Progres.Online

Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatynyň netijesizligi

2004-nji ýylda, Halkara pul gaznasynyň ykdysatçylary Gonzalo Pastor we Ron Wan Rooden “Türkmenistan: Häzirki oba hojalyk syýasatynyň ýüki” atly barlagy çap etdiler. Barlag Türkmenistanda häzirki alynyp barylýan oba hojalyk syýasatynyň býujet, orta derejeli daýhan we umumy ykdysadyýet üçin zyýanynyň ýokarydygyny öňe sürýär. Şeýle hem, awtorlar halkara bazarynda bugdaýdan we pagtadan has girdejili bolan adaty bolmadyk ekinleri ösdürmäge we oba hojalyk pudagy üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýa ornaşdyrmaga çagyrýar.

Döwlet syýasaty oba hojalygyň ösüşini bökdeýär

Soňky 7-8 ýyl bäri Türkmenistan ykdysadyýeti iki derejeli ösdürmek strategiýasyny alyp barýar. Ýurt energiýa pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak üçin günbatar ýurtlaryndan ep-esli karz aldy. Beýleki tarapdan bolsa daşary ýurtlardan alynan karz serişdeleri esasynda täze elewatorlaryň gurulmagy, maşynlar we enjamlar bilen üpjün edilmegi agrosenagaty ösdürdi. Bu strategiýa nebit we gaz üpjünçiligini, pagta we bugdaý önümçiligini artdyrsa-da býujetiň we daşarky balansyň defisitine (ýurtdan çykýan puluň ýurda girýän puldan köp bolmagy) hem-de alynan karzlary yzyna berme mümkinçiligini pese düşürdi. Şeýle hem, döwletiň Ösüş strategiýasy durnukly oba hojalygy ösdürmek boýunça ykdysady başlangyçlary öz içine almaýar.

Oba hojalyk syýasatyna we ösüşine bütinleý döwlet gözegçilik edýänligi zerarly dessin çözgüt talap edýän meseleler bar:

  • Oba hojalygyň daşarky karzy (energiýa pudagynyň bergisine deňeçer) 1999-njy ýylda $0.8 milliard bolup, bu mukdar Jemi içerki önümiň (JIÖ) 22%-ine deň.
  • Ilatyň 50%-niň oba hojalygyna garaşlydygy we garyp şertlerde ýaşaýanlygy üçin oba hojalygyň ösdürilmegi syýasy zerurlykdyr.

1995-nji ýyldan bäri, Türkmenistanyň önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy erbetleşdi. Muňa manadyň daşary ýurt walýutalaryna garşy hümmetlenmegi we zähmet haklarynyň artmagy sebäp boldy. Meselem: 1995-nji ýyldan 1999-njy ýylyň 4-nji çärýegine çenli Russiýanyň we Özbegistanyň türkmen walýutasyna garşy alyş-çalyşygy degişlilikde 6 we 4.3 esse ýokarlandy. Şeýle hem, Türkmenistanda Baltika, Russiýa we öňki SSSR döwletleri ýaly bäsdeşleri bilen deňeşdirende nominal zähmet haklary (ilkbaşdaky möçberi) 1995-1996-njy ýyllar aralygynda 800 esse artdy. Netijede, beýleki ýurtlaryň türkmen önümlerini satyn alma güýji we türkmen önümleriniň bäsdeşlik ukyby peseldi.

Barlag Türkmenistanda häzir edilişi ýaly subsidiler bermegiň deregine söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagy öňe sürýär. Bu söwdanyň liberallaşdyrylmagy we bäsdeşligiň ýokarlanmagy netijesinde tebigy ýagdaýda emele gelýär.

Türkmenistanda 1993-njy we 1999-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk önümleriniň, esasanam çig pagtanyň bahasy arzanlady. Bugdaý we pagta ýüplüginiň bahasy çig pagtanyň bahasyna seredeniňde birneme ýokary bolsa-da, ykdysadyýetiň beýleki önümçiliklerinden girdejisi has azdy. Emma, dünýä bazarynda pagtanyň we bugdaýyň bahasy 1992-1996-njy ýyllar aralygynda ýokarlandy. Şeýle-de, Türkmenistanyň bu önümleri import edýän bahasy hem durnuklylygyny saklapdyr. Diýmek, pagta we bugdaýyň bahasynyň peselmegi hökümetiň alyp baran syýasatynyň netijesidir. Ýagny, hökümetiň pagta we bugdaý ösdürýän daýhanlardan önümlerini döwletiň kesgitlän bahasyndan satyn almagy sebäplidir. Hökümetiň daýhanlardan kesgitlenen bahadan satyn alýan nyrhy bolsa dünýä bazarynyň bahasynyň diňe 50-60%-ini düzýär.

Döwlet haryt we çig mal biržasynyň girizen import we eksport etmek üçin şahadatnama almak ýaly çäklendirmeleri we gorag çäreleri oba hojalyk önümleriniň bahasynyň we eksportdan gelýän girdejileriň peselmegine getirdi. Çäklendirmeler pagta, bugdaý önümlerini eksoprt etmegi gadagan edýär we diňe ýurtda öndürilmeýän önümleri import etmäge rugsat berýär.

Hökümetiň häzirki syýasaty oba hojalygyň çeşmeleriniň ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna bölünip berilmegine sebäp boldy. Bu mukdar JIÖ-niň 15%-ine deň bolup, islendik standarda görä ýokarydyr.

Oba hojalyk syýasatynyň çak edilýän zyýany

Hökümet oba hojalyk syýasatyny gelejekki onýyllykda ütgetmän saklamaga synanyşsada, bu syýasat durnuksyz bolup, býujete, orta derejedäki daýhanlara we umumy ykdysadyýete ýaramaz täsir edýär:

  • Orta derjedäki daýhanalar üçin bugdaý we pagta ekip ýetişdirmek örän gymmada düşüp, gök önümleri we miweleri ösdürmek has girdejili. Meselem: 1999-njy ýylyň başyndaky bahalara görä hasaplananda, hökümet sargyt ulgamy boýunça 1 gektardan alynan bugdaý hasylynyň girdejisi 777.000 manat we pagta hasylynyň girdejisi 1.232.000 manat bolan bolsa, günde kakadylan pomidoryň girdejisi 19.309.000 we kişmişiň girdejisi 5.633.000 manat boldy. Ýagny, eger daýhanlar hökümet sargydy esasynda pagta we bugdaý ösdürmän, onuň deregine günde kakadylan pomidor we kişmiş öndüren bolsadylar 15–25 esse köp girdeji gazanardylar.
  • Döwlet sargydy boýunça ýetişdirilýän bugdaý we pagta ulgamyndan ýüz öwürmek umumy ykdysadyýete uly girdeji gazandyryp biler. Häzirki wagtda pagta we bugdaý ekilýän atyzlaryň (umumy meýdany 1.2 million gektar) dörtden biri kakadylan pomidor we kişmiş üçin ulanylsa, bu ýerden alynan hasylyň halkara bazaryndaky bahasy $1.4 milliard (5.200 manat = 1 dollar) bolar. Eger şol bir atyza bugdaý we pagta ekilse onuň halkara bazardaky bahasy $0.3 milliard bolar.
  • Pagta we bugdaý önümçiliginden gök-önüm we miwe önümçiligine geçmek býujet üçin bähbitlidir. Girdejiler JIÖ-niň 7%-ine deňeçer bolar we subsidileriň berilmegini bes etmek hem JIÖ-niň 6%-niň tygşytlanmagyna getirer.

2010-njy ýyl üçin Milli Maksatnama adaty bolmadyk ekinlerden gazanyp boljak girdejileri öz içine alman, pagta we bugdaý ekilşini has artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem, gelejek onýyllykda täze senagat önümleriniň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Emma, olar içerki sarp ediş üçin saklanar we eksport edilmez. 2010-njy ýyla çenli Ösüş maksatnama görä, 2000-njy ýylda energiýa degişli bolmadyk önümleriň eksporty umumy eksportyň 25%-den gowragyny emele getirse-de, 2010-njy ýylda onuň mukdary 15%-e düşüriler.

Oba hojalyk pudagyny özgertmek üçin çözgütler:

  • Daşarky bazarlarda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak üçin manadyň aşa hümmetlenmeginiň öňüni alýan, söwda mukdarynyň çäklendirmelerini aýyrjak, daşarky we içerki deňagramsyzlygy azaltjak maliýe syýasatyny, şol sanda söwdanyň artmagyny we söwdanyň liberallaşmagyny üpjün etjek bütewi syýasat kabul edilmeli;
  • Ykdysadyýeti halkara söwdasy üçin açmaly;
  • Oba hojalygyny özgertmek hökümetiň wagtlaýyn aladasy bolmaly däl-de, eýsem dowamly bahalandyrmany we hemmetaraplaýyn syýasy özgertme tagallalaryny talap edýär;
  • Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş standartlaryny ýokarlandyrmak diňe aç-açanlyk we söwdany liberallaşdyrmak arkaly amala aşyrylyp bilner;
  • Oba hojalygynyň ösmegine itergi bermek üçin ýerleriň hususy eýeçilige berilmegi we ygtybarly emläk hukuklarynyň ösdürilmegi bilen bagly ulgamlaýyn özgertmeler durmuşa geçirmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: