Progres.Online

Türkmenistanda ýaş adam jaý satyn almak üçin näçe ýyl işlemeli?

Türkmenistanyň ýaşaýjysy bir otagly kwartirany arenda almak üçin ortaça aýda 1020 TMT tölemeli (iň az aýlyk 957 TMT). Şeýle hem, bir otagly kwartiranyň satuw bahasy 24,653 USD. Bu bolsa iň az aýlyk bilen 708 sany aýlyga (59 ýylda gazanyljak pul) deň bolýar. Ortaça 2000 manat aýlyk bilen 339 sany aýlyga (28 ýylda gazanyljak pul)) deň bolýar.

Jemgyýetde ýaş adamlaryň jaýa eýe bolmak mümkinçilikleri olaryň statusy we geljegi barada kän zat aýdyp bilýär. Stabil şekilde öýüň bolmagy ynsan mertebe gymmatynyň wajyp bir görkezijisidir. Jaýlary arenda ýa-da satyn almagyň bahasy, elýeterliligi dünýäniň her künjeginde dürli düzgünler we mümkinçilikler bilen kesgitlenilýär. Geliň Türkmenistandaky bahalary synlalyň. Bahalaryň çeşmesi Tmcars web sahypasy.

Bir otagly arendalar

Aşgabat şäherindäki kireýine berilýän öýleriň bahalaryna seredip biz jemi 21 sany bir otagly öýleriň arenda bahalarynyň ortaça bahalaryny çykardyk. Bulary arzan ýa-da gymmat bahalara görä biz filtrlemezden arenda reklamalaryna seretdik. Bir otag diýip reklama edilýän öýler bir adam üçin niýetlenen, käwagt bolsa iki adamyň ýaşamagyna hem rugsat berýärler. Şeýle hem, olar köplenç bütin öýi däl-de, köp otagly öýüň bir otagyny kireýine berýärler. Biziň hasaplarymyza görä, bahalaryň iň arzany 300 TMT, iň gymmady 2400 TMT. Bu öýleriň ortaça aýlyk arenda berilýän bahasy 1020 TMT.

Türkmenistanda iň az aýlyk 957 TMT we ortaça aýlyklar 2000 TMT.

Iki otagly arendalar

Biz Aşgabatdaky iki otagly kwartiralaryň bahalaryna hem seretdik we gözlegleriň netijesinde filterlemezden 23 sany öýleriň ortaça bahasyny çykardyk. Aşgabatda 2 görnüş etaž jaýlar bolýar: mikroraýonlardaky jaýlary we elitka jaýlary. Elitka jaýlardaky arenda üçin bahalar ýönekeý öýlerden has gymmat. Öýleriň arenda bahalary 2000 TMT – 8000 TMT arasynda we ortaça aýlyk bahalary 4608 TMT.

Bir otagly jaýy satyn almak

Gatly öýlerdäki bir otagly öýleriň bahalaryna seretdik. Web sahypada umuman 16 sany öýüň bahasyna filtr goýman seretdik we olaryň bahalary 18,700 USD – 30,000 USD arasynda durýar. Bu öýleriň ortaça bahasy 24,653 USD. Bu bolsa ABŞ dollaryň gara bazarynda (19-njy Sentýabrdaky kursa görä) 677,957 TMT. Bu bolsa iň az aýlyk bilen 708 sany aýlyga (59 ýylda gazanyljak pul) deň bolýar we ortaça 2000 manat aýlyk bilen 339 sany aýlyga (28 ýyl) deň bolýar.

Iki otagly jaýy satyn almak

Aşgabatdaky etaž jaýlardaky 2 otagly öýleriň filtrsiz bahalaryna hem seredenimizde, bahalar 22,000 USD – 50,000 USD aralygynda durýar. Ortaça bahalary bolsa 31,458 USD we gymmadyrak bolan öýler ýewro remontly, merkezde ýerleşýär we içi mebelli. Ortaça öýleriň bahasy dollaryň gara bazaryndaky 19-njy sentýabrdaky nyrhyna  görä 865,095 TMT bolýar. 957 TMT iň az zähmet haky bilen 903 sany aýlyga (75 ýyl) we 2000 TMT ortaça aýlyk bilen 432 sany aýlyga (36 ýyl) deň bolýar.

Goňşy ýurtlardaky ýagdaýlar nähili?

Numbeo platformasyndaky sanlara görä, Gazagystanda bir maşgala 90 metr kwadrat göwrümde bolan kwartirany satyn almak üçin 9.49 ýyl işlemli bolýar. Bu hasaplamadaky aýlyklar iki adamyň aýlygynyň jemine (erkegiň doly aýlygy we aýalyň ýarty aýlygy) görä hasaplanylan we gündelik iýmit we beýleki çykdaýjylaryň mukdary hem onuň ujundan aýrylan.

Özbegistanda jaý satyn almak üçin bir maşgala 17.42 ýyl we Russiýada 15.31 ýyl işlemeli. Türkmenistan, Gyrgyzstan we Täjigistan hakynda bolsa maglumat berilmeýär. Şeýle hem, maşgalalar Gruziýada jaý edinmek üçin 14.35 ýyl, Azerbeýjanda 17.57 ýyl işlemeli bolýarlar.

Banklar jaý satyn almak üçin kredit berýärmi?

Türkmenistanda Halkbank öý satyn almak üçin 30 ýyla çenli ipoteka karzlaryny berýär we onuň göterimi 1%. Şeýle hem, ipotekany almak üçin jaýyň umumy bahasynyň 10% öňünden tölenilmegi talap edilýär. Ýöne käbir habarlara görä, şeýle ipotekany alyp bilmek üçin hem para bermek, tanyşlyk üsti bilen karz almak ýaly tejribeleriň barlygy aýdylýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: