2014-nji ýylda Bütindünýä Banky “Türkmenistan – türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak” atly 66 sahypalyk giňişleýin hasabaty çap etdi. Türkmen ykdysadyýeti tebigy gaz eksportyna garaşly we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ençeme synanyşyklar edildi. Bütindünýä Bankynyň hasabaty türkmen hökümeti 3 milli serişdäni – tebigy baýlyklary dolandyrmagy, adam we fiziki kapitaly, milli institutlary deňagramly ösdürmek üçin şertleri döreden halatynda ykdysadyýeti üstünlikli diwersifikasiýalaşdyryp biljekdigini öňe sürýär.
Tebigy baýlyklar
Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýurduň bol tebigy baýlyklaryna, esasanam tebigy gaza aşa garaşlydyr:
- Gazyp alýan senagat: Gazyp alýan senagat ýurduň Jemi Içerki Önümine (JIÖ) ~35% goşant goşdy, eksportyň 90%-den gowragyny we 2013-nji ýylda býujet girdejileriniň 85%-ini emele getirdi.
- Eksport we Iş üpjünçilik dinamikasy: Gazyp alýan senagat JIÖ we eksporta saldamly goşant goşýandygyna garamazdan, bu senagat işçi güýjüniň bary-ýogy 2%-ini işe alýar. Bu düýpli tapawudy ýüze çykaryp, pudagyň gönümel iş mümkinçilikleriniň çäklidigini görkezýär. Deňeşdirsek, oba-hojalygynda işçi güýjüniň 50%-e golaýy işleýär.
- Durnuksyzlyk töwekgelçilikleri: Ykdysadyýetiň uglewodorodlara garaşlylygy ýurdy dünýä bazaryndaky üýtgeşmelere sezewar edýär. Meselem: ýokary uglewodorod bahalary ýaly amatly daşarky şertler ozal ösüşe itergi berdi. Emma, bu garaşlylyk ykdysadyýeti tygşytlamaga, maýa goýumlaryna we hökümet girdejileriniň durnuklylygyna täsir edýän global çig mal bahalarynyň peselmegine garşy ejizleşdirýär.
- Baýlyklary dolandyrmak: 2008-nji ýylda döredilen Durnuklylaşdyryş Gaznasy baýlyklardan alynýan girdejileri dolandyrmak üçin esasy guraldyr. Şeýle-de bolsa, gaznanyň serişdelerini ulanmak üçin has aç-açan we obýektiw (subutnama/fakta esaslanýan) kriteriýalar zerur.
Adam we Fiziki kapital
Durnukly ykdysady ösüş üçin fiziki infrastruktura we adam kapitaly möhümdir.
Fiziki kapital
- Infrastruktura maýa goýmak: 2009-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň maýa goýum derejesi dünýäde iň ýokary bolup, JIÖ-niň ortaça 47-48 göterimine deň boldy. Uglewodorod eksportyndan alnan girdejiler esasan jemgyýetçilik infrastruktura taslamalaryna ep-esli maýa goýumlary goýmaga mümkinçilik berdi. Diňe 2012-nji ýylyň özünde umumy maýa goýum 48.4 milliard Manada (~$17 milliard) ýetdi. Olaryň 77.6%-i döwlet çeşmelerinden, 15.6%-i daşary ýurt maýa goýumlaryndan we diňe 6.8%-i hususy maýadarlardan geldi.
- Pudaklaýyn bölünişik: Bu maýa goýumlaryň agramly bölegi uglewodorod pudagynda goýulyp, döwlet serişdeleriniň 46.1%-i we daşary ýurt maýa goýumlarynyň 85.2%-i bu pudaga çekildi. Munuň tersine, saglyk we bilim ýaly wajyp ugurlara goýulan maýalar pes bolmagynda galyp, umumy maýa goýumlaryň degişlilikde 2.9% we 3.1%-ine deň boldy.
- Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýasy (MAT) we Birikme: Ýurduň MAT infrastrukturasy ösmedik. 2012-nji ýyla çenli her 100 adamdan bary-ýogy 7 adamda internet birikmesi we 10000 adamdan diňe üçüsinde giň zolakly internet abonentligi bardy. Internete şeýle pes aralaşma derejesi biznes ösüşini we global gymmatlyklar zynjyryna integrasiýa mümkinçiligini çäklendirýär.
Adam kapitaly
- Döwletiň sosial pudaklara sarp edýän çykdajylary: Türkmenistan JIÖ-niň 5-6%-ini bilim (3-4%) we saglyk (1%) ýaly sosial pudaklara bölüp berýär. Bu halkara standartlary bilen deňeşdirilende juda az bolup, adatça hökümetler JIÖ-niň 5-10%-ini bu pudaklara sarp edýärler.
