Progres.Online

Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň “çölleşmegi”

The Economist žurnalynyň makalasyna görä, ykdysadyýeti ösen ýurtlar hakynda has köp ylmy-gözlegler gecirilýär we çap edilýär, emma tebigy baýlyklara baý bolan ýurtlarda ylmy-gözleg işlerine az üns berilýär. Muny öwrenmek üçin žurnalyň awtorlary EconLit atly anglofon maglumatlar bazasyna göz aýlapdyrlar. Dürli ýurtlardaky alymlaryň we akademikleriň 1990-2019-njy ýyllar arasynda ykdysadyýete degişli ýazan ylmy-gözlegleriniň we makalalarynyň 910,000 sanysynyň başlangyç abzasy iňlis dilinde çap edilipdir.

Çeşme: The Economist

Grafikde görşümiz ýaly haýsy ýurt hakynda köp ylmy makala ýazyljagynyň iň uly faktory – şol ýurduň Jemi Içerki Önüminiň (JIÖ) ýokary bolmagydyr. Ýurtlar ylmy makalalaryň kän ýazylýan “oazisine” ýa-da ünsden düşen “çölüne” öwrülýär.

Türkmenistan – ylmy barlaglaryň “çölleşen” ýurdy

Türkmenistanyň JIÖ 40 mlrd dollara barabar (2018-nji ýyl) we 1990-2019-njy ýyllar arasynda ykdysadyýet barada ýazylan ylmy makalalaryň içinde ýurduň ady bary-ýogy 0,01% gezek agzalyp geçipdir (91 makala). Grafikda Türkmenistan goýy gök reňk bilen sag tarapda ýerleşdirilen. Ýagny ýurdyň ykdysadyýetine degişli, onuň JIÖ-ne görä bolmalysyndan birnäçe esse az barlag işi ýazylypdyr. Bu ýagdaýyň sebäbi nämekä?

The Economist žurnalyna görä, ýurtlara diňe JIÖ derejesine görä üns berilmän olar goşmaça faktorlara görä saýlanýar:

  • Ýurt hakynda ylmy-gözleg etmek üçin ygtybarly statistiki maglumatlaryň köp bolmagy;
  • Ýurduň resmi diliniň iňlisçe bolmagy;
  • Şol ýurtdaky studentleriň ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna bilim almaga gitmegi;
  • Ýurtda biznes etmegiň we açmagyň aňsat bolmagy;
  • Ýurduň JIÖ-däki nebit-gaz pudagynyň ornunyň az bolmagy;

Makalanyň awtorlarynyň berýän maslahatyna görä, akademikler ýurduň JIÖ-ni ösdürmek üçin kän edip biljek zatlary bolanok, emma ýurtdaky maglumatlar barada açyk bolup, Günbatar alymlary bilen aragatnaşygy sazlap ylmy makalalaryň köpelmegine kömek edip biler.

Siziň pikiriňizçe näme üçin daşary ýurtlarda bilim alan türkmensitanlylar öz jemgyýeti barada ylmy iş ýazmakdan gaça durýar?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: