Türkmenistan iki derejeli bank sistemasyna görä işleýär, esasy Döwlet Merkezi Banky we ikinji derejede täjirçilik banklaryndan ybaratdyr. Ýurduň agalyk edýän esasy maliýe edarasy bolan Merkezi Bank 1991-nji ýylda gurulyp, ýurduň bank we milli pul-kredit sistemasyny dolandyrmak tabşyrlandyr. Işlerini 2011-nji ýylyň 25-nji martynda güýje giren (2023-nji ýylda üýtgedilen) “Türkmenistanyň Merkezi Banky hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we beýleki degişli hukuk resminamalary bilen dolandyrylýar.
Türmenistanyň Merkezi Banky ýurtda bahalaryň durnuklylygyny we pes inflýasiýa derejesini saklamaga jogapkärdir. Şeyle hem Merkezi bank:
- Daşary ýurt pulunyň milli pul birligine bolan gatnaşygy boýunça resmi alyş-çalyş nyrhyny kesgitleýär;
- Milli banknotlary (kagyz pul) we walýutalary (pul birligi) çykarmakda we ulanyşyga goýbermekde aýratyn hukuga eýedir;
- Türkmenistanyň daşary ýurt pul ätiýaçlaryny saklamagy we goramagy üpjün edýär;
- Bank işleri üçin ygtyýarnamalary berýär we ýatyrýar, şeýle hem bank ulgamyndaky umumy durnuklylygy üpjin etmek üçin bank ugruna gözegçilik edýär;
- Bank ulgamyndaky göterim hakyny (prosent stawkasy) dolandyrýar. Häzirki wagtda göterim haky 5% derejesinde kesgitlenendir.
Merkezi Bank garaşsyzmy?
Ösen ýurtlarda Merkezi banklar adatça syýasy täsirlerden we gatyşmakdan garaşsyzdyr. Garaşsyz merkezi banklar pes inflýasiýa derejesini has gowy saklaýarlar. Merkezi banklar hökümetleriň göni ygtyýarynda bolan ýagdaýynda syýasatçylar pul-kredit gurluşyny şahsy bähbitleri üçin ulanyp bilýärler. Meselem, gysga möhletli ykdysady ösüş döretmek üçin göterim haklaryny ulanyp bilerler ýada meşhur syýasatlara pul goýbermek üçin merkezi bankyň pul serişdelerinden peýdalanyp bilerler. Emma beýle hereketler gelejekde ykdysadyýete çynlakaý zyýan ýetirip biler. Garaşsyz merkezi banklar adalatly we durnukly ykdysadyýeti üpjin eder.
Merkezi bank baradaky kanunyň 3-nji maddasynda Merkezi Bankyň Türkmenistanyň Prezidetntine baglydygyny, şeýle hem onuň banka başlyk bellemäge ýada aýyrmaga ygtyýarynyň barlygyny kesgitleýär. Häzirki wagtda 2022-nji ýylyň aprelinde Prezident tarapyndan wezipä bellenen Toýly Malikow banka ýolbaşçylyk edýär. Jenap Malikow bu güne çenli hiç hili köpçülikleýin interwýu bermedi.
Kanunyň 19-njy maddasynda Merkezi bankyň ýerli ýerine ýetirýän organlardan garaşsyz işleýändigini we hökümetiň borçlaryna jogapkärçilik çekmeýändigini kesgitleýär. Muňa garamazdan, Prezidentiň Mejlise makullatman Merkezi bankyň başlygyny işe almak we aýyrmak babatynda aýratyn hukugynyň bolmagy bankyň garaşsyzlygy barada şübhe döredýär. IMF (Halkara walýuta fondy) we Bütindünýä Banky tarapyndan çap edilen makalalaryna görä, Merkezi banklar artykmaç syýasy täsirlere duçar bolmadyk ýagdaýynda düýpli ykdysady görkezijilere esaslanyp karar kabul edenlerinde, inflýasiýany dolandyrma we maliýe durnuklylygyny saklama ýaly maksatlaryna ýetmek has aňsat bolýar.
Türkmenistanda goşa walýuta kursunyň emele gelmeginde Merkezi bankyň roly?
2014-2015-nji ýyllarda dünýä bazarynda nebit we gazyň arzanlamagy neijesinde Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejisi ep-esli azaldy we manadyň hümmetiniň peselmegine getirdi. Türkmenistanyň Merkezi banky deflýasiýa (artykmaç kagyz pullary dolanyşykdan aýyrmak arkaly pul massasynyň azaldylmagy) gysmasyna garşy göreşmegiň ýerine 2016-njy ýylyň ýanwaryndan başlap daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyşyny esli azaltdy we bu goşa walýuta kursuny emele getirdi. Resmi ABŞ$/manat kursy 3.5 manat görnüşinde nyrh kesilen hem bolsa bu makala çap edilen döwri gizlin bazarda kurs 19.5 manat hasabynda bahalandyrylyp, 450%-den gowrak möhüm aratapawut bardyr. Merkezi bank döwlet edarasy hökmünde milli walýutasynyň durnuklylygyny saklma wezipesni başarmaýar.
Gizlin bazardaky ýokary alyş-çalyş kursy netijesinde ýurtda inflýasiýa güýçli artyp, 2016-2021 ýyllarda iki we üç belgili sanlara ýetdi. Merkezi bankyň esasy wezipesi baha durnuklylygyny goramak bolup, bu bolsa pes we durnukly inflýasiýany saklamakdyr. Köp ýurtda merkezi banklar anyk inflýasiýa maksadyny planlaşdyrýarlar. Emma Türkmenistanyň Merkezi Banky inflýasiýa planyny kesgitlemeýär. Ýurtda inflýasiýa derejesiniň ýokarylygyny tassyklamakdan saklanýar we muňa bagly maglumatlary halk köpçüligi bilen paýlaşmaýar. Hökmet her ýyl döwlet işgärleriniň, pensionerleriň (napagaçy), talyplaryň aýlyk haklaryny 10% artdyryýar, ýöne 2016-2021 ýyllarda asyl inflýasiýa derejesi has ýokary bolupdyr. Bu ýagdaý Türkmen halkynyň haryt we hyzmatlardan, esasan hem import harytlaryny satyn alma mümkinçiliklerini çäklendirýär. Ýokary inflýasiýa Türkmen manadynyň söwda güýjini peseldýär we beýleki walýutalara garşy hümmetini düşürýär.
Halkara Guramalaryň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-kredit syýasaty hakyndaky garaýyşlary näme?
Halkara walýuta fondunyň (IMF) işgärleriniň 2019-njy ýylda Türkmenistana resmi saparynda kursuň örän ýokarylygy we daşary ýurt walýutasynyň elýeterliliginiň çäklendirilmegi, hususy maýagoýumlary we uglewodorod pudagyna degişli bolmadyk eksport bäsdeşligini (konkurentlik) azaldýar diýen netijä geldiler. Halkara walýuta fondunyň (IMF) işgärleri durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manat konwertirlenmeli diýip üstüni ýetirdi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň manat alyş-çalyşyny berk çäklendirendigini hem tassykladylar.
Ynamly we anyk maglumatlaryň ýoklugy zerarly häzirki wagtda Bütindünýä banky Türkmenistanyň ykdysady önümçiligi, girdejileri ýa-da ösüşi barada maglumatlary çap etmeýär, şeýle-de Türkmenistan döwletara makroykdysady birleşiklerden uzaklaşdyrlandyr. Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD) soňky “Türkmenistanyň Derňewi” (2019) hasabatynda pes eksport girdejileri we ägirt uly hökümet taslamalary netijesinde, 2016-njy ýyldan bäri Merkezi bank tarapyndan daşary ýurt pulunyň gytlygyna we çäklendirilmegine getirdendigini belläp geçýär. Manadyň örän ýokarlanandygy we ýurtda inflýasiýanyň tizleşendigi hem bellenilýär. Şeýle hem, hökümetiň yzygiderli has berk walýuta çäklendirmelerini girizip ýagdaýa täsir etmäge çalyşýandygyny we munuň söwda pudagyny düýbünden bozýandygyny hasabata goşdular. Walýuta çäklendirmeleri kärhanalaryň import üçin töleme, eksport üçin töleg alma we daşary ýurt bazarlaryna maýagoýum etme işlerinde kynçylyklar döredýär.
Türkmenistanyň pul-kredit syýasaty BSG (Bütindünýä söwda guramasyna) agzasy bolamgyna nähili täsir edýär?
BSG agzasy bolmagyň çäginde, ýurtlar köplenç durnukly alyş-çalyş kurslaryny we aýdyň pul-kredit syýasatyny saklamaga meýilliliklerini görkezmelidir. Merkezi banklar haryt we hyzmat importy we eksporty üçin gerekli bolan daşary ýurt walýutasynyň elýeterligini üpjin edip, halkara söwdany ýeňilleşdirmäge möhüm täsirini ýetirýär. Bu söwda işleriniň yzygiderliligini saklmaga ýardam eder we bökdençlikleri iň pes derejä düşürer.
BSG agzalary halkara söwdasy üçin has amatly şertleri döretmäge ymtylýarlar. Durnukly makroykdysady we maliýe şertleri daşary ýurtly goýumlary çekmek üçin möhümdir. Merkezi banklar inflýasiýany, göterim hakyny dolandyryp, we umumy ykdysady durnuklylygy saklap bu durnuklylyga ýardam edýärler. Türkmenistanyň Merkezi banky durnukly alyş-çalyş kurs şertlerini netijeli dolandyryp bilmedi. Şol sebäpli goşa walýuta kursunyň bolmagy we Merkezi bankyň kararlaryna gümürtik çemeleşmegi Türkmenistanyň BSG agzasy bolmagyny gijikdirer.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kemçilikleri?