- Bilim we Işçi Güýjüniň Ösüşi: Ýurt ykdysady talaplary kanagatlandyrmak üçin bilimiň hilini we mukdaryny gowylandyrmak zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 15-64 ýaş aralygyndaky adamlaryň işçi güýjüne gatnaşygy 61% we işleýänleriň derejesi 55% töweregi bolmak bilen, işçi güýjüniň hünärini we öndürijiligini ýokarlandyrmaga uly zerurlyk bar.
- Saglyk görkezijileri: Adam başyna düşýän girdejiniň artandygyna garamazdan, ömür dowamlylygy ýaly saglyk ýagdaýy boýunça görkezijiler sebitleýin we global görkezijilerden yza galýar. Saglyk hyzmatlaryny gowulandyrmak öndürijilikli we innowasion işçi güýjüni goldamak üçin zerurdyr.
Institutlar
Güýçli milli institutlar (edaralar) ykdysady dolandyryşy, aç-açanlygy we bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek üçin möhümdir:
- Dolandyryş gurluşy: Türkmenistan prezidentiň berk gözegçiligi we kararlaryň ýokardan berilmegi bilen häsiýetlendirilýän ýokary derejede merkezleşdirilen dolandyryş modelinde hereket edýär. Bu dolandyryş köplenç jemgyýetiň çäkli gatnaşygyna we syýasaty durmuşa geçirmekde kynçylyklara sebäp bolýar.
- Düzgünleşdiriji çarçuwalar: Ýurtda giň gerimli bäsleşige (monopoliýa garşy) gözegçilik edýän ygytýarly edaranyň ýoklugy we kadalaşdyryş hili uly alada döredýär. Bütindünýä Bankynyň Bütindünýä dolandyryş indeksine görä, ýurduň kanunlary we düzgünleri berjaý etme reýtingi pes. Kanunlara we düzgünlere durnuksyz eýerilmegi biznes işleriniň we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň öňüni alýar.
- Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň berilişi we utgaşdyrylyşy: Jemgyýetçilik dolandyryşy bölekleýin düzgünleşdirmä we hyzmatlaryň ýetersiz berilmegine sebäp bolýan öndürijilik kuwwatynyň çäklendirmeleri we utgaşdyrma meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ulgamlary kämilleşdirmek netijeli hökümet dolandyryşy we ykdysady dolandyryş üçin wajyp.
- Ykdysady syýasat: 2009-njy ýylda kesgitlenen kesgitli walýuta alyş-çalyş hümmeti walýutanyň hümmetiniň ýokarlanmagyna we bäsleşige ukyplylygyna täsir edip biljek pul syýasatynyň çeýeligini çäklendirýär.
- Hususy pudagy ösdürmek: Häkimiýetler hususy pudagyň ösüş modelini kabul etmegi, aýratynam hususy telekeçilere önümçilik we ýerleşiş ýerini saýlamak boýunça karar berme özbaşdaklygyny üpjün etmegi göz öňünde tutmaly. Bu çemeleşme täze döredilen firmalar we hususylaşdyrylan kärhanalar babatda ýola goýulmaly.
Netije we Maslahatlar
Üstünlikli diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistanyň hökümeti şulary ýerine ýetirmeli:
- Tebigy baýlyklary dolandyrmagy gowulandyryň: Durnukly salgyt-býujet syýasatyny alyp barmak üçin tebigy baýlyklardan alynýan girdejileri dolandyrmak, şol sanda Durnuklylaşdyryş Gaznasynyň ulanylyşy boýunça aç-açan takyk düzgünleri durmuşa geçiriň.
- Adam kapitalyna we Infrastruktura maýa goýuň: Ukyply işçi güýjüni döretmek üçin saglyga we bilime maýa goýumlary köpeldiň. Bu häzirki zaman ykdysadyýetiniň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin bilimiň hilini ýokarlandyrmagy we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmagy öz içine alýar.
- Institutlary güýçlendiriň: Bäsleşigi we hususy pudagyň ösüşini goldaýan köptaraplaýyn kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp düzüň. Ähli bizneslere adalatly bäsleşik gurşawyny üpjün etmek üçin bäsleşige gözegçilik ediji edaranyň döredilmegi möhümdir.
Türkmenistan bu ugurlara ünsi jemlemek bilen uglewodorodlara garaşlylygyny azaldyp, ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyryp we durnukly ösüşi gazanyp biler. Tebigy baýlyklary, adam kapitalyny we milli institutlary deňagramly ösdürmek ýurda daşarky üýtgeşmelere garşy durup biljek we durnukly iş mümkinçiligini üpjün edip biljek güýçli we köp ugurly ykdysadyýeti döretmäge kömek eder.