Progres.Online

Türkmenistanyň ykdysady erkinlik indeksi

Amerikanyň Heritage Foundation ylym we barlag instituty her ýyl Ykdysady erkinligiň indeksini hasaplaýar. Heritage Foundation-yň 2023-nji ýyldaky hasabaty Türkmenistanyň ykdysady erkinligi barada gysgaça bölümi öz içine alýar. Hasabata görä, ykdysady erkinligi bolan jemgyýetde adamlar öz isleglerine görä işlemek, öndürmek, sarp etmek we maýa goýmak hukugyna eýedir.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysady erkinlik indeksi 46.5 bal bolup, hasabatda ýer alan 176 ýurduň arasynda 161-nji orunda durýar. Bu görkeziji post-sowet döwletleriniň arasynda iň pes reýtingdir. 2022-nji ýylda, Türkmenistan 46.2 bal bilen indeksde 165-nji orny eýeledi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ýagny Serdar Berdimuhamedowyň hökümet başyna geçeninden bäri görkeziji birneme artdy.

Türkmenistanyň struktura özgertmeleri amala aşyrmak boýunça progresi juda pes. Ýurduň häzirki hukuk binýady netijesiz we syýasy gatyşma agdyklyk edýär. Döwletiň ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna aşa köp gatyşmagy hususy pudagyň ösüşini bökdeýär.

Hasabat ykdysady erkinlik indeksini 4 kategoriýa boýunça ölçeýär:

Kanunyň hökmürowanlygy: Türkmenistan kanunynyň hökmürowanlygy kategoriýasynda pes bala eýe boldy. Ýurduň emläk hukuklary, kazyýet ulgamynyň netijeliligi we hökümetiň wezipesini we halkyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirişi dünýä ortalamasyndan pesdir.

Hökümetiň gerimi: Bu kategoriýada salgyt stawkalary, hökümet çykdajylary we hökümet karzy seljerilýär. Hasabata görä, salgytlar jemi içerki önümiň (JIÖ) 8.1%-ini, döwlet çykdajylary bolsa JIÖ-niň 11.3%-ini düzýär. Şeýle görkezijiler bu kategoriýada Türkmenistanyň has ýokary orny eýelemegine kömek edýär. Döwlet karzy JIÖ-niň 11.1% -i bolup, hasabata görä bu görkeziji pozitiw hasaplanýar.

Kadalaşdyryşyň netijeliligi: Türkmenistanda telekeçiligi esaslandyrmak we dolandyrmak azatlygy örän çäklendirilen. Ýurduň ulgamynda aç-açanlyk ýetmezçilik edýär we kanunlar/düzgünler birsydyrgyn berjaý edilmeýär. Bu telekeçilere biznes şertlerinde iş alyp barmagy kynlaşdyrýar. Könelişen kadalaşdyryjy kanunlar biznesleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny has-da erbetleşdirýär. Ýurduň zähmet bazarynda döwlet sektory agdyklyk edýär. Resmi däl sektor (döwlete dahylsyz, hasapda durmaýan we kiçi maşgala biznesleri) bolsa iş üpjünçiliginde uly rol oýnaýar.

Erkin bazarlar: Türkmenistan import edilýän önümlere salgyt salýar. Import salgydy önümleriň bahasynyň ortaça 2.9% -ini düzýär. Ýöne, salgytdan daşary beýleki päsgelçilikleriň bolmagy (ygtyýarnama almak, kwotalar, standartlar, düzgünler we ş.m) söwda erkinligini juda çäklendirýär. Hökümet ykdysadyýete berk gözegçilik edýär we diňe çäkli pudaklara daşardan gatyşylmagyna rugsat berýär. Daşary ýurt walýuta hasaplaryny diňe hökümet tassyklaýar. Maliýe ulgamy esasan hökümetiň gözegçiliginde saklanýar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: