Bütindünýä banky jemgyýetçilik pudagynyň sanly ulgama geçişini ölçän 2022-nji ýyl boýunça GovTech Maturity Index-ini (GTMI) çap etdi. GTMI dört dürli indeksiň ortaça hasaplanan sany:
- Hökümetiň esasy ulgamlarynyň indeksi (CGSI) – hökümet buludy (döwlet edaralarynyň ulanyja ýöriteleşdirilen, jemgyýete çalt hyzmat bermek we ş.m üçin ulanýan bulut ulgamy), döwlet edaralarynyň arasyndaky özara işleşmegiň standartlary, gollanmalary we beýleki platformalary ýaly hökümetiň amala aşyrýan ähli çemeleşmeleriniň esasy taraplaryny öz içine alýar.
- Jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermek indeksi (PSDI) – raýatlara ýöriteleşdirilip düzülen we hemmelere elýeterlili bolan onlaýn jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ösüş derejesini ölçeýär.
- Raýatlaryň sanlylaşma gatnaşma indeksi (DCEI) – halkyň platformalary ulanyşy, raýatlaryň hyzmatlara baha berme mehanizmlerini, maglumatlaryň we hökümet portallarynyň açyklygyny ölçeýär.
- Hökümete tehnologiýalary üpjün edijiler indeksi (GTEI) – hökümetiň tehnologiýalary ösdürmek we ulanmak üçin edaralaryny, kanunlaryny we düzgünlerini, strategiýalaryny, sanly ukyplaryny, syýasatlaryny we maksatnamalaryny ölçeýär.
GTMI-iň baly 0-dan 1-e çenli hasaplanyp, ballaryň sany artdygyça sanly ösüşiň ýokarydygyny görkezýär. Indeks 198 ýurduň ykdysadyýetine baha berýär we GTMI balynyň ortalamasyna görä olary 4 kategoriýa (A, B, C, D) bölýär:
- A kategoriýa: 0.75-1.00-e çenli örän ýokary bal gazanan hökümeti tehnologiýalaşdyrmakda lider döwletler;
- B kategoriýa: 0.50-0.74 aralygynda ýokary bal alan sanlylaşdyrma gowy üns berýän ýurtlar;
- C kategoriýa: 0.25-0.49-a çenli orta bal bilen sanlylaşdyrma ortaça üns berýän döwletler;
- D kategoriýa: 0.00-0.24 aralygynda pes bal gazanan sanlylaşdyrma az üns berýän ýurtlar.
Türkmenistan jemgyýetçilik pudagynyň sanly özgertmesine az üns berýän D kategoriýa degişli bolup,Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki iň erbet görkezijili ýurtdyr. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri, ýagny Gazagystan we Özbegistan – A kategoriýa, Gyrgyzystan – B we Täjigistan – C kategoriýada ýer alýar.
Hökümeti tehnologiýalaşdyryşyň derejesi ýokary we ýokary-orta girdejili ýurtlaryň arasynda has ösen. Türkmenistan ýokary-orta girdejili ýurtdygyna garamazdan, iň pes bal gazanan D kategoriýa degişlidir.
Hasabat sanly deňsizligiň artmagy, raýatlaryň sanly tehnologiýalary ulanyşynyň pesligi, hökümetiň ýokary wezipeli resmileriniň sanlylaşdyrmaga meýilsizligi we maliýe çeşmeleriniň ýetmezçiligi ýaly döwletleriň aglabasynyň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylyklaryny hem belleýär.
2022-nji ýyl boýunça GTMI hasabatynyň maslahatlary:
- Sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyndaky, ukyplardaky we dolandyryşdaky boşluklary kemeltmek üçin ýeterlik serişdeleri bölüp bermeli;
- Bar bolan ulgamlaryň we hyzmatlaryň özara baglanyşygyny gowulandyrmaly;
- Hereket edýän sanly platformalaryň ulanylşyny, öndürijiligini ölçemeli we hasabat bermeli;
- Raýatlaryň hökümet bilen gatnaşyklary gowylandyrmak, jogapkärçiligi we halkyň hökümete ynamyny ýokarlandyrmak üçin raýatlaryň platformalara köp ugurly gatnaşmagyny ösdürmeli;
- Hökümetler jemgyýetçilik pudagyndaky kynçylyklary çözmäge höweslendirmek üçin jemgyýetçilik pudagyny tehnologiýalaşdyrjak başlangyçlara we kiçi we orta telekeçilige goşmaça ýardam we maliýe goldawyny bermeli;
- Hökümetler raýatlara we firmalara elýeterli boljak jemgyýetçilik maglumat platformalaryny döretmek arkaly, halky jemgyýetçilik maglumatlaryny ulanmaga höweslendirmeli.