Aýdyň däl gurluş: Merkezi bankynyň başlygynyň Prezident tarapyndan wezipä bellenmegi gümürtikdir we halk köpçüligine karar berilenden soňra döwlet telewideniýesinde habar berilýär. Dalaşgärler, olaryň hünärleri ýada goşa alyş-çalyş kursy ýaly Merkezi bankyň jogapkärçiliklerine degişli wajyp meseleleri çözmek üçin hödürlenýän strategiýalar baradaky maglumatlary jemgyýete mälim edilmeýär.
Merkezi bankyň alyş-çalyş kursy baradaky kararlary asla açyk bolmady. Ýurtda daşary ýurt walýutasynyň alyş-çalyşyna çäklendirme getirmegi zerarly 2016-njy ýylyň ýanwarynda goşa kursyň girizilmegine getirdi. Merkezi bankyň esasy wezipesiniň milli pulunyň durnuklylygyny goramak bolsa-da, ýagdaý 2016-njy ýyldan bäri durnuklylykdan uzakdyr.
Halk köpçüligi bilen maglumat arabaglanyşygy ýok: Walýutaalyş-çalyşyny çäklendirme karary Merkezi bankyň resmi internet sahypasynda jemgyýete habardar edilmeýişi ýaly beýleki maglumat kanallaryndan hem habar berilmedi. Hatda Merkezi bank manadyň hümmetsizlenmek (dewalwasiýa) meselesiniň bardygyny kabul etmedi. Bu karara degişli aýdyňsyzlyk görülen çäreler we onuň ýurduň maliýe pudagyna täsiri barada ilat bihabar galdy.
Çäkli hasabatlar: Türkmenistanyň Merkezi banky we beýleki degişli edaralar alyş-çalyş kursunyň bahalarynyň üýtgemegi we inflýasiýa barada hiç hili maglumat bermediler. Merkezi bankyň alyp barýan pul-kredit syýasaty hakynda maglumat ýok. Bankyň internet sahypasynda diňe Türkmenistanda berilen kartlaryň sany, bankomatlar we bank kartlary hakynda çäkli maglumatlar bar.
Düşünjesiz kabul edilen kararlar: Merkezi bankyň internet sahypasynda Türkmenistandaky bank pudagynyň ýagdaýyny seljerýän çap edilen ylmy-derňew işileri ýokdyr. Merkezi bankyň web-sahypasynda 2009-njy ýyldan bäri manadyň beýleki walýutalara bolan baha geçmişine degişli sahypa bar. Emma ýurt 2016-njy ýyldan bäri goşa walýuta kursy usuly bilen işleýär we gizlin bazaryň alyş-çalyş nyrhy Merkezi bank tarapyndan ne kabul edilýär ne-de paýlaşylýar.
Merkezi Aziýanyň beýleki merkezi banklary muňa meňzeş meseleleri nähili çözýärler?
Türkmenistanyň tersine Gazagystan 2014-nji ýylda milli pulunyň hümmetsizlenmegi (dewalwasiýa) bilen garşylaşanda, Merkezi bank öz syýasatyny, meýilnamalaryny we hereketlerini açyk görekzip aýdyňlygyny bildirdi. Merkezi bank öz milli puly bolan teňňäniň hümmetini saklamak üçin ätiýaçdaky dollarlary satdy.
Gazagystanyň Merkezi bankynyň dolandyryjylary pul-kredit syýasaty baradaky kararlary we ýurduň ykdysadyýetine ýetirýäýjek täsiri hakynda halk köpüligini habardar etmek üçin yzygiderli interwýu we resmi beýannamalary berýärler.
Gazagystan merkezi bankynyň web sahypasynda alyş-çalyş kurslary bilen birlikde pul-kredit syýasatyna degişli kararlaryny yzygiderli habar berýän press-reliz (has aktual maglumatly ýörite resmi habar) bölümi bardyr. Şeýle aýdyň çemeleşme halk bilen özara düşünişmegine ýardam edýär, telekeçiler we paýdarlar üçin Merkezi bankyň görýän çärelerine bolan ynamyny artdyrýar.
Netijede, Türkmenistanda Merkezi bankyň syýasy täsirlere garaşly bolmagy, onuň ykdysady meselelerde wajyp bitarap kararlary alma ukyby barada ynjalyksyzlyklar döredýär. Goşa walýuta kursy usulynyň ýüze çykmagy Merkezi bankynyň milli walýutanyň durnuklylygyny saklamaga ukypsyzdygyny görkezdi, bu bolsa inflýasiýanyň çalt ösmegine we halkyň satyn alma mümkinçilikleriniň peselmegine getirdi. Merkezi bankyň gümürtik aragatnaşygy we maglumatlary çäkli paýlaşmagy işjeňligini has hem azaldýar. Bu kemçilikler Türkmenistanyň BSG agza bolmagyna päsgel döredip biler we bankyň ykdysady durnuklylygy saklma ukybyna bolan halkyň ynanjyny has hem düşürip biler.