilatyň 4.79 milliony (80%) öýjükli telefon ulanýan bolsa, internet ulanyjylaryň sany bary-ýogy 1.56 million (26%). Sosial media ulanýanlaryň sany 72.000 adamdan (ilatyň 1.2 %) ybarat bolup, olaryň 64.000 Instagram, 31.000 LinkedIn, 13.000 Facebook ulanýar. Internet ulanyjylaryň 64.6% öýjükli telefon arkaly girýän bolsa, olaryň 33% hem noutbuk we kompýuter üsti bilen ulanýarlar. Öýjükli telefonlar arkaly ulanylýan internediň 48%-i 3G-5G aragatnaşygy ulanýar. Ilatyň diňe 2%-i online söwda we töleg amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna görä, Aşgabat şäherinde AŞTU arkaly wifi ullanýan öý hojalyklarynyň sany 54312 ybaratdyr, emma bütin ýurt boýunça wifi ulanýanlaryň statistikasyny tapmak bize başartmady. Dünýä ilaty 7.8 milliard adamdan ybarat bolup, olaryň 67%-i öýjükli telefon ulanýar we internet ulanyjylaryň sany bolsa 59%, ýagny 4.54 milliard adam.

Näme bilen gyzyklanýarys?

Alexa internet arkaly online gözlenýän maglumatlaryň trafigini hasaplaýan iň uly firmalaryň biri we onuň habar bermegine görä, Türkmenistanda iň köp girilen 5 sany web sahypalar: “google.com”, “yandex.ru”, “mail.ru”, “kinogo.by”, “wikipedia.org”.

Google trends gözlegine görä, soňky 12 aýyň dowamynda Türkmenistda Google arkaly gözlenen iň köp 5 tema bolsa: “MP3”, “Jynsy gatnaşyklar”, “Howa maglumaty”, “Türkmenistan”, “Aýdymlar” ybaratdyr.

Türkmenistanyň çäginde Youtube arkaly iň köp gözleg edilen 5 sany netije: “Kino”, “Turkmen”, “Кино”, “Hercai”, “Фильмы”.

Internediň bahasy näçe?

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 2048 kbit/s tizlikli internediň aýlyk tölegi öý üçin 350 manat we bu dollaryň döwlet nyrhyna görä 100$ deňdir. 256 kbit/s tizligi bolan iň arzan internediň aýlyk tölegi bolsa 150 man (42$). 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýanyň iň pes möçberi 338 manat möçberde we iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenilipdi.

BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanly maşgalalaryň 1 aýdaky çykdaýjylarynyň 52%-i iýmite harçlanýar. 870 manat aýlyk alýan adamyň 452 manady diňe nahara gitse, elindäki galan 418 manada hem internet çekdirmeli, hem-de çagalaryny mekdebe, sadige ýerleşdirmeli, eşik alynmaly, transport çykdaýjylary, saglyk hyzmatlary üçin çykdaýjylaryny hem göz öňüne tutsak, Türkmenistandaky internet ulanyjylaryň näme sebäpden azlyk edýänine göz ýetirmek kyn bolmaz.

BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna görä, ähli ýurtlarda interdiň bahasy 1 aýlygyň 5%-den az bolmagyny maksat edinýär. Türkmenistandaky iň pes internediň bahasy 150 manat we ol ýurtdaky iň pes aýlygyň 17%-ne barabardyr. Ýurtdaky iň gymmat internediň aýlyk bahasy 350 manat we ol 1 aýlygyň 40%-den ybarat! Dünýäniň ösen ýurtlarynda raýatlaryň ortaça internet üçin harçlaýan möçberi ABŞ’da 4%, Germaniýada 1.5%, Beýik Britaniýada 2% we Russiýada 3.75%.

Türkmenistanda çäklendirilmedik internediň 1GB 80 manat (iň pes aýlygyň 9%), 2mbt/s bolan internediň 1 GB 20 manat (iň pes aýlygyň 2.2%). Deňeşdirme hökmünde Gazagstandaky ortaça aýlygyň 0.32%, Özbegistanda 1.75%, Gyrgyzystanda 3.02% we Täjigistandaky aýlygyň 4.41%-i 1GB internet üçin sowulýan eken.

Mobil we kompýuter enjamlarynyň bahalary nähilikä?

Tolkuchka.bar söwda portalyndaky bahalara salgylansak, telefonlaryň iň arzany 1889 manat (iň az aýlyk bilen 2.1 aýda gazanyljak pul) we iň gymmady 39.999 manat (ýurdumyzda 46 sany aýlyk, ABŞ-da 1.2 sany aýlyk) bolup durýar. Kompýuter aksessuarlaryny satýan portala salgylanyp, noutbuklaryň bahalaryna seredenimizde bolsa, iň arzany 6098 manat (7 sany aýlyk) we iň gymmady 77.999 manat (ýurdumyzda 89 sany aýlyk – ABŞ-da 2.4 sany aýlyk) bolup durýar.

Türkmen Telekom

Allianсe for Affordable Internet guramasy internedi ilata elýeter etmek ugrunda iş alyp barýar we olaryň aýtmagyna görä bäsleşik bolan şertlerinde iş alynyp barylýan telekom bazarynda, internet üpçünçiligini bir dälde, birnäçe dürli görnüşli kompaniýalar tarapyndan amala aşyrylanda internediň ýaýbaň we ilat üçin arzan bolmagyna getirýär. Türkmenistanyň internet üpjünçiligini ýekeje “Türkmen Telekom” kompaniýasy amala aşyrýar şonuň üçin bäşleşigiň ýok ýerinde internediň bahasy gymmat we tizligi örän pes bolup durýar.

Internediň tizligi nähilikä onda?

Speedtest Global Index-niň 2020-nji ýylyň awgustyndaky ýokary tizlikli internedin statistikasyna seredenimizde, dünyä derejesindäki ortaça tizlik 84.33 Mbps. Sanawa gatnaşyan ýurtlaryn arasynda Türkmenistan 3.56 Mbps tizlikli internet bilen 175-nji orunda bolup, dünýäde iň soňky ýeri eýeleýär. Speedtest Global Index-ne görä, mobil telefonlardaky internet tizligi dünýä derejesinde 34.82 Mbps, emma bu ýerde Türkmenistan barada maglumat berilmeýär.

Erkin pikir we internet

Comparitech informasiýa tehnologiýalary (IT) barlag kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, Demirgazyk Koreýa, Hytaý, Russiýa we Eýran ýaly ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan internedi iň berk çäklendirýän 10 ýurduň sanawyna girizildi. Barlaglarda her ýurda bir näçe kriteriýalara görä baha berilýär: torrentleriň, porno saýtlarynyň, habar beriş media, sosial media, VPN-leriň ilata elýeterlilik derejelerine görä internediň elýterliligine baha berilýär. Gepiň tümmegi, hasabata görä Türkmen häkimiýetleri sosial media, porno saýtlary petikli saklaýar ýöne VPN we torrentleri berk gözegçilikde saklamaýar.

Soňky 15 ýylyň içinde Human Rights Watch guramasy öz hasabatlarynda Türkmenistanda internediň doly we berk gözegçilikde, şol sanda hemme VPN serwisleriniň hem gözegçilikde saklanýandygyny belläp gelýär.

Sen Türkmenistanda internediň ýagdaýyna nähili baha bererdiň?

Makalanyň awtorlary: Merdan Amanow, Maral Durdyýewa

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: