Progres.Online

Ýurtlaryň gowşaklyk indeksi: Türkmenistan

Parahatçylyk fondy (The Fund for Peace) tarapyndan çykarylýan Ýurtlaryň gowşaklyk indeksi (FSI) diňe bir ýurtlaryň başdan geçirýän adaty basyşlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem şol basyşlaryň netijesinde bir ýurduň şowsuzlyga uçramagynyň, dargamagynyň ähtimallygyny kesgitlemekde-de möhüm guraldyr. Gurama maý aýynda 2021-nji ýylyň indeksini we hasabatyny çap etdi. Hasabatda ýurtlaryň durnuklylygynyň we ýüzbe-ýüz bolýan basyşlarynyň derejesi boýunça 179 döwlete baha berilýär.

“2020-nji ýylyň bize öwreden bir zady bar bolsa, onda saglyk krizisine diňe bir saglyk krizisi ýaly çemeleşip taýynlyk görmegimizi dowam etsek, diýmek biz bu ýagdaýdan netije çykarmadyk bolýarys. Şok ýagdaýynda diňe bir güýçli ykdysadyýet, gowy saglyk ulgamy ýa-da infrastruktura ýeterlik bolman, kynçylyklara garşy durmagyň zerur şerti – jemgyýetde sosial kapitalyň bolmagydyr. Köpçülik bolup hereket edip bilmeýän ýurt, şahsy bähbidini araýan, milli ýurt strategiýasyna düşünmeýän we äsgermeýän ilatly ýurt, ykdysadyýetiň näderejede gowydygyna, näçe lukmanyň ýa-da öýken wentilýator enjamynyň bardygyna garamazdan meselelere garşy durup bilmeýär”.

Neýt Haken, Programmalaryň müdiri, hasabatyň awtory.

Türkmenistanyň durnuklylygy

Dünýä ýüzünde iň durnukly ýurt hökmünde 16.2 balla eýe bolan Finlýandiýa diýlip görkezilýär. Türkmenistanyň bolsa 68.20 balla eýe bolandygy aýdylýar (Gazagystan 61.2, Gyrgyzystan 76.4, Täjigistan 75.1, Özbegistan 72.0).

Hasabatda ýurtlar dört topara: alada döredýän, duýduryş derejesindäki, durnukly we kadaly ýurtlara bölünýär. Bu bölünişige laýyklykda, Türkmenistan duýduryş derejesindäki ýurtlaryň arasyna girýär.

“Gowşak döwlet” nähili döwlet bolýar?

Döwlet gowşaklygynyň iň köp ýaýran alamatlary şulary öz içine alýar:

  • Öz territoriýasyna fiziki gözegçiligiň ýa-da kanuny güýç ulanylmagynyň monopoliýasynyň ýitmegi;
  • Köpçülikleýin karar bermekde kanuny ygtyýarlygyň ýitmegi;
  • Ýeterlik derejede jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürläp bilmezlik;
  • Halkara jemgyýetçiliginiň doly agzasy hökmünde beýleki döwletler bilen aragatnaşyk saklap bilmezlik.

Indeksi düzýän on iki sany indikator giňden ýaýran korrupsiýany we jenaýatçylygy, döwletiň salgyt ýygnap ýa-da raýatlaryň goldawyny alyp bilmezlik, ilatyň köpçülikleýin mejbury göçmegi, ykdysadyýetiň düýpli pese gaçmagy, deňsizlik, guramaçylykly yzarlamalar ýa-da diskriminasiýa, ýiti demografiki basyşlar, beýnileriň syzmagy we daşky gurşawyň zaýalanmagy ýaly döwletiň ýykylmagynyň töwekgelçilik elementlerini öz içine alýar. Ýurtlar ýagdaýlaryň çalt ýaramazlaşmagyň, ýöwuz konfliktiň, ýykylmagyň ýa-da çozuşuň netijesinde dürli derejede dargap bilýärler.

2006-2021-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolýän kynçylyklara garşy durmak ukybynyň trendi. Çeşme: Fragile State Index Hasabatdaky maglumatlara görä, soňky 10 ýylyň içinde ýurt boýunça negatiw 11.5 bal trendi syn edip bolýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: