Progres.Online

Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş Gaznasy: Näme Bilýäris we Bilemzok

Türkmenistanyň döwlet býujetiniň 92% nebit we gaz satuwyndan gelýän girdejilerden ybaratdyr. Býujetdäki tebigy serişdelere bolan ýokary derejedäki garaşlylyk ýurt üçin örän töwekgelçilikdir sebäbi dünýä bazarlarynda nebit-gazyň bahasy düşen ýagdaýynda uly krizisleriň döremegine ýol açýar. Şol sebäpden Halkara Pul Ganzasy Türkmenistan ýaly ykdysadyýeti tebigy resurslara garaşly ýurtlara Durnuklaşdyryş gaznasyny (Стабилизационный фонд, Stabilization Fund) döretmegi maslahat berýär. 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy (TDG) döredildi.

Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetiň uglewodorod bölegine baglylygyny, amatsyz daşarky ýagdaýlaryň täsirini peseltmek we geljekki nesilleriň milli maddy we tebigy baýlyga bolan hukugyny kepillendirmek üçin niýetlenýär. (10-nji madda, Türkmenistanyň býujet kodeksi)

Türkmenportal neşiriniň Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň maglumatyna salgylanyp bellemegine görä, TDG-daky pullaryň möçberi Türkmenistanyň JIÖ-niň 13% deň, ýagny 5.92 mlrd USD. Deňeşdirsek,Norwegiýanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndaky serişderleriň möçberi ýurduň JIÖ-niň 359% deňdir we onuň möçberi 1.3 trillion USD. Ýatlatsak, Norwegiýanyň ilaty Türkmenistanyňka ýakyn (5.3 million) we Norwegiýanyň tebigy gaz rezerwleri Türkmenistanyňkydan azdyr.

TDG-nyň serişdelerini peýdalanmagyň tertibi we dolandyrylmagy

TDG-nyň serişdelerinden diňe prezidentiň çözgüdine laýyklykda peýdalanyp bolýar (26-nji madda). Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyny dolandyrmak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar (27-nji madda).

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi TDG-yň girdejilerini artdyrmak maksady bilen, gaznanyň serişdelerini milli we daşary ýurt pulunda maliýe gurallaryna, pul depozitlerine we maýa goýumlaryň beýleki görnüşlerine maýa goýum görnüşinde gönükdirýär. TDG-yň serişdeleri bilen amallar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylan ýörite hasabynda görkezilýär.

TDG-nyň ýyllyk maliýe hasabatlylygyna içerki audit barlagy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan onuň öz bellän tertibinde amala aşyrylýar. Içerki audit barlagy boýunça hasabat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

TDG-nyň serişdeleriniň durnuklaşdyryş wezipesini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan bölegi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete transfertiň möçberinde kesgitlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky

2011-nji ýylda TDG-nyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky döredildi. Bu bankyň esasy wezipeleriniň biri ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümçiligini höweslendirmekden ybaratdyr diýip bankyň saýtynda bellenýär. TDG-nyň serişdeleri arkaly kiçi we orta göwrümli telekeçilige maýa goýum edilen wagtynda işler bu bank arkaly amala aşyrylýar.

Gaznadan karz bermek

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky täze kararyna görä, ýurtdaky önümçiligi artdyrmak we ykdysadyýetdäki pudaklary gowlandyrmak üçin TDG-nyň ujundan maliýe serişdelerini alyp, olary maýa goýum etmäge gönükdirmeli. TDG-nyň serişdeleri karz beriji edaralaryň depozit hasaplaryna geçirip, döwlet we hususy pudakdaky täze proýektlere karz bermek göz öňünde tutulýar. TDG-dan beriljek serişdeleriň anyk sany aýan edilmeýär.

Ýatlatsak, 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda TDG-nyň seridelerinden 100 million USD möçberinde kiçi we orta göwrümli telekeçiligi maliýa taýdan goldamak üçin karz serişdeleri berildi. Bu serişdeler “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna göýberilip, bu bank arkaly karz pullar telekeçilere berildi diýip resmi habarlarda bellenýär. Bu serişdeler bäsdeşlige ukyply bazar ykdysadyýetini emele getirmek, oba hojalygyny we senagatyny ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen göýberilýändigini Türkmen habar gullugy belläp geçýär. “Rysgal” banky tarapyndan beriljek karzlar ýyllyk tölegi 1 göterimden köp bolmadyk şerti bilen telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, azyk we sanagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek baradaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin berildi. Emma bu karz pullaryň jikme-jikleri, haýsy kärhanalaryň karz alanlygy baradaky maglumatlar açyk şekilde ilat bilen paýlaşylmaýar.

Näme bilemzok?

TDG-nyň aýratyn web sahypasy ýok we ýylda gazna näçe mukdarda we nireden pul gelýäni hakynda köpçülige hiçhili maglumat berilmeýär.

TDG-na gönükdiriljek serişdeleriň diňe döwlet býutjetiniň profisitine garaşly edilmegi hemişe pul getirmän biler. Meselem, Türkmenistanyň döwlet girdejileri 2010 we 2017-nji ýyllar arasy yzygiderli derejede artdy we 2010-nji ýylda 50 mlrd manat bolan bolsa, 2017-nji ýylda 100 milliarddan geçdi, ýagny 2 esse artdy. Döwlet girdejisiniň şeýle uly derejede artmagy örän gowy habar we artykmaç maliýe serişdeleri TDG-na goýular diýip pikir edensiňiz, ýöne gynansakda şo bir ýyllar arasynda hökümetiň sowan pullary girdejiden hem has ýokary boldy. TDG-nyň iş mehanizmini nazara alsak, şeýle 7 ýyllyk ösüşde gazna pul serişdeleri gönükdirilmedi diýip çaklap bileris.

Başga ýurtlaryň gaznalary

Dürli ýurtlarda nebit-gaz girdejilerini adalatly dolandyrmak üçin döredilen gaznalaryň sany jemi 52 ýetdi. Olardan iň ululary: Norway Pension Fund Global (Norwegiýa, 1990 ýyl), Alaska Permanent Fund (ABŞ, 1976 ýyl), Alberta Investment Fund For Future Generations (Kanada, 1976 ýyl), the State Oil Fund of the Republic of Azerbaijan (Azerbaýjan, 1999 ýyl), the National Fund of the Republic of Kazakhstan (Gazagystan, 2000 ýyl).

Norwegiýanyň Gaznasynyň döredilmeginde esasy maksat nebit-gazdan gelýän girdejileriň hemmesini bir bada sowman, ertirki güne we nesillere hem saklap goýmakdyr. Şeýle hem, ykdysadyýetiň ýaramazlaşan wagtynda bu gaznadaky pullary ulanyp, ekonomikany durnukly şekilde dolandyrmagy maksat edinýär. Norwegiýa gaznadaky pullary daşary ýurt kompaniýalaryndaky biržalara, daşary ýurtlardaky hökümet bondlaryna we gaýragoýulmasyz emläklere maýa goýum edýär we girdejini has hem artdyrýar.

Norwegiýanyň gaznasynyň öz aýratyn web sahypasy bar we ol ýerde gaznanyň girdejileri we haýsy kärhanalara maýa goýum edýändikleri hakynda hemme jikme-jik maglumat açyk şekilde paýlaşylan. Ýatlatsak, Norwegiýanyň ilaty Türkmenistanyňka ýakyn (5.3 million) we Norwegiýanyň tebigy gaz rezerwleri Türkmenistanyňkydan hem azdyr.

Bu günki günde Norwegiýanyň Gaznasyndaky serişdeleriň mukdary 1.3 trillion dollara ýetdi we dünýädäki iň uly gazna hasap edilýär. Bu gazna 73 sany ýurtdaky 9123 sany dürli kärhana maýa goýum edýär we ol kärhanalaryň eýeçiliginde paýy bar. Bu kompaniýalara Apple, Microsoft, Samsung we Nestle ýaly ägirtler hem degişlidir. Maýa goýumlaryň hemmesi birlikde gazna üçin her ýyl 6.6% girdeji getirýär.

Kanun boýunça, nebit-gazdan gelýän girdejileriň we salgytlaryň hemmesi göni gaznanyň hasabyna gönükdirilýär. Her ýyl döwlet býujeti üçin çäkli mukdarda gaznadan pul ugradylýar. Norwegiýa hökümetiniň ýyllyk býujetiniň ortaça 20% gaznadan gelýär. Bu kanunlaryň hemmesi Norwegiýanyň parlamentinde seljerilýär, öwrenilýär we ses berilip, karar berilýär. Norwegiýanyň gaznasyndaky pullaryň diňe ýarsyndan azyragy nebit we gaz girdejilerinden ybarat we serişderleriň aglaba bölegi maýa goýumlardan gelýän girdejilerdir. Ýurduň ykdysady ýagdaýy agyr bolan döwründe kanunlara laýyklykda gaznadan köp pul sowulýar.

Il näme diýýär?

Bütindünýä Banky Türkmenistan barada çykaran hasabatynda (Diversifying the Turkmen Economy, 2014-nji ýyl) TDG-nyň dolandyrylşygyny gowylandyrmagy, gazna gelýän we sarp edilýan pul serişdeleri hakynda maglumatlaryň açyk we aýan bolmagyny ündeýär.

Ýewropanyň rekonstruksiýa we ösüş bankyna görä, 2008-nji ýylda Türkmenistanda Durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegi, soňra bolsa käbir býujetden daşary gaznalaryň býujete mundan beýläk-de jemlenmegi öňe tarap möhüm ädim boldy.

“Ýöne Durnuklaşdyryş gaznasynyň we onuň hasaplarynyň maýa goýum kadalary we ýörelgeleri çap edilmelidir. Mundan başga-da uglewodorod girdejileriniň ep-esli bölegi walýuta ätiýaçlyklarynyň Gaznasynda (WÄG), býujetden daşary hasapda toplanylmagyny dowam etdirýär we bu girdejiler aýdyň bolmadyk usul bilen hasaplanmagyny we harçlanylmagyny dowam etdirýärler. Uglewodorod girdejileriniň we býujet çykdajylarynyň köpüsi býujetiň we Walýuta ätiýaçlyklar gaznasynyň (WÄG) çäkleriniň daşynda bolmagyny dowam etdirýärler.” (Ýewropanyň rekonstruksiýa we ösüş banky, Ýurt boýunça strategiýasy, 2014-nji ýyl)

Fitchratings guramasynyň analizine görä, Türkmenistanyň hökümeti 1 ýylyň dowamynda eden girdejisinden has köp çykdajy eden ýagdaýynda, ýetmeýän maddy serişdeleriň üstüni dolmak üçin pul karz alýar ýa-da TDG-nyň pul serişdelerini ulanýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: