Merkezi Aziýa Barometriniň “Ýüpek ýolunyň çäginden daşary: Merkezi Aziýanyň Hytaý baradaky jemgyýetçilik pikirleriniň çylşyrymlylyklaryna göz aýlamak” atly hasabaty ýer, zähmet we ykdysady garaşlylyk aladalary sebäpli Merkezi Aziýada Hytaýa bolan jemgyýetçilik garaýyşynyň üýtgemegini nygtaýar. Bu garaýyşa demografiýa, media täsiri, “ýeri elinden almak” we karza garaşlylyk ýaly belli bir aladalar täsir edýär. Bu bolsa Hytaý barada gowy pikirleri gowşadýar.
Hytaýyň sebitdäki uly maýa goýumlary zerarly ýurt Merkezi Aziýada esasy oýunçy boldy. 2024-nji ýylda Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aglabasynyň esasy söwda hyzmatdaşy hökmünde Russiýadan öňe geçip, 2023-nji ýylda diňe Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda 10 milliard dollardan geçdi.
Grafika 1. Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanşygy Milliard ABŞ dollarynda görkezilen.
Garyşyk garaýyşly goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistanda Hytaý barada jemgyýetiň oňyn garaýyşy 2021-nji ýylda 80.5%-den 2023-nji ýylda 71.6%-e çenli peselendigine garamazdan, Hytaý babatda jemgyýetçilik pikiri ýokary derejede oňynlygyna galýar. Jogap beren türkmenistanlylaryň 75%-e golaýy hytaý maýa goýumlarynyň iş mümkinçiliklerini artdyrjakdygyna we 80%-den gowragy Hytaýyň infrastruktura gatnaşmagynyň ýurda peýdaly boljakdygyna ynanýarlar. Hytaý tehnologiýasyny goldaýanlar ýokary derejede, ýagny 75%-den gowrak bolmagynda galýar. 2019-njy ýylda Türkmenistandan sowalnama gatnaşanlaryň tas 70%-i hytaýly işçilere garşydyklaryny aýdan bolsa, 2023-nji ýyla çenli bu görkeziji 12%-e çenli azaldy.
Demografiýa hem möhüm rol oýnaýar: Uly ýaşly türkmenistanlylar hytaýly işçileri we ösüş taslamalaryny has goldaýarlar, şäherli we habarlardan habardar gatnaşyjylar bolsa Hytaý barada oňyn garaşydadyr. Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi ýaly Hytaýyň infrastruktura taslamalaryndan peýdalanýan Lebap welaýaty güýçli goldaw görkezdi. Mysal üçin, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň gaz eksportynyň 95.9%-i Hytaýa eksport edilip, bu Türkmenistanyň umumy eksportynyň 72.3%-ini emele getirýär.
Hytaýa garşy protestler Gazagystanda we Gyrgyzystanda bolup geçse-de, Türkmenistanda köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň çäklendirilmegi we Hytaý bilen etnik ýa-da serhet dartgynlylygynyň ýoklugy sebäpli ýurt beýle tolgunyşyklardan gaça durmagy başardy.
Türkmenistanda Hytaý, Russiýa we ABŞ barada jemgyýetçilik pikiri wagtyň geçmegi bilen ýaramazlaşdy. Oňyn pikirler iň köp ABŞ garşy pese gaçyp, Hytaýdan we Russiýadan dowamly yza galýar.
Grafika 2. Türkmenistanda Hytaý, Russiýa we ABŞ barada jemgyýetiň oňyn garaýyşlary
Umuman, Türkmenistanda Hytaý babatda jemgyýetçilik pikiri yzygiderli oňyndyr. Hytaýyň Türkmenistandaky roly barada optimizmi esasanam “Guşak we Ýol Başlangyjy” ýaly dowam edýän ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygy güýçlendirýäne meňzeýär.