Progres.Online

Türkmenistanyň maliýe hasabatlarynyň ýaşrynlygy

2022-nji ýylyň sentýabrynda, ABŞ-nyň döwlet departamenti 141 döwleti öz içine alýan, maliýe aç-açanlygy barada hökümetlere baha berişini çap etdi. Departamentiň baha beriş üçin gözden geçiriş döwrüne 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 31-nji dekabry aralygy degişli. Departament ýurtlaryň maliýe hasabatlarynyň aç-açanlygyna minimum talaplary ýerine ýetirişine baglylykda baha berýär. Bu hasabata görä, Türkmenistanyň maliýe aç-açanlygy minimum talaplara laýyk gelmeýär.

Maliýe aç-açanlygy – raýatlara salgyt we döwlet girdejileri barada maglumatlaryň aňsat elýeterliligi.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň hökümetlere baha berişi:

Türkmenistan

Gözden geçiriş döwründe býudjet resminamalary we karz borçnamalary, şol sanda döwlete degişli kärhanalar baradaky maglumatlar köpçülige aýan edilmedi. Hökümet döwlet gazetinde umumy girdeji maglumatlary onlaýn çap etdi. Halka mälim edilen býudjet maglumatlary kemter we hökümetiň tebigy baýlyklardan gazanýan girdejilerini görkezmeýär. Döwletiň býudjetden daşary durnuklylaşdyryş gaznasy barada maglumatlar köpçülige elýeterli däl. Ýokary audit edarasy (ÝAE) garaşsyz iş alyp barmakda halkara ülňülerine laýyk gelmeýär. ÝAE hökümetiň maliýe hasabatlaryny barlaýandygyna garamazdan, hasabatlary halka aýan etmedi.

Hökümet tebigy baýlyklary gazyp almak üçin ygtyýarnamalary we şertnamalary bermegiň düzgünlerini kanunda ýa-da düzgünnamada doly kesgitlemedi. Bar bolan kanunlaryň we düzgünleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýänligi ýa-da geçirilmeýänligi näbelli.

Tebigy baýlyklary gazyp çykarmaga rugsat bermek baradaky esasy maglumatlar jemgyýete hemişe elýeterli edilmeýär. Garaşsyz abadançylyk gaznasynyň (döwletiň uzak gelejekde girdeji, ösüş gazanmak we gelejek nesil üçin maýa goýum serişdesi) berk kanuny esaslary ýok. Gaznanyň maliýe çeşmesi we ondan maliýe serişdelerini almagyň düzgünleri elýetersiz.

Türkmenistanyň maliýe aç-açanlygyny gowylandyryp biljek ýagdaýlar:

  • Belli bir möhletde býudjet resminamalaryny halka elýeterli etmeli;
  • Bellenilen möhletde karz borçnamalary, döwlet kärhanalary barada maglumatlary köpçülige aýan etmeli;
  • Býudjet resminamalaryny doly we ygtybarly görnüşde üpjün etmeli;
  • ÝAE-nyň garaşsyz iş alyp baryşynyň halkara standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmeli;
  • ÝAE-nyň hasabatlaryny köpçülige aç-açan etmeli;
  • Kanunda ýa-da düzgünnamada tebigy baýlyklary gazyp almak üçin ygtyýarnamalary bermegiň we şertnamalary baglaşmagyň kriteriýalaryny we proseduralaryny doly beýan etmeli;
  • Tebigy baýlyklary gazyp çykarmak boýunça kanunlary we düzgünleri iş ýüzünde berjaý etmeli;
  • Tebigy baýlyklary gazyp almaga berilen rugsatlary halka mälim etmeli;
  • Garaşsyz abadançylyk gaznasy barada berk kanuny düzgünleri döretmeli, maliýeleşdiriş çeşmesi we  gaznadan maliýe serişdelerini almagyň şertlerini aç-açan etmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: