Progres.Online

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy

Ýakynda, Bütindünýä banky global azyk howpsuzlygy barada täzelenen synyny çap etdi. Bütindünýä bankynyň azyk inflýasiýasy boýunça gyzgyn kartasyna görä, azyk önümleriniň bahalarynyň inflýasiýasy 2% we ondan pes bolsa – “has gowy”, 2-5% – “gowy”, 5-30% – “erbet” we 30% -den ýokary inflýasiýa – “has erbet”.

  • Karta görä, inflýasiýanyň derejesi Gazagystanda 21%, Gyrgyzystanda 17.9% we Täjigistanda 8.9%. Türkmenistan we Özbegistan boýunça maglumatlar elýeterli däl.
  • Häzirki wagtda, ýeterlik derejede ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli Bütindünýä banky Türkmenistanyň ykdysady önümçiligi, girdejisi we ösüşi barada maglumatlary çap etmeýär.
  • Bar bolan maglumatlara görä, Merkezi Aziýanyň azyk önümleriniň inflýasiýa derejesi “erbet” kategoriýa degişli. Bu Merkezi Aziýada nyrhlaryň gymmatlamagy zerarly azyk önümlerine elýeterliligiň kynlaşýandygyny görkezýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: