Fitch Ratings halkara reýting agentligi bolup, ýurtlaryň uzak möhletleýin karzlaryny hasaplaşmak ukybyny seljerýär. Fitch Ratings 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çap eden hasabatynda, Türkmenistana uzak möhletleýin derejede “B+ pozitiw” reýtingini berdi. Agentilik 2022-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistana “B+ durnukly” reýtingini beripdi. “Pozitiw” reýtingi “durnukly” reýtinge görä biraz ýokarydyr. Agentligiň iň ýokary reýtingi “AAA” we iň pes reýtingi “D”.
Merkezi Aziýa sebitine seredenimizde, Fitch Ratings agentligi Gazagystana “BBB durnukly” we Özbegistana “BB- durnukly” reýtingini berdi. Gyrgyzystan we Täjigistan heniz reýtingde ýer almaýarlar.
Hasabatda Bütindünýä bankynyň görkezijilerine görä, Türkmenistan dünýäde ýurt dolandyryş boýunça iň pes görkezijili ýurtlaryň hataryna girýär diýip bellenilýär. Dolandyryş görkezijileri ses berme, raýatlaryň öz hökümetini saýlamaga nä derejede gatnaşyp bilýändigi, kanunyň hökmürowanlygy we korrupsiýa gözegçilik ýaly görkezijilerden ybaratdyr.
Näme üçin Türmenistanyň reýtingi “B+ pozitiw”-e ýokarlandy?
- Balans hasabatynyň güýçlenmegi. Türkmenistanyň eksport girdejisi import çykdajysyna seredeniňde, $4.7 milliard köp boldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýyldaky eksportlaryň möçberi 43% artdy. Eksportlaryň uly derejede köpelmegi tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Türkmenistanyň ekport girdejisiniň aglaba bölegi tebigy gaz eksportyndan gelýär. Fitch Ratings 2023-nji we 2024-nji ýyllarda hem Türkmenistanyň eksport girdejisiniň import çykdajysyndan biraz artykmaç boljagyny çaklaýar.
- Karzlaryň azalmagy. 2022-nji ýylda, Türkmenistanyň daşary ýurt guramalaryna we döwletlerine bergisi azaldy. Umumy bergileriň mukdary ýurduň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 6.1%-ine deň boldy. Fitch Ratings-de “B” reýtingi berilen ýurtlaryň ortaça daşarky bergisi JIÖ-niň 57%-ine deň. Agentligiň çaklamasyna görä, Türkmenistanyň daşarky bergisi ýene-de azalmagy mümkin. Çünki, hökümet täze karzlary aljakdygyny entek mälim etmedi. Türkmenistanyň Durnuklylaşdyryş gaznasynyň aktiwleri JIÖ-niň 4.7%-ine deň. Durnuklylaşdyryş gaznasyna bölünip berilýän we ondan alynýan pul serişdeleri baradaky maglumatlar aç-açan däldir. Şol sebäpli, Türkmenistanyň maliýe ýagdaýyna baha bermek kyn.
Türkmenistanyň reýtingine täsir edýän beýleki faktorlar:
- Adaty bolmadyk ykdysady syýasat. Gara bazar walýuta kursy (1 USD = 19 manat) resmi kursa görä (1 USD = 3.5 manat) biçak tapawutlanýar. Eksportdan gelýän walýuta girdejileriniň artmagyna garamazdan, walýuta kursy soňky alty aýda durnuklylygyny saklap, 2020-nji ýylyň başyndaky walýuta hümmetine deňeçer. Eksportdan gelen goşmaça walýuta girdejileriň gara bazardaky walýuta kursuna garşy çäre görmek üçin ulanyljagy heniz hem nämälim. Ýurduň pul syýasaty beýleki döwletler bilen deňeşdirilende ösmedikdir. Pul syýasaty Merkezi bank tarapyndan ýöredilip, ykdysadyýetde aýlanýan puluň mukdaryny gözegçilikde saklaýar we degişli kararlar çykarýar.
- Makroykdysady görkezijileriň gowlanmagy. Fitch Ratings agentliginiň çaklamasyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky JIÖ-si 2.4% ýokarlanar. Emma, hökümetiň resmi ösüş çaklamasy 6.2%-di. 2016-2021-nji ýyllar arasynda JIÖ ortaça 0.8% artdy (Halkara pul gaznasynyň maglumaty). 2023-nji we 2024-nji ýyllarda JIÖ ortaça 3% artmagy ahmal. Ortaça inflýasiýa derejesi 8-10% bolmagy çaklanýar.
- Dolandyryşdaky kynçylyklar. Daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurtda energiýa degişli bolmadyk pudaklarda biznes etmek entek hem kyn. 2022-nji ýylyň martynda prezidentlige saýlanan Serdar Berdimuhamedowyň dolandyryşy öňki sistemanyň dowamaty hökmünde häsiýetlendirilýär.
Türkmenistanyň reýtinginiň peselmegine sebäp bolup biljek faktorlar:
- Jemgyýetçilik/Daşarky maliýe: Energiýa bahalarynyň global bazarynda arzanlamagy, eksport şertnamalarynyň bozulmagy, döwlet çykdajylarynyň uly mukdarda we yzygiderli ýokarlanmagy.
- Struktura üýtgeşmeleri: Ykdysadyýete we hökümetiň maliýe ýagdaýyna ýaramaz täsir etjek durnuksyz içerki syýasat ýa-da daşarky geosyýasy üýtgeşmeler.
Doly hasabaty şu salgydan okap bilersiňiz.