Progres.Online

Türkmenistandaky aýlyklar we inflýasiýa

Türkmenistanda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmezligi üçin 2022-nji ýylda aýlyklar 20-30% artmaly diýip çaklap bolýar. Eýsem, ýurtda aýlyklaryň 10% galdyrylmagy inflýasiýanyň derejesine deň gelýärmikä?

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky kararyna görä, Türkmenistandaky aýlyklar, pensiýalar, talyp haklary we döwlet kömek pullary 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 10% artar.

Ýurtdaky iň az zähmet haky 1050 manat (gara bazardaky nyrha görä 42$), iň az pensiýalar 410 manat (16.4$) we döwlet kömek pullary 390 manat (15.6$). Bu kanuna degişli aýlyk zähmet haklarynyň artyşy diňe býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärlerini öz içine alýar we hususy kärhanalarda işleýänlere degişli däldir. Bu artyşlara sebäp hökmünde edaralaryň netijelilik we önümçilik derejeleriniň artyşy, şeýle hem ýurtdaky ulanylmadyk rezerwleriň hasaby görkezilýär. Ýatlatsak, aýlyklar geçen ýyl hem 10% artdyrylypdy.

Gara bazardaky san manadyň resmi hümmetimi?

Türkmen manadynyň 1 ABŞ dollaryna garşy gara bazardaky hümmeti 10-njy oktýabrdaky maglumatlara görä 25 manat we 2022-nji ýyldan güýje girjek iň az zähmet haky bolan 1050 manadyň dollar hümmeti 42$ deň. Bu ýylky iň az zähmet haky 957 manant we ony geçen ýylyň oktýabr aýynda karar çykan wagty ABŞ dollarynyň gara bazardaky (23.5 manat) hümmetine görä 40.7$ ýetirýär. Şy ýylky iň minimal aýlyk 40.7$ we indiki ýyldan güýje girjek aýlygyň mukdary 42$.

Aýlyklar 10% artdyrylsa hem, Türkmen manadynyň ABŞ dollaryndaky hümmetine görä hasaplanymyzda aýlyklar 40.7$ we 42$ arasynda bary-ýogy 3.19% artdygy bolýar. Iň az zähmet hakynyň dollardaky hümmetinde 10% artan ýagdaýynda 40.7$-dan 44.77$ çenli artmaly we onuň manatdaky mukdary 1050 manat däl-de, 1119 manat bolmaly, ýagny 16.93% artyş bolmaly. Dollaryň manat garşylygyndaky resmi bahasy 2016-njy ýyldan bäri 3.51 manatda saklanyp gelýär, emma onuň gara bazardaky bahasy şu günki günde 25 manat we bu resmi kursdan 712% ýokarydyr.

ABŞ-nyň John Hopkins Uniwersitetiniň ykdysadyýetçi Professory Stiw Hanke Türkmenistandaky walýutanyň gara bazar kursyny “erkin bazar” hümmeti diýip atlandyrýar. Goşa walýuta kursynyň bolmagy, resmi kursdan arzan bahada dollary satyn almaga güýji ýeten şahsyýetlere gaty köp girdeji etmäge mümkinçilik döredýär diýip, Prof. Hanke belleýär.

Inflýasiýanyň derejesi

Ýurtdaky inflýasiýanyň derejesi barada Türkmen hökümeti hiç hili maglumat paýlaşmaýar. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) çaklamasyna görä, Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky inflýasiýa 8% bolar. Aziýanyň Ösüş Bankynyň çaklamalaryna görä bolsa, 2021-nji ýyldaky inflýasiýanyň derejesi Türkmenistanda 10% bolar. Bütindünýä Bankynyň web sahypasynda ýurdaky inflýasiýa degişli hiç zat paýlaşylmandyr.

Professor Stiw Hanke-niň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky inflýasiýa 12.29% artypdyr. Prof. Hanke her hepde Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesine degişli çaklamalaryny we sanlaryny täzeläp durýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda inflýasiýa 50% ýakyn bolan bolsa, şol ýylyň aprel aýynda 90% ýetipdi. Onuň derejesi awgust aýynda 46% boldy we şu günki günde 12.29% çenli azaldy. Ýagny, görşümiz ýaly, inflýasiýanyň derejeleri bütin ýylyň dowamynda stabil şekilde durmady we ýyl boýunça onuň ortaça derejesi 40% töwereklerde saklandy.

Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi, 2017 -2021 ýyllar

Çeşme: Hanke‘s Inflation Satellite maglumat bazasy

Jemläp aýtsak

ABŞ dollarynyň Türkmen manat garşylygyndaky bahasynyň şu günki günde 2021-nji ýyl başlaly bäri iň pes derejesindedir. Bu elbetde Türkmenistanlylar üçin örän gowy habar, ýöne onuň bahasy bütin ýylyň dowamynda uly derejede üýtgap durdy we aprel aýynda hat-da 40 manada çenli hem ýokarlandy. Türkmenistanly maşgalalaryň aýlyk býudjetiniň 52% iýmite sowulýar we ýokary derejedäki inflýasiýa maşgalalaryň saglygyna, satyn alyp biljek harytlarynyň mukdaryna ulydan täsir edýär. Şeýle hem, “World Poverty Clock” guramasynyň hasaplaryna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 31% aşa garyplyk derejede  ýaşaýar.

Ýokarky grafikda görşümiz ýaly, 2021-nji ýylyň dowamynda inflýasiýanyň derejesi hem 40% töwereklerde saklanyp gelip, diňe sentýabr-oktýabr aýlarynda azaldy. Şeýle hem, 2018-nji ýylyň maý aýynda inflýasiýa 300% golaýlan wagtlary hem boldy we soňky 4 ýylda Türkmenistandaky aýlyklar bilen satyn alyp boljak, ýaşaýyş üçin zerur harytlaryň mukdary uly derejede peseldi.

Aýdylanlary, ilatyň zerurlyklaryny göz öňüne tutsak, biz Türkmenistanda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmezligi, durmuş şertleriniň öňküden hem ýaramazlaşmagy üçin 2022-nji ýylda aýlyklar iň bolmanda 20-30% artmaly diýip çaklaýarys.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: