Progres.Online

Düşündiriş: Internetiň täze “arzanlan” bahasy we onuň tizligi

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda internet bahalary arzanladyldy. Öý hojalyklary üçin iň ýokary tizlikli internetiň (2mbit/s) aýlyk tölegi 350 manatdan 200 manada düşürildi we bu dollaryň resmi kursuna görä  bu 57$ deňdir. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýanyň iň pes möçberi 372 manat möçberde we iň pes aýlyk haky 957 manat möçberinde kesgitlenilipdi. Aşakdaky tablisada internetiň köne we täze bahalary, şeýle hem täze nyrhlaryň ýurtdaky iň pes aýlygyň we pensiýanyň näçe göterime deň bolýandygyny hasapladyk.

Köne baha
(şäher)
Täze baha
(şäher)
Iň az aýlygyň
(957 man) näçe %
Iň az pensiýanyň
(372 man) näçe %
256 KBit/s
150 man
256 KBit/s
100 man
10,4%*26,8%*
512 KBit/s
250 man
512 KBit/s
150 man
15,6%40,3%
1 MBit/s
300 man
1 MBit/s
170 man
17,7%45,6%
2 MBit/s
350 man
2 MBit/s
200 man
20,9%53,7%
Köne baha
(oba)
Täze baha
(oba)
Iň az aýlygyň
(957 man) näçe %
Iň az pensiýanyň
(372 man) näçe %
256 KBit/s
75 man
256 KBit/s
50 man
5,2%13,4%
512 KBit/s
150 man
512 KBit/s
100 man
10,5%26,8%
Internetiň bahasy

*Täze bahalara görä hasaplanan

BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna görä, ähli ýurtlar internetiň bahasyny 1 aýlygyň 5%-den az bolmagyny maksat edinmeli. Türkmenistanda iň pes internetiň bahasy 100 manat we ýurtdaky iň pes aýlygyň 10,4%-ne barabardyr. Ýurtda iň gymmat internetiň aýlyk bahasy 200 manat we ol 1 aýlygyň 20,9%-den ybarat. Dünýäniň ösen ýurtlarynda raýatlaryň ortaça internet üçin aýda harçlaýan möçberi ABŞ’da 4%, Germaniýada 1.5%, Beýik Britaniýada 2% we Russiýada 3.75%.

BMG-nyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanly maşgalalaryň 1 aýdaky çykdaýjylarynyň 52%-i iýmite harçlanýar. Meselem, Aman aganyň maşgalasynda 4 adam ýaşaýar (özi, aýaly we iki sany çagasy) we bu öý hojalygynda diňe Aman aganyň özi işleýär we iň az aýlyk bolan 957 manat aýlyk alýar. Bu mukdaryň 52%, ýagny 498 manady diňe iýmite gitse, elindäki galan 459 manada hem internet çekdirmeli, hem-de çagalaryny mekdebe, çagalar bagyna ýerleşdirmeli, eşik alynmaly, transport çykdaýjylary, saglyk hyzmatlary üçin çykdaýjylaryny hem göz öňüne tutsak, Aman aganyň maşgalasyna internet çekdirmegiň entägem örän gymmatdygyny görüp bilýäris.

Internetiň tizligi

Şäherde iň güýçli internet 2 mbit/s, ýagny 1 sekuntda 0.25 MB tizlik bilen faýllary ýükläp bolýar. Megabit we megabaýt deň ölçeg birlikleri däl we 1 megabit 0.125 megabaýtdan ybaratdyr. Kontekste görä hasaplasak, eger men 90 minutlyk bir film görjek bolsam, onuň göwrümi ortaçe 1GB bolýar. Ýagny 1 GB filmy kompýutere ýüklemek üçin, 2mbit/s tizlikli internet bilen men ortaça 66 minut garaşmaly bolaryn. Bu berilen sanlar iň ýokary tizlikli internet üçin hasaplanan.

Indi bolsa obalardaky internet tizligine seredeliň. Obalarda ullanyp boljak iň ýokary tizlikli internet 512 kbit/s, ýagny şäherlerdäki iň güýçli internetden 4 esse pes. Şäherdäki iň tizlikli internet bilen bir filmi ýüklemek üçin 66 minut garaşmaly bolsa, obadaky iň güýçli internet bilen 90 minutlyk bir filmi ýüklemek üçin 264 minut, ýagny 4.5 sagada ýakyn wagtlap garaşmaly bolaryn.

Ýurtda köp web saýtlaryň we sosial medialaryň petikli bolanlygy sebäpli, adamlar VPN hyzmatlaryny ullanmaga mejbur bolýarlar. Bilermenleriniň aýtmagyna görä, VPN ullanmak internetiň tizligini peseldýär. Tizligi peseltmejek abraýly kompaniýalaryň VPN-leri hem Türkmenistanda işlänok, ýagny petiklenen. Türkmenistan internet tizligi boýunça dünýäde iň soňky orunda ýer alýar we onuň üstüne VPN hem goşsak, tizlik has hem düşýär.

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtda okaýan türkmenistanly studentler geçen ýyl gyşda Türkmenistana kanikula gelipdiler we şu wagt okuwlaryny öýde, onlaýn dowam etdirýärler. Onlaýn sapaklaryň köpüsi Zoom arkaly amala aşýany üçin, olara güýçli internet örän wajypdyr we zerurdyr. Internet tizligi we elýeterliligi göniden-goni studentleriň bilim almagyna we geljegine täsir edýär.

Internet, ykdysady ösüş we adam kapitaly

Elbetde, arzan we tiz internet diňe studentlere gerek zat däl. Biziň belleýşimiz ýaly Internetiň hili göniden-göni ýurdyň ykdysady ösüşine täsirini ýetirýär. Global Network Initiative guramasynyň çykaran formulasyndan ugur alyp, biziň çykaran hasaplarymyza görä, Türkmenistanda internet petiklenen wagty ýurduň ekonomikasyna bir günüň dowamynda USD 348.000 barabar negatiw täsir, ýitgi ýetirilýär. Bu bolsa bir ýylyň dowamynda USD 127 milliona ýakyn ykdysady ýitgä deňdir. Internetiň elýeterliligi we tizligi ýurtda söwda-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy faktorlaryň biridir. Internet adam kapitalynyň derejesiniň uly görkezijisi bolýar. Adam kapitaly – adamyň tejribesiniň we başarnygynyň ykdysady gymmaty hökmünde kesgitlenilýär we muňa adamyň bilim, okuw, akyl, başarnyk we saglyk ýagdaýlary hem degişlidir. Bütindünýä Bankynyň 2020-nji ýyl üçin taýýarlan adam kapitaly indeksine görä, şu ýylda Merkezi Aziýada doglan çaganyň häzirki adam kapitalynyň bary-ýogy 50-63% potensialyna ýetip biljekdigini görkezdi. Merkezi Aziýada ykdysadyýetiň, bilim we saglyk pudaklarynyň beýleki ösen ýurtlaryňkydan pes derejede bolmagy şeýle potensiýalyň aladalandyrýan görkezijisiniň esasy sebäpleridir.

Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: