Progres.Online

Ygtybarly statistikalaryň ýoklugynda Türkmenistanyň iş üpjünçiligine düşünmek

Orient”-iň habaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan iş orunlaryny döretmek maksadyny üç esse aşyp, meýilleşdirilen 2,688-e iş ornyna derek 7,607 sany täze iş orunlaryny döretdi. Bu maglumatlary we bar bolan iş üpjünçilik statistikasyny içgin gözden geçirenimizden soň, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze iş orunlaryny döretmegiň juda pese düşendigini, täze iş orunlarynyň işsizleriň bary-ýogy 7%-ine ýetýändigini we işe ukyply ýaşdaky adamlaryň ýarysyna golaýynyň işe girmek synanşyklaryny bes edendigini anykladyk.

Geliň onuň jikme-jikliklerine seredeliň!

Resmi iş üpjünçilik statistikaslary nähili?

Ne Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti ne-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi işsizlik derejesini öz içine alýan iş üpjünçiligi barada ygtybarly we jikme-jik maglumat bermeýär.

Türkmenistanyň 2016-njy we 2023-nji ýyllardaky BMG-nyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar baradaky halkara ylalaşygyna beren döwlet hasabaty aşakdaky statistikalary özünde jemleýär:

  • Türkmenistanyň umumy ilatynyň 57%-i işe ukyply ýaşdadyr (2022 ýyl);
  • Resmi däl pudakda işleýän adamlaryň sany 7.5% (2015 ýyl);
  • Ykdysady taýdan işjeň ilatyň 42.6%-i aýallar (2015 ýyl);
  • Häzirki wagtda işleýänleriň umumy sanynyň 44.9%-i aýallar (2015 ýyl).

Hasabatlarda ne işsizlik derejesi ne-de Türkmenistanda iş üpjünçiligi bilen bagly meseleler agzalýar. BMG-nyň komiteti Türkmenistanyň 2016-njy ýyldaky hasabatyna jogap hökmünde hökümete maglumat ýygnamagy gowulandyryp, işsizlik derejesini öz içine alýan, hemmetaraplaýyn we jikme-jik statistika üpjün etmegini maslahat berdi.

Mundan başga-da, 2000-nji ýyldan bäri Halkara Zähmet Guramasynyň (ILO) dürli sosial we ykdysady görkezijiler, şol sanda işsizlik derejesi barada maglumat almak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine birnäçe ýüz tutma synanyşyklary şowsuz boldy. Bu şowsuz synanyşyklaryň ählisi, şol sanda ýurduň habarlaşylan wekilleriniň atlary ILOSTAT sahypasynda çap edildi.

Iş üpjünçiligi baradaky maglumatlaryň alternatiw çeşmeleri haýsylar?

Dürli çeşmeler Türkmenistanda dürli işsizlik derejelerini habar berýär. Azatlygyň habaryna görä, 2017-nji ýylda ýurduň işsizlik derejesi 60%-e ýetdi. Emma, Türkmenistanyň Hronikasy 2017-nji ýylda 212 adam bilen geçiren söhbetdeşliginden soň işsizligiň 50%-e ýetendigini çaklaýar. Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maýa goýum ýagdaýy baradaky 2022-nji ýyl boýunça hasabaty ýurduň işsizlik derejesini 10% – 50% aralygy diýip çaklaýar. Hasabatda Türkmenistanyň, esasan hem ýaşlaryň we oba ilatynyň biçak uly derejede işsizlik we doly däl işlilik (hünär derejesine laýyk gelmeýän, az aýlykly, doly däl iş wagty şertlerinde islegsiz işlemek) bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy nygtalýar.

Şeýle hem, häzirki wagtda Bütindünýä banky ýurduň hili gowy we ygtybarly maglumatlarynyň ýoklugy sebäpli Türkmenistanyň ykdysady önümçiligi, girdejisi ýa-da ösüşi barada görkezijileri çap etmeýär. Bütindünýä banky diňe Halkara Zähmet Guramasy (ILO), Halkara Pul Gaznasy (IMF) we BMG ýaly daşarky çeşmelerden alnan käbir çaklamalary berýär. IMF Türkmenistanyň işsizlik derejesi barada hiç hili maglumat çap etmeýär. Ýakynda, IMF Türkmenistan boýunça ýurt barlagyny çap edip, onda ýurduň Jemi Içerki Önüminiň görkezijileriniň çişirilip görkezilendigini çaklaýar we öňe sürýär.

Türkmenistanyň hökümetinden ygtybarly maglumatlary alyp bilmänligi zerarly ILO ýurduň işsizlik derejesi barada öz model çaklamalaryny taýýarlaýar. Guramanyň soňky maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda ýurduň işsizlik derejesi 5% bolup, 2019-njy ýylda Covid-19 pandemiýasyndan öňki 4.2%-den ýokarlandy. Hususan-da, 2022-nji ýylda:

Ýokardaky maglumatlara esaslansak, aýallaryň işsizligi erkeklere garanyňda az. Ýöne, aýallaryň arasynda işsizligiň pes bolmagy olaryň işjeň iş gözlemeýändikleri bilen baglanyşykly bolup biler. Çünki, Türkmenistanda aýallar we gyzlar adatça tölegsiz öý işleri we çaga ideg etmek bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de, Türkmenistanda zähmet töleginde gender deňsizligi dowam edip, aýallar erkeklerden 12.2% az gazanýarlar (2022).

Iş üpjünçiligi baradaky maglumatlary nädip seljerip bileris?

Täze döredilen 7,607 iş ýeriniň ýeterlikdigini ölçemek üçin häzirki işsizlik derejesine düşünmek gerek. Emma, anyk işsizlik derejesi barada maglumatlar elýetersiz. Şeýle-de bolsa, häzirki bar bolan maglumatlary ulanyp seljerme geçirip bileris.

Ilki bilen, deňeşdirme üçin Türkmenportalyň 2015-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 111,000 täze iş orunlarynyň döredilendigi barada habar berenligini belläliň. Bu bellenilen döwür üçin ýyllyk 18,500 täze iş ornuna deňdir. Bu soňky ýyllarda iş orunlarynyň döredilmeginiň hakykatda peselendigini we 2023-nji ýylda 59% az iş ornunyň döredilendigini aňladýar.

Ikinjiden, Türkmenistanyň 6,430,770 umumy ilatynda işçi güýjüniň sany 2,047,906 bolup (Bütindünýä bankynyň 2022-nji ýyldaky çaklamalary), ilatyň 31,8%-ini düzýär. Işçi güýjüne işleýänler, iş gözleýänler we ilkinji gezek iş gözleýänler degişlidir. 102,395 adam işsiz (işjeň iş gözleýär) we diňe 7,607 sany täze iş ýerleri döredilen bolsa, bu adamlaryň 93%-i heniz hem iş gözleýärler.

Üçünjiden, işsizlik derejesi diňe iş gözleýän adamlary öz içine alýar. Türkmenistanyň umumy ilatynyň 57%-iniň işe ukyply ýaşdadygyna (2022) garamazdan, diňe 31.8% -i işleýär ýa-da işjeň iş gözleýär. Bu Türkmenistanda işe ukyply ýaşdaky adamlaryň 44.1%-iniň (1.6 million adam) işsizligini we iş gözlemeýändigini aňladýar (aşakdaky surata serediň). Deňeşdirsek, bu görkeziji Gazagystanda 13.2%.

Bu meseläniň sebäplerini düşündirýän dürli düşündirişleriň (mysal üçin: adamlaryň iş tapmakda nä derejede optimistligi) bolmagy ahmal. Meselem, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa Barometriniň 1621 sany türkmenistanly bilen geçirilen sowalnamasy gatnaşyjylaryň diňe 5%-i milli ykdysadyýet barada optimistik garaýyşdadygyny we diňe 2.8%-i işe ýerleşmek babatda oňyn garaýandygyny ýüze çykardy. Munuň sebäplerine işe girmek üçin köp mukdarda paranyň talap edilmegi, welaýat ýaşaýjylaryna Aşgabatda işlemek üçin rugsat almagyň kynlygy, şeýle hem döwlet işgärlerinden hökümet başlangyçlary üçin pul bermegiň talap edilmegi, wagtlaryny köçeleri arassalamaga sarp etmegi we şahsy azatlyklaryndan ýüz öwürmekleri degişlidir.

Galyberse-de, sosial we medeni kadalar aýallaryň öý hojalykçy bolmalydygyny höküm edýär. Bellenilen sebäplere görä ençeme türkmenistanlylar hatda doly iş wagtynda işleýän bolsalar-da, has ýokary girdeji gözlemek üçin Türkiýä, Russiýa we öňki Sowet döwletlerine emigrasiýa edýärler.

Jemläp aýtsak, resmi we ygtybarly işsizlik görkezijileriniň ýoklugy başga çeşmelere bil baglamak zerurlygyny ýüze çykaryp, aç-açanlyk meselelerini döredýär we daşary çeşmeleriň çaklamalarynyň gapma-garşylykly bolmagyna getirýär. Takmynan 102,395 adam işjeň iş gözleýär we diňe 7,607 bagty çüwen adam iş tapýar. Işsizlik boşlugy Türkmenistanda dowam edýän iş üpjünçilik kynçylyklaryny görkezýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: