Progres.Online

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň 2021-2022 ýyllar boýunça hasabaty

Türkmenistan boýunça synyň doly terjimesi

Esasy netijeler:

  • 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýeti güýçli depginde ösmegini dowam etdi. Anyk jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüşi 2021-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde 2020-nji ýylyň degişli döwrüne seredende 6.2% ösüş gazandy. Eksportlar (esasanam Hytaýa gaz eksporty) 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy, emma henizem 2020-nji ýylyň görkezijisinden pes.
  • Döwlet maksatnamalary arkaly sanlylaşdyrmak meýilnamasy öňe sürülýär. 2021-nji ýylyň awgustynda kabul edilen täze döwlet maksatnamasy, ýurtda kiçi we orta telekeçiliklerde (KOT) maglumat tehnologiýa önümleriň ulanyşyny ösdürmegi maksat edinýär. Maksatnama KOT-ler üçin ýeňilleşdirilen karzlary bermek, ýerli programma üpjünçilik önümlerine we enjamlaryna bolan talaplary goldamak degişlidir.
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny tizleşdirmek üçin gepleşikler geçirilýär. Bu möhüm taslamanyň öňegidişligi Owganystandaky täze režim bilen geçiriljek gepleşiklere bagly bolar.

2022-nji ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlar:

  • Hökümet Covid-19-yň ilatyň saglygyna ýetiren täsirlerine çözgüt tapmaly. Öňki ýyllarda, Türkmenistan enjamlary we gurluşyk infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga köp maýa goýdy. Indi, esasy üns medisina işgärleriniň bilimini we ukybyny ýokarlandyrmaga berilmeli.
  • Esasy makroykdysady görkezijileri (inflýasiýa, işsizlik, halkara söwda we ş.m.) gowylamak üçin daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalyşygy meselesi çözülmeli we walýuta hümmeti kesgitlenmeli. Hökümetiň edişi ýaly, saýlanan/belli bir telekeçilere goldaw mehanizmi hökmünde daşary ýurt walýutasyny arzan bahadan bermegi bazaryň başarjaň firmalary seçijiligine ýaramaz täsir edýär. Walýutanyň goşa hümmetini aradan aýyrmak ýurduň eksportynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar we balans durnuksyzlygyny düzedip, hususy pudagyň ösüşine itergi berer.
  • Hökümet maglumatlaryň aç-açanlygyny üpjün etmeli. Gyzyklanýan taraplaryň we jemgyýetiň berk kararlar berip bilmesi üçin ykdysady, sosial maglumatlary ýygnamak we olaryň elýeterliligi gowylandyrylmaly. Aç-açanlygyň ýokarlanmagy telekeçilere maýa goýumlar, önümçilik we maliýe dolandyryş kararlaryny bermäge kömek eder. Şeýle hem, hökümete anyk statistikalar esasynda syýasy çäreleri wagtynda amala aşyrmaga ýardam eder.

COVID-19: MAKROYKDYSADY TÄSIRLER

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda ykdysadyýet güýçli depginde ösdi. 2021-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde anyk JIÖ-iň ösüşi 6.2% boldy. 2020-nji ýylda ykdysady ösüş 5.9% bolupdy. Giňişleýin ykdysady kontekstde we global söwdanyň, hereketiň bökdençlikleri sebäpli 2020-nji ýylda şeýle kuwwatly ösüş mümkin däl. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda anyk JIÖ 3.4% azaldy. Ortaça ýyllyk inflýasiýa 2019-njy ýylda 5.1% -den 2020-nji ýylda 7.6% -e çenli ýokarlandy.

Hasaplardaky defisit. Hasap balansy 2019-njy ýylda JIÖ-iň 1.3 % profisitindedi, 2020-nji ýylda bolsa 0.5 % defisite düşdi. HPG görä, 2020-nji ýylda eksport (ösüşiň esasy çeşmesi) 30.7% azaldy, import bolsa 1.6% ýokarlandy. Eksport 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 18% artdy, emma 2019-njy ýyldakydan pesdi. 1 USD üçin walýutanyň resmi bahasy 3.5 TMM derejesinde saklanýar. Paralel bazarda (gara bazar) walýutanyň satylyş bahasy 2019-njy ýylyň dekabrynda 1 USD = 18 TMM bolanlygyndan 2021-nji ýylyň aprelinde 40 TMM çenli ýokarlandy. Ýöne, 2021-nji ýylyň oktýabryna çenli 1 USD bahasy 20-25 TMM çenli aşaklady.

2020-nji ýylda döwlet maliýe ýagdaýy deňagramlaşdyryldy. Döwlet býudjeti 2019-njy ýylda JIÖ-iň 0.4% defisitindedi, 2020-nji ýylda bolsa JIÖ-iň 0.1% profisitini gazandy. Şeýle-de bolsa, 2021-nji ýylda býudjetiň umumy maliýe çykdajylary 2020-nji ýylyň býudjetinden 6% pes boldy. Bu jemgyýetçilik maliýeleşdirmesiniň azalandygyny aňladýar. Çykdajylaryň 70%-den gowragy bilim we saglygy goraýyş ýaly sosial ugurlara sarp edilýär. Aýlyklar we pensiýalar 2021-nji ýylda 10% artdyryldy.

Daşarky berginiň esasy bölegi hasaplaşyldy. Hökümet 2021-nji ýylyň iýunynda gaz turbageçirijisiniň, beýleki taslamalaryň gurluşygy üçin Hytaýdan alan bergisini töländigini we mundan beýläk gazdan gelýän girdejileriň döwlet býudjetine girjekdigini habar berdi. 2021-nji ýylyň awgustynda Fitch Ratings Türkmenistana durnukly perspektiwaly B + reýtingini berdi. Reýting sagdyn maliýeleşdirişi we kyn biznes gurşawy, gowşak institusional mümkinçilikler, merkezleşdirilen ykdysady syýasaty deňagramlaşdyryp hasaplaýar.

Gysga möhletde ykdysady ösüşiň haýallamagyna garaşylýar. JIÖ-niň anyk ösüşi 2021-nji ýylda eksporty artdyrmagyň hasabyna 6.3% -e ýokarlanmagyna planlaşdyrylýar. 2022-nji ýylda ýurduň ykdysady ösüş depgini 5.5% -e çenli peselmegine garaşylýar. Bu köp ugurlarda meseleleriň ýüze çykmagyna, biznesiň hiliniň peselmegine, maliýe pudagynyň gysylmagyna we hususy telekeçiligiň işiniň çäklendirmelerine täsir eder. Ygtybarly ykdysady maglumatlaryň ýoklugyny we global Covid-19 pandemiýasyny göz öňünde tutup, berilen çaklamalar gümürtikligine galýar.

Covid-19-a jogap çäreleri

2021-nji ýylyň awgustyna çenli, Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alynan Covid-19 hadysasy ýok, emma ýurtda birnäçe berk hereket çäklendirmeleri girizilipdi. Goňşy ýurtlarda Covid-19 hadysasynyň möwç alanlygy sebäpli Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylyň iýunynda tutuş ýurt boýunça çäklendirmeleri girizdi. Içerki syýahatda (ýol, demir ýol, howa menzilleri) çäklendirmeler dowam etdi. Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen gury ýer serhetleri ýapyldy we halkara howa gatnawlary togtadylypdy. 2021-nji ýylyň awgustyndaky maglumata görä, Aşgabatda ähli uly söwda merkezleri, basseýnler we sport zallary ýapyldy. Ýurtda ýygnanyşmalar, maşgala toý-gutlamalary gadagan edildi. Jemgyýetçilik ýerlerinde azyndan iki metr aralyk saklanmaly we ýüz maskalary hökman dakylmalydy. Ýurtda 18 ýaşdan ulylar hökman waksina almaly edildi.

2021-nji ýylyň iýulynda, Bütindünýä banky Türkmenistanyň Covid-19-a jogap beriş taslamasyna $20 million karz bermegi tassyklady. Bu karz serişdesi milli pandemiýa taýýarlyk we jogap meýilnamasy boýunça ileri tutulýan çäreleri goldar. Ýurduň Covid-19 pandemiýa taýýarlyk çäreleri keseliň ýokuşmasynyň mümkin bolan birnäçe görnüşlerine jogap bermegi öz içine alýar. Covid-19 pandemiýasyna taýýarlyk we oňa garşy göreşmek boýunça milli tagallalary utgaşdyrmak üçin Gaýragoýulmasyz epidemiýa garşy ýörite komissiýa döredildi.

Strukturalaýyn özgertmeler

Kiçi we orta telekeçilikleriň sanlylaşdyrmak tagalallaryny goldamak üçin maliýe serişdeleri berler. 2021-nji ýylyň awgustynda, Prezident muňa degişli karara “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň” çäginde gol çekdi. KOT-lere enjamlaşdyrmak we programma üpjünçilik önümlerini ornaşdyrmak üçin karzlar berler. Karzlar iki ýyl ýeňillikli möhlet bilen 2%-ine bäş ýyllyk berilýär. Mundan başga-da, ýerli programma üpjünçilik önümlerini we enjamlaryny satyn almak, ornaşdyrmak üçin alty aýlyk ýeňillikli möhlet bilen 2%-ine üç ýyllyk maliýe serişleri bölünip berilýär.

TAPI gaz geçiriji taslamasyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikler alnyp barylýar. Türkmenistan 2020-nji ýylda taslama boýunça bellenilen planlara ýetip bilmedi, ýöne 2021-nji ýylda ony amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu hem taslamany işe girizmegiň möhletini 2021-2023-nji ýyla çenli yza çekýär. Turba geçirijiniň ýyllyk gaz geçirme kuwwaty 33 milliard kub metr. Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň esasy eksport bazary hökmünde Hytaýa garaşlylygyny azaldar. Gaz geçiriji boýunça gelejekki öňe gidişlikler Owganystan bilen dowam edýän gepleşiklere bagly. Taslama babatda entek bütewi bir ylalaşyga gelinmedi.

Çeşme: EBRD Transition Report 2021-22, Turkmenistan

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: