Progres.Online

Türkmenistanda aýlyklar ýene 10% artýar: Bu inflýasiýanyň hötdesinden gelermikä?

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kararyna görä Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyklar 10% ýokarlanar. Her ýyl yzygiderli meýilnamalaşdyrylýan bu artma býujet edaralarynyň, kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärlerine, şeýle hem pensioner, döwletden kömek pul we talyp hakyny alýanlara degişildir.

Ondan hem başga hökümet 2008-nji ýyldan bäri aýlyklary her ýyl yzygiderli 10% ýokarlandyrýar we bu artyş iň pes (minimal) zähmet hakynyň 10% artmagyny hem öz içine alýar. 2008-nji ýyldan öňünçä aýlyklar has seýrek artdyrylypdyr, emma 2005-nji ýylda 50% we hatda 2003-nji ýylda 100% ýaly düýpli ýokarlanmalar bolupdyr. Bu ýyllar Saparmyrat Niýazowyň prezidentlik eden döwridi. Şunuň bilen birlikde 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistan 1000% aşan inflýasiýany başdan geçirendigini nygtamak wajypdyr. Zähmet haklarynyň 100% artdyrylmagy umumy ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin örän zerurdy.

Aýlyklaryň 2008-nji ýyldan bäri her ýyl 10% artdyrylýandygyny nazara alynanda, şol döwürdäki ýyllyk inflýasiýanyň derejesine ýetişýärmikä diýen sorag ýüze çykýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti inflýasiýa derejesini çap etmeýär, şol sebäpli HPG (Halkara Pul Gaznasy), Professor Stiw Hanke we Palaw indeksi ýaly daşarky çeşmelereden alynan çaklamalara we maglumatlara bil baglamaly bolýar. Türkmenistanyň şu güne çenli ýüzleşýän ykdysady kynçylyklarynyň başlangyjy bolany üçin deňeşdirmäniň esasy 2017-nji ýyl bellendi (the Economist, Eurasianet, Human Rights Watch).

Çeşme: HPG; Steve Hanke; Palaw Indeksi;
*Palaw indeksi 2021-nji ýyldan başlap maglumat toplaýar.

HPG-yň inflýasiýa çaklamalaryna görä 2017-2023-nji ýyllarda aýlyklaryň artmagy umumy inflýasiýa derejesine laýyk görünýär. Emma beýleki çeşmeleriň Türkmenistanda inflýasiýanyň has ýokary görkezijileri barada habar berýändigini belläp geçmelidir. John Hopkins Uniwersitetinden Professor Stiw Hanke 2017-2021-nji ýyllar üçin Türkmenistandaky inflýasiýany kesgitlemek üçin özbaşdak ölçegleri geçiripdir. Onuň görkezjileri HPG-yň çaklamalary bilen deňeşdirende has ýokary inflýasiýa derejesini görkezýär.

Hankeniň maglumatlary 2018-nji ýylyň iýunynda bir pursat Türkmenistandaky inflýasiýa derejesiniň 294% ýetendigini hem görkezýär. Inflýasiýa maglumatlaryndaky bu uly tapawudyň sebäbi professor Hankeniň usulyýetidir. Hanke inflýasiýany gara bazardaky walýuta kursundaky üýtgeşmeleri yzarlap hasaplaýar we HPG tarapyndan berilen çaklamalar bilen deňeşdirende has ýokary inflýasiýa görkezijileri berýän satyn alyjylyk ukyby paritet ýörelgesini (walýutalarynyň altyn bilen ölçelýän gatnaşygy) ulanýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti 2015-nji ýyldan bäri 3.5 manat/ABŞ$ bellenen resmi kurs we gara bazardaky kursy bolsa 19.5 manat/ABŞ$ bolan goşa alyş-çalyş kurs gurluşy bilen işleýär. Hökümetiň 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň alyş-çalyşyna berk gözegçiligi gara bazaryň döremegine sebäp boldy. Gara bazar kursunyň resmi bahadan 450% has ýokarydygyny nazara alynanda, 2017-2023-nji ýyllardaky hakyky inflýasiýa derejesiniň HPG-yň görkezişi ýaly 20% pes bolmagy gümanly görünýär.

Progres.online tarapyndan amala aşyrylýan azyk harytlarynyň inflýasiýasyny yzarlaýan Palaw indeksi esasy türkmen nahary bolan palawyň düzümindäki önümleri hasaplap iýmit inflýasiýasyny ölçeýär. 2021-nji ýylda Palaw indeksi azyk harytlarynyň inflýasiýasynda 55.6%-lik uly ösüşi bellige aldy. Ýöne 2022-2023-nji ýyllarda otrisatel baha görkezdi. Bu ýyllarda nyrhlaryň peselmegini 2021-nji ýylda iň ýokary derejesi 40 manada ýeten, 2022-2023-nji ýyllarda 19.5 manada düşen gara bazar alyş-çalyş kursundaky aşaklama baglap bolar. Muňa garamazdan professor Hankeniň hasaplamalarynda görkezişi ýaly, 2017-2021-nji ýyllardaky iki we üç belgili inflýasiýa derejesinden galan täsirler netijesinde bahalar ep-esli ýokarydyr.

Türkmenistanda alyjy sebedi barmy?

Alyjy sebedi-bu adam saglygyny we gündelik durmuşyny dowam etmek üçin gerekli bolan iň az azyk harytlar, azyk önümlerinden gaýry harytlar we hyzamtlaryň toplumydyr. Türkmenistanyň Statistiki ýyllyk neşiri (2017) bu alyjy sebetine beýlekiler bilen birlikde kartoşka, gök önüm, miwe, et we un-çörek önümleri ýaly harytlary goşup, sanaw düzdi. Şeýle hem adam başyna ortaça sarp edilme (2010) baradaky maglumatlary berýär we bir kişiniň bu esasy zerur harytlary satyn almak üçin aýlyk çykdaýjysyny hasaplaýar. Şeýle hem Statistiki ýyllyk neşir internetde elýeterli däldir we gyzyklanýan adamlar maglumata ygtyýar almak üçin dahylly ýolbaşçylara resmi arza bilen ýüz tutmalydygyny hem belläp geçmelidir.

Türkmenistanda ýaşaýyş minimumynyň hasaplamasy barmy?

Türkmanistnada ýaşaýyş minimumynyň hasaby düşünjesi barada ýörüte kanun ýokdur. Muňa derek hökümet 2008-nji ýyldan bäri her ýyl 10% ýokarlanýan iň pes zähmet hakyny belledi. Türkmenistanda 2023-nji ýylda iň pes aýlyk 1160 manat (bazar alyş-çalyş kursyna görä 60$ golaýdyr) hökmünde bellenip, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan 1280 manada (66$) galdyrlar. Garaşylýan bahalar Türkmenistandaky ortaça aýlyklaryň 2023-nji ýylda 2500 manada göteriljegini görkezýär, bu hem bazar alyş-çalyş kursuna görä 128$ golaýdyr.

Ahyrynda, Türkmenistanyň her ýyl 10% zähmet hakynyň ýokarlanmagy, inflýasiýa maglumatlarynyň çeşmelerine görä gapma-garşylykly netijeleri berýändigini belläp geçmeli. HPG-yň statistikasy ýyllyk 10% aýlyklaryň ýokarlanmagyny laýyk görkezýänem bolsa, Stiw Hankeniň hasabaty aýrybaşga ýagdaýy görkeziýär. Bu ýagdaý hökümetiň has aýdyň bolmalydygynyň we ykdysady maglumatlary görkezmelidiginiň aşagyny çyzýar. Ykdysady statistikanyň has aýdyň görkezilmegi, bu deňsizlikleri aradan aýyrmakda uly derejede ýardam edip biler we bu artyşlaryň inflýasiýa garşy we ilatyň maddy hal-ýagdaýyna täsirini has gowy kesgitläp biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: