Progres.Online

Ýewropada we Merkezi Aziýada ykdysady inflýasiýa

2023-nji ýylyň baharynda, Bütindünýä banky “Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysadyýetine täzelenen syn: Gowşak ösüş, ýokary inflýasiýa we krizisde ýaşaýyş çykdaýjylaryň bahasy” atly hasabatyny çap etdi. Maglumat ýetmezçiligi sebäpli hasabatda Türkmenistan ýer almaýar.

Russiýanyň Ukraina çozmagy Ýewropa we Merkezi Aziýa (ÝMA) döwletleriniň ykdysady ösüşine we garyplyk derejesine ýiti täsirini ýetirdi. 2022-nji ýylda, sebitdäki ösüp barýan we ösýän ýurtlaryň ykdysady işjeňligi ep-esli azalyp, 1.2%-e deň boldy. Ösüşiň peselmegine inflýasiýa, energiýanyň we harytlaryň zynjyrynyň kesilmegi we pul berkleşdirme syýasaty sebäp boldy . Ykdysady ösüş 2023-nji ýylda hem orta derejede bolmagy we hakyky Jemi içerki önümiň (JIÖ) 1.4% artmagy çaklanylýar.

Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde sebitdäki inflýasiýa derejesi biçak ýokarlandy. Esasan hem, azyk we energiýa bahalary örän gymmatlady. Çaklamalara görä, energiýa we azyk bahalaryny öz içine almaýan esasy inflýasiýanyň derejesi hem ýokary bolmagyna galar. Ony peseltmek üçin garaşylanyndan kän wagt gerek bolar.

2022-nji ýylyň sentýabrynda, azyk we energiýa bahalarynda güýçli artyş zerarly sebitdäki ösüp barýan we ösýän ýurtlarda ýyllyk inflýasiýa derejesi ortaça 15.9%-e ýetdi. 1999-njy ýyldan bäri şeýle ýokary görkeziji hasaba alynmandy. Azyk, energiýa, ipoteka we kärende tölegleriniň artmagy, hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesini peseltdi.

Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, şeýle hem sarp ediş usullarynyň tapawutlylygy sebäpli, 2022-nji ýylda sebitiň tas ähli ýurtlarynda iň garyp maşgalalar iň baý maşgalalara garanyňda juda ýokary inflýasiýa sezewar boldylar. Garyp maşgalalaryň sarp edýän harytlarynyň bahasy baýlaryňka görä ortaça 2% artdy. Käbir ýurtlarda bolsa baha tapawudy 5%-e ýetdi.

Inflýasiýa derejesi adatça Sarp ediji bahalaryň indeksi (SEBI) arkaly hasaplanylýar. SEBI ýaşaýyş üçin zerur bolan ençeme harytlary we hyzmatlary öz içine alýan “sebetden” ybaratdyr. Hasabat ortaça inflýasiýa derjesi dürli hojalyklaryň ýaşaýyş çykdajylary indeksine (ÝÇI) görä hasaplanylanda sebet boýunça hasaplanylan SEBI inflýasiýasyndan ýokary bolandygyny ýüze çykardy. Şeýle hem, ÝMA ýurtlarynyň aglabasynda ilatyň garyplyk derejesi, garyplyk boşlugy we Gini deňsizlik indeksi hem hojalyklaryň kesgitlenen ÝÇI boýunça hasaplanylanda SEBI görä hasaplanylandan has ýokary boldy.

Ýokarda bellenilenleriň berk syýasy täsirleri bardyr. Hökümetler garyp hojalyklara degişli jemgyýetçilik maksatnamalary ortaça SEBI indeksine görä däl-de, eýsem hojalyklaryň ÝÇI boýunça işläp düzmeli. Garyplygy azaltmak boýunça netijeli syýasaty alyp barmak üçin garyplaryň anyk ýaşaýyş çykdaýjylaryny öz içine alýan inflýasiýa görkezijileri örän wajypdyr.

Doly hasabaty şu salgydan okap bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: