Progres.Online

Düşündiriş: Türkmenistanda “adamyň ösüşi” ýokary derejedemi?

“Ynsanyň ösüşine maýa goýulman alnyp barylýan ykdysady ösüş durnuksyzdyr we ahlaksyzdyr” Amartýa Sen, Ykdysady ylymlar boýunça Nobel baýragy, 1998 ýyl.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) 2020-nji ýyldaky adam ösüşine degişli hasabatyna görä, Türkmenistanda adam ösüşiniň “ýokary” derejesi bellenilýär. Bu täsir galdyryjy we begendiriji ýagdaý ýaly görünse-de, Türkmenistan 189 ýurduň arasynda diňe 111-nji orunda durýar. Merkezi Aziýada, Türkmenistan Gazagystandan (51-nji) we Özbegistandan (106-njy) soň adam ösüşi boýunça 3-nji orny eýeleýär. Şeýle-de bolsa, adam ösüşiniň indeksini (HDI) seljerip, onüň düzüjileriniň hersine aýratyn seredenimizde, Türkmenistanyň saglyk we bilim ulgamlarynda iň ýaramaz görkezijileriň we netijeleriň bardygyny görýäris.

Adam ösüşiniň indeksi (HDI) Türkmenistanda

Saglygymyz: gysga ömür

Türkmenistan Merkezi Aziýada saglyk pudagynyň çykdajylary boýunça ikinji orunda durýar (jemi içerki önümiň 6,6% harç edilýär), emma ýurtda adamyň ömrüňiň dowamlylygy iň pes derejede. Ýurdumyz saglygy goraýyş üçin Gazagystan bilen deňeşdirilende (jemi içerki önümiň 3,1%) iki esse köp çykdajy edýär, emma Türkmenistanyň ýaşaýjylary ortaça gazagystanly goňşularyndan 5,4 ýyl az ýaşaýarlar.

Bilim almakda, gazanç etmekde deňsizlikler

Bilim pudagy barada aýtsak, Türkmenistan (jemi içerki önümiň 3.05%) Gazagystandan (JIÖ-den 2,8%) birneme köp çykdajy edýär, emma has pes netijeleri alýar. Mekdep ýaşyndaky çaga, Gazagystanda 15,6 ýyl, Türkmenistanda 11.2 ýyl bilim almagyna garaşyp biler. Gazagystanyň ýaşaýjylaryň 62%-i bilen deňeşdirilende (19 ýaş we ondan ýokary), Türkmenistanda ilatyň diňe 8%-i uniwersitetde (ÝOZ) ýa-da hünär bilimini berýän okuwlarynda okaýar. 10-29 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň Türkmenistanyň ilatynyň 40 göterimini düzýändigini göz öňünde tutsak bu gaty pes görkezijidir. Bu bolsa diňe bir ýokary hilli bilim alyp bilmeýän we soňra döredijilik işi bilen meşgullanyp bilmeýän ýäşlar üçin ýitgi bolman, eýsem ýaş işçi güýjüni öndürijilikli ulanyp bilmezlik ýurduň ykdysady ösüşine uly zyýan ýetirýär. Mysal üçin, Türkmenistanda 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 21,8 göterimi, Gazagystanda 10,5 göterim bilen deňeşdirilende, bilim alanok ýa-da işsiz bolýar.

Özüňizden soraýansyňyz, näme üçin türkmenistanlylar ýeterlik girdeji gazansalarda, döwlet bu pudaklara ýeterlik pul sarp etse-de, goňşulary bilen deňeşdirilende, has az ýaşaýarlar we olaryň bilim almak mümkinçilikleri çäkli bolýar?

Bu soraglara jogap tapmak üçin aşakdaky iki faktora düşünmek möhümdir.

Birinjiden, Türkmenistanyň Umumy milli girdejisi (GNI) 14,909 ABŞ dollary adaty türkmenistanlynyň girdeji derejesini görkezmeýär. Aslynda, ýurtda dowam edýän ykdysady krizis we manatyň günde üýtgäp durýan gara bazar nyrhy esasynda hasaplananda ýyllyk bir adamyň giderjisi 287 dollara barabardyr. Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurt we girdejileriniň köpüsi olary daşary ýurtlara satmak bilen gazanýar, emma tebigy baýlyklaryň satuwyndan gelýän girdeji adaty türkmenistanlynyň bähbidine hyzmat etmeýär. Tebigy baýlyklary (gaz, nebit) gazyp almak we satmak prosesi türkmenistanlylaryň ilaty üçin iş ýerlerini we durnukly girdeji çeşmelerini döretmeýär. Şeýle ýagdaý bolsa ýurtda işsizligiň derejesini ýokarlandyryp takmynan 50% ýetirýär.

Ikinjiden, ýurtda adam ösüşine maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi däl-de, saglygy goraýyş, bilim we girdejiniň, gazanç üçin mümkinçilikleriň deň elýeter bolmazlygydyr. Mysal üçin, saglyk, bilim we girdeji boýunça ortaça deňsizligiň koeffisiýenti Türkmenistanda 17,5, Gazagystanda bolsa bu san 7,1. Türkmenistan adam ösüşiniň 1/5 (bäşden bir bölegini) deňsizligiň netijesinde ýitirýär we deňsizlik bilen sazlanan adam ösüşi indeksinde (Adjusted Human Development Index, IHDI) öz beýanyny tapdy. Ýurtda deňsizlik bolmadyk bolsa we her bir raýat deň derejede ösüş derejesine eýe bolan ýagdaýynda, HDI we IHDI görkezijileri meňzeş bolardy. Dünýäde bu görkezijileriň ikisem hem deň bolan ýurdy entek ýok bolsa-da, Çehiýada (4,4%) we Sloweniýada (4,6%) jemgyýetdäki pes deňsizlik ýagdaýy sebäpli adam ösüşinde iň pes ýitgileri bar.

Türkmenistanda adamyň ösüşi barada hiç zat edip bilmejekdigiňizi, eliňizden gelýän zat ýok diýip pikir edýän bolsaňyz, ine, konstruktiw hereketlere bir näçe teklipler:

  • Ilki bilen mowzuk hakda özüňizi habardar ediň we türkmenistanlylaryň durmuşyny gowulaşdyrmagyň we jemgyýetimiziň gülläp ösmegi üçin jemgyýetde deň mümkinçilikleriň bolmagynyň möhümdigine düşüniň.
  • Ikinjiden, dostlaryňyz, maşgalaňyz ýa-da kärdeşleriňiz bilen adam ösüşi barada habarly bolup pikir alyşyň. Adamlar “adam potensialynyň” ösmeginiň, ynsanyň jemgyýete we umuman ýurda nähili peýdaly we gymmatly bolup biljekdigine düşünenlerinden soň, bu barada olaryň peýdaly iş etmek ähtimallygy ýokarlanyp biler. Çagaňyza bilim bermekden ýa-da iş ýeriňizde işgäriň karýerasynyň ösmegini goldamak karary bilen mentorçylykdan, halypaçylykdan başlap bilersiňiz. Özüňize sorag berip başlaň: Näme üçin biz hünärmeniň döwrebap lukmançylyk bejergisini almak üçin uzak ýol söküp, başga ýurda gitmeli bolýarys? Näme üçin ýokary hilli bilim almak üçin başga ýurtlara gitmäne mejbury bolýarys? Özüňiz bilen dogruçyl boluň: Öz çagalaryňyzyň geljegini Türkmenistanda görýärsiňizmi?

Öz ösüşiňize – saglygyňyza, bilimiňize we hünär derejäňize maýa goýuň. Bu pikiri Türkmenistanda syýasata täsir edip biljekleriň arasynda wagyz ediň. Adam – Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň esasydyr. Adamlarymyz össe, ýurdymyz hem öser!

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: