Tebigy minerallara we zähmet migrantlarynyň iberýän walýuta serişdelerine garaşly bolan Merkezi Aziýada 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüşi 1,7 % azalmagy ähtimal. Nebit, tebigy gaz, altyn we beýleki tebigy minerallara bolan islegiň dünýä derejesinde azalmagy, bahasynyň arzanlamagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekspordyna gaty uly täsirini ýetirdi. Zähmet migrantlarynyň iberýän walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy. Ykdysady kynçylyklar Merkezi Aziýada goşmaça 1,4-1,9 million adamy garyplyk statusyna sezewar etjegi aýdylýar. Şu ýylda Merkezi Aziýada doglan çaganyň häzirki adam kapitalynyň bary-ýogy 50-63% potensialyna ýetip biljekdigi aýdylýar.
Sebitdäki pandemiýa sebäpli ýüze çykan ykdysady çökgünlik barada Lilia Burunciuc, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory we Merkezi Aziýa boýunça ykdysatçy Iwailo Izvorski öz makalasynda beýan eden maglumatlaryny size ýetirmegi makul bildik.
Şu ýylky ykdasady çöküşiň emele gelmegine 3 sany faktor itergi berýär:
Birinjiden, häkimiýetleriň öý hojalyklary we kärhanalary goldamak üçin niýetlenen maliýe kömegi pandemiýa sebäpli ýüze çykan zarbany diňe çäkli derejede ýumşatmaga kömek etdi. Sebitdäki hereket çäklendirmeleriniň köpüsi sentýabr aýyna çenli aýrylsa-da, ykdysady we söwdanyň akymy henizem öňki durkyna dolanyp gelmedi. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende has uly zyýan çeken pudaklar: syýahatçylyk, dynç alyş we güýmenje (-94 %); önümçilik we energetika (-93 %); gözellik, fitnes we sport (-95 %).
Ikinjiden, harytlara bolan islegiň sebitleýin we global derejede düýpgöter gowşamagy eksporta ýaramaz täsir etdi. Merkezi Aziýa üçin möhüm söwda hyzmatdaşy bolan Hytaýyň jemi içerki önüniniň 1%-den hem az derejede ösmegi, olaryň Merkezi Aziýadan satyn aljak harytlarynyň mukdaryna uly täsirini ýetirer. Nebit, tebigy gaz, altyn we beýleki tebigy minerallara bolan islegiň dünýä derejesinde azalmagy we olaryň bahasynyň arzanlamagy hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekspordyna gaty uly täsirini ýetirdi, çünki pandemiýadan öň tebigy minerallar eksportyň 2/3 bölegini tutýardy.
Üçünjiden, zähmet migrantlarynyň iberýän walýuta serişdeleriniň azalmagy. Gyrgyz Respublikasy we Täjigistan şeýle serişdelere ýokary derejede garaşly bolup durýar we ýanwar-awgust aýlarynda o ýurtlara iberilýän serişdeler bir ýyl ozalkydan 12% azaldy. Iberilýän walýuta serişdeleriniň azalmagy bilen birlikde içerki girdejiniň azalmagy öý hojalyklaryna agyr zarba urýar we soňky 20 ýyllyk üznüksiz ösüşden soň jemgyýetde garyplygyň ýene ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýyldaky ykdysady çökgünlikleriň netijesinde Merkezi Aziýada goşmaça 1,4-1,9 million adamyň garyplyk statusyna sezewar bolar. Pes we orta girdejili ýurtlarda garyplygy ölçemek üçin ulanylýan görkezijä görä, eger şahsyýetiň bir güniň dowamyndaky girdejisi 3,2 dollardan az bolsa, onda ol resmi taýdan “garyp” diýip hasap edilýär.
Ýagty gelejekmi?
Awtorlara görä iki sany esasy faktor sebitiň ösüşini kesgitlär:
Garaşsyz we durnukly hususy sektoryň ösmegi we hökümetleriň hemme kärhanalar üçin deň mümkinçilikleri döretmegi örän möhümdir. Köplenç hökümede we elita gatlagyna ýakyn bolan hususy kärhanalara has uly üns berilýär we amatly şertler döredilýär. Döwlet maýa goýumlary arkaly hem hususy pudagyň depginli ösüşi üçin şertleri gowulandyrmakda möhüm orny bar.
Islendik ykdysadyýet üçin iň möhüm baýlyk bolan adam kapitalydyr. Adam kapitaly – işçiniň tejribesiniň we başarnygynyň ykdysady gymmaty hökmünde kesgitlenilýär we muňa işçiniň bilim, okuw, akyl, başarnyk we saglyk ýagdaýlary hem degişlidir. Bütindünýä Bankynyň 2020-nji ýyl üçin taýýarlan adam kapitaly indeksine görä, şu ýylda Merkezi Aziýada doglan çaganyň häzirki adam kapitalynyň bary-ýogy 50-63% potensialyna ýetip biljekdigini görkezdi. Merkezi Aziýada ykdysadyýetiň, bilim we saglyk pudaklarynyň beýleki ösen ýurtlaryňkydan pes derejede bolmagy şeýle potensiýalyň aladalandyrýan görkezijisiniň esasy sebäpleridir.
Häkimiýetleriň krizisden durnukly, dikeldiş çözgütleriniň içine bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmekden başga hem, hususy pudagyň ösmegi üçin şert döredip bilmegine bagly bolup durýar. Şeýle çäreleriň amala aşyrmagynda Merkezi Aziýa çärýek asyryň iň erbet ykdysady krizisinden doly gutulyp biler. Şeýle-de, pandemiýa bilen bagly çalt uýtgeýän ýagdaýlaryň fonunda СOVID-19 garşy sanjymyň ýasaljak wagty baradaky näbellilik 2021-nji ýyldaky potensial ykdysady dikeldiş üçin esasy töwekgelçilikleriň biridir.
Awtor: Merdan Amanow