2023-nji ýylyň martynda, George Washington uniwersitetiniň Merkezi Aziýa programmasy “Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygy: Täjigistanyň we Türkmenistanyň mysaly” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi (2014-2019ý) Allan Mustard Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyna degişli maglumatlary belläp geçdi. Olaryň gysgaça mazmuny aşakdakylardan ybarat.
Statistika barada:
Türkmenistan ýyllyk statistiki hasabatlary çap etmeýär we azyk howpsuzlygyna degişli görkezijiler näbelli. Netijede, ýurduň azyk howpsuzlygy barada mälim bolan maglumatlaryň köpüsi gündelik durmuşdaky synlardan ybarat. Resmi maglumatlaryň elýetersiz şertlerinde, azyk howpsuzlygyny öwrenmek üçin şulara üns bermeli:
- umumy ilat sany;
- ekinleriň hasylynyň mukdary;
- eksport-import görkezijileri.
Türkmenistanyň territoriýasynyň uly bölegini çöl tutýar. Ýurduň umumy meýdanynyň diňe 4%-i ekarançylyga ýaramly. Türkmenistanda ekilýän ekinleriň ählisi suwarylýanlygy sebäpli, ekerançylyk diňe derýalaryň we kanallaryň ýakasynda amala aşyrylýar. Klimatyň üýtgemegi netijesinde ýurduň derýalaryndan akýan suwuň mukdary azalsa, Türkmenistanyň oba hojalygy ägirt uly zyýana sezewar bolar. Oppozisiýa mediýasy we halkara adam hukuklary guramalarynyň hasabatlaryna görä, Türkmenistanda azyk gytçylygy bar we azyk harytlarynyň bahasy ilata elýetersiz.
Bugdaý önümçiligi
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bugdaý önümçiligi biçak peseldi. Döwlet ýyllyk bugdaý hasylyny bir million tonna diýip aýtsa-da, bu ynanyljak görkeziji däl. Resmi däl maglumatlara görä, 2018-nji ýyldaky bugdaý hasyly 538.000 tonna bolup, hasylyň 30%-iniň hili un üwärlik derejesinden pesdi. Şol ýylda bugdaýyň we bugdaý unuň umumy importy 300.000 tonnadan geçmegi hasylyň az bolandygynyň subutnamasydyr.
Bu görkezijilere salgylansak we ýurduň ilatyny 3.2 million diýip çaklasak, 2018-nji ýylda adam başyna 105 kilogram çörek we çörek önümleri düşüp, günlik 300 gramdan az mukdarda bolýar. Garyp döwletleriň ilatynyň gündelik iýmitiniň esasy çeşmesi bugdaý önümleri bolanlygy üçin ýokarda çaklanylan bugdaý üpjünçiligi ýeterlik däldir.
2019-njy ýylda, Türkmenistanyň umumy azyk önümleriniň importy $833 milliona barabar boldy. Şol ýylyň dowamynda, ýurduň tebigy gazdan we beýleki gazylyp alynýan energiýalardan gazanan eksport girdejisi $11 milliarda deň boldy. Ýagny, Türkmenistanyň azyk importlaryny tölemäge ýeterlik puly bar. Emma, ýurtdaky azyk howpsuzlygy meselesi ýaramaz ykdysady dolandyryşyň netijesdir.
Bugdaý hasyly näme üçin azaldy?
Suw ýetmezçiligi sebäpli ekinleriň ýerlikli suwarylmazlygy hasylyň pes bolmagyna getirdi. Soňky ýyllarda ýagynlaryň mukdary kemeldi, şeýle hem Amyderýanyň akymy azaldy. Häkimiýetiň suwy rejesiz dolandyrmagy netijesinde ýagdaý juda kynlaşdy.
Türkmenistanda ekin meýdanlary bütinleý hökümetiň eýeçiliginde. Daýhanlaryň hususy atyzlary ýok. Daýhanlar hökümetden gelýän buýruklara görä bugdaý ekýärler. Hökümet olara önümçilik üçin wajyp bolan serişdeleri kredite berýär, we Hasyl ýygnalandan soňra, daýhanlar hökümet bilen karzlaryny hasaplaşmaly bolýarlar. Döwlet daýhanlary bol suw bilen üpjün etmänligi zerarly, soňky 5 ýylda olaryň alýan hasyly azaldy. Şeýlelikde, daýhanlar hökümete bergilerini üzüp bilmediler.
Hasylyň peselmeginiň ýene bir faktory bolsa döwlet daýhanlara tölegi gijikdirip berýärdi. Şonuň üçin, bugdaý ekýän daýhanlaryň sany soňky ýyllarda örän kemeldi. Daýhanlar ekarançylygy taşlap, daşary ýurtlara işlemäge gitdiler.
Meseläniň çözgüdi näme?
- Oba hojalygyny tutuşlygyna döwrebaplaşdyrmaly. Sowetleriň merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyndan ýüz öwürip, has oýlanşykly ykdysadyýete geçmeli.
- Türkmenistanda döwletiň buýrugy boýunça her ýyl bir million tonna golaý pagta öndürilýär. Pagta önümçiligine ummasyz mukdarda suw gerek. Şol sebäpli, pagta ekilişini bes edip, onuň ýerine ilaty azyk bilen üpjün etjek ekinleri ösdürmeli. Pagta önümçiligini dowam etdirmek azyk howpsuzlygyna we suw ýetmezçiligine ägirt uly zyýan ýetirýär.
- Suwy tygşytly ulanmaly we zerur bolmadyk halatlarda akdyryp goýmaly däl. Mümkinçilik bolsa, joýalaýyn suwaryşdan damjalaýyn suwaryşa geçmeli.
- Oba hojalygyny döwlet kontrolyndan aýyrmaly we döwlet goldawyna geçmeli. Emma, ýerler hususy telekeçilige berilmeli.
Çeşme: Söhbetdeşligiň doly wideosyna şu ýerden seredip bilersiňiz